Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze prezident – köne syýasat: ýurtda geçirilen köpçülik çäreleri 'öňki-öňkülige' baý boldy


Aşgabadyň döwlet tribunasy. Illýustrasiýa suraty.
Aşgabadyň döwlet tribunasy. Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedow 19-njy martda Aşgabadyň Ruhyýet köşgünde geçirilen inaugurasiýa dabarasy bilen prezident wezipesindäki borçlaryny ýerine ýetirmäge girişdi. Türkmenistanda häkimiýeti atadan ogla geçirmek dabarasy we munuň yz ýany ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda geçirilen köpçülik çäreleriniň mazmuny, synçylara görä, Türkmenistanyň syýasy durmuşynda özgerişe garaşmagyň puçdugyny ýene bir gezek subut etdi.

Köplere görä “döwlet syýasatynyň wagyzçylary” atlandyrylýan medeniýet we sungat işgärleri köpçülik çärelerinde täze prezidentiň şanyna eýýäm goşgudyr aýdym aýdyp, Türkmenistanda 30 ýyl bäri dowam edýän döwlet syýasatynyň gyşarnyksyz dowam etdiriljekdigi barada pikir döretdiler.

Ýurduň otuz ýyllyk Garaşsyzlyk taryhynda döwlet syýasatyny üznüksiz wasp edip, öz döredijiligini ýurt ýolbaşçylaryna bagş etmekde tanalýan şahyr Şagulyýewa inaugurasiýa dabarasyndan soň, Aşgabadyň “Oguz han” köşkler toplumynda geçirilen kabul edişlikde täze prezidenti “Arkadagly Serdar” atlandyrdy. Gözel Şagulyýewa dabarada täze goşgusy bilen çykyş etdi. Ýygnananlar şahyr Şagulyýewanyň goşgusyny dik durup diňlediler.

Öz aýdymlarynda döwlet syýasatyny wagyz etmekde tanalýan aýdymçylar şahyr Şagulyeýwanyň yz ýany dabarada çykyş edip, täze prezidentiň şanyna aýdym ýerine ýetirdiler. Olar öz aýdymlarynda “täze döwür eýýam geldi” diýdiler, ýöne olaryň aýdym-sazlary welin, köplere görä, köne döwrüň, otuz ýyl bäri üýtgewsiz galýan döwlet syýasatynyň heňini ýaňlandyrdy. Olar hem şahyr Şagulyýewa eýerip, öz aýdymlarynda täze prezidenti “Arkadagly Serdar” atlandyrdylar.

Ýogsa, eks-prezident Gurbanguly Beridmuhamedow fewral aýynda özüniň işden çekilmek niýetini mälim edeninde “ýurdy dolandyrmakda ýaş ýolbaşçylara ýol bermek bilen” “täze döwrüň ruhuna mynasyp” geljegi nazarlaýan ýaly eşidildi. Ýöne, muňa garamazdan, dünýäniň iň ýaş prezidentleriniň biri bolan täze türkmen ýolbaşçysynyň entek iş ýüzünde doly aýdyňlaşmadyk prezidentlik sudury, synçylara görä, köne syýasatyň köne endikleri bilen garşy alyndy.

Serdar Berdimuhamedow 19 minutlyk inaugurasiýa çykyşynda sekiz gezek "dowam etmek" işligini agzady.

Ol “kanunçylygy kämilleşdirmek işini dowam etdireris”, “gurluşyk işlerini dowam etdireris”, “atşynaslygy we itşynaslygy ösdürmegi dowam etdireris”, “halyçylygy ösdürmegi dowam etdireris”, “saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegi dowam etdireris”, “sagdyn durmuşy wagyz etmegi dowam etdireris”, “milli mirasy goramak işlerini dowam etdireris”, “bitaraplyk syýasatyny dowam etdireris” diýdi. Täze prezident özüniň inaugurasiýa çykyşynda hiç hili täze başlangyçlary teklip etmedi, hiç zada “başlarys” diýmedi.

Onsuz hem, gyssagly yglan edilen saýlawlaryň öň ýany hem, synçylar Türkmenistanyň ýapyklyk syýasatynda hiç hili özgeriş alamatyna garaşmaýardy. Ýöne şonda-da, şenbe we ýekşenbe günleri Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçen wakalar özgerişiň puçdugyny ýene bir gezek açyp görkezdi.

Prezident wezipesine kasam kabul edilmeginiň ertesi güni, 20-nji martda Türkmenistanyň ähli künjeklerinde köpçülikleýin bag ekmek çäresi geçirildi. Aşgabadyň eteginde geçirilen bag ekmek çäresine täze prezident Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Köpçülik çäresine baran täze prezidenti aýdymçylar we tansçylar aýdym-saz bilen garşy aldy. Olar ýene üýtgewsiz däbi dowam etdirip “Arkadagly Serdar geldi”, “Rowaçlygyň dowamy” ýaly öwgüli sözler bilen aýdym aýdyp, tans etdiler. Bir çagajyk täze prezidentiň öňünde goşgy okamaly edilipdir.

Türkmenistanda geçirilýän köpçülik çärelerinde prezidentleriň öňünde çagalara goşgy okatmak däbi Saparmyrat Nyýazowdan bäri saklanyp galýar.

Döwlet metbugaty täze döwri “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” atlandyrýar. Medeniýet we sungat işgärleri ýurtda rowaçlygyň dowam edýändigini gaýtalaýarlar.

Aşgabatda aýdymçy-sazandalar tans edip, täze prezidentiň şanyna aýdyma gygyrýan mahaly, ýurduň ýüzlerçe müň ilaty daşary ýurtlarda eklenç aladasy bilen ýaşaýar, erkin ýurtlara çykan köp sanly türkmen raýatlary hatda sosial ulgamlar arkaly hem öz pikirlerini aýtmakda häkimiýetlerden çekinmeli bolýar, ýurtda esasy azatlyklaryň, şol sanda söz we metbugat azatlygynyň berk çäklendirilmeginiň dowam etmejekdigi barada hiç hili maglumat, ýa-da hiç hili alamat ýok.

Aşgabatda geçirilen inaugurasiýa dabarasyna daşary ýurt döwlet baştutanlary gatnaşmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG