Russiýanyň “Rossia-24” döwlet teleýaýlymy Russiýanyň paýtagtyndaky “Lužniki” sport stadionynda köp sanly moskwalynyň öňünde çykyş eden prezident Wladimir Putiniň sözüni gutarmanka kesdi.
Putin 18-nji martda Russiýanyň milli baýdaklaryny we watançylyk plakatlaryny göterýän märekä ýüzlenip, 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krymy anneksiýa etmeginiň sekiz ýyllygyny belledi. Käbir habar beriş serişdelerinde stadionyň döwlet edaralaryň işgärleri bilen doldurylandygy aýdylýar.
Çäräniň göni teleýaýlymynda kesilmezden ozal Putin: "Şeýle boldy, operasiýanyň başlangyjy görnükli bir esgerimiziň biriniň doglan gününe gabat geldi ...." diýip ýetişdi.
Soňra döwlet telewideniýesinde düşürilen surat birden Putiniň gürleýän sahnasy diýilýän ýere bökdi, ýöne indi sahnada aýdymçylar topary we aýdymçy Oleg Gazmanow görkezildi.
Prezidentiň geňläp duran wagtynda sözüniň kesilmegi, berk gözegçilikdäki döwlet telewideniýesinde prezidentiň gatnaşmagyndaky gepleşiklerde örän seýrek duş gelýär.
Döwlet telewideniýesi 20 minutdan soň Putiniň çykyşyny başyndan görkezip başlady. Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow ýagdaýyň döremegini "serwerdäki tehniki näsazlyk" diýip häsiýetlendirdi.