Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekerançylyk ýerleri ellerinden alynýan kärendeçi daýhanlar arz-şikaýatlaryny eşitdirmekçi bolýar


Ekin meýdany.
Ekin meýdany.

Mary welaýatynyň Garagum etrabynda kärende ýerleri ellerinden alynýan daýhanlar arz-şikaýatlaryny Serdar Berdimuhamedowa eşitdirmekçi bolýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy martda sebitden habar berdi.

12-nji martda geçirilen prezident saýlawlaryndan soňra, Merkezi saýlaw topary işden gidýän prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowy ýeňiji yglan etdi.

Munuň yz ýany, maryly kärendeçiler arz-şikaýatlaryny Serdar Berdimuhamedowa eşitdirmek üçin öz aralarynda gol ýygnaýarlar.

Olar öz ekerançylyk ýerleriniň ýerli häkimiýetler tarapyndan wagtlaýyn ellerinden alynýandygyny hem-de telekeçilere berilýändigini aýdýarlar. Kärendeçileriň sözlerine görä, bu çäreler 2021-nji ýylyň ýanwaryndan bäri dowam edýär.

Garagumly daýhanlar geçen ýylyň başlarynda oba geňeşligine çagyrylyp, olara öz kärende ýerleriniň telekeçilere geçirilýändigi habar berlipdir.

"Ol kärende ýerleri indi size degişli däl. Siz iş başaraňzok! Şol sebäpden iş başarjak telekeçilere berýäris. Ýöne kärende ýerleri siziň adyňyzda durar, ol telekeçiler siziň kärende ýerleriňizi wagtlaýyn ulanar" diýip, oba başlygy kärendeçilere aýdypdyr.

Daýhanlar öz kärende ýerleriniň ellerinden alnyp, telekeçilere berilmegine närazyçylyk bildirýärler. Olar bir ýyl bäri özleriniň kärende ýerlerini yzyna almak üçin synanyşýandyklaryny aýdýarlar.

Biz bu ýagdaýy häkime aýtdyk. Häkim bizden ýüz öwürdi. ‘Biz Aşgabada ýazjak’ diýdik, ‘bar, nirä ýazsaň, şoňa ýaz!’ diýdi. Biz umytdan düşdük. Indi biz täze prezident boljak Serdar [Berdimuhamedowa] ýazyp görmekçi. Ol telewizorda eden çykyşynda özüniň oba hojalyk pudagyna üns berjekdigini aýtdy diýip, bir kärendeçi daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanda 2018-nji ýylda oba hojalyk pudagy boýunça kabul edilen reformalara garamazdan ýer eýeçiligi döwletiň berk gözegçiliginde galýar. Döwlet şertnama esasynda ekerançylyk ýerlerini daýhanlara kärendesine berýär, daýhanlar bu meýdanlarda esasan gowaça we bugdaý ýaly döwlet tabşyrygyna girýän ekinleri ösdürip ýetişdirýärler we hasyly döwlete tabşyrýarlar. Soňky ýyllarda kartoşka we şugundyr ýaly beýleki gök-bakja ekinleri hem döwlet tabşyrygyna girýän ekinleriň hataryna goşuldy.

Maryly daýhanlar Serdar Berdimuhamedowyň saýlaw wadalarynda oba hojalyk pudagyna üns berjekdigini belländigini aýdýarlar.

Döwlet metbugatyna görä, Serdar Berdimuhamedow özüniň saýlawçylar bilen geçiren duşuşyklarynda öz maksatnamasynyň çäginde oba hojalyk pudagyny agzady, ýöne düýpli özgertmelere aç-açan yşarat etmedi.

Ol 2-nji martda maryly saýlawçylar bilen geçiren duşuşygynda “oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny almak, azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, ekerançylar üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdiriler” diýdi, ýöne özgertmeleriň jikm-jik ugurlaryny aýdyňlaşdyrmady.

TDH-nyň habaryna görä, Serdar Berdimuhamedow 28-nji fewralda balkanly saýlawçylar bilen geçiren duşuşygynda “oba hojalygyndaky özgertmeleriň ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda” durýandygyny aýtdy, ýöne göz öňünde tutulýan özgertmeleri aýdyňlaşdyrmady.

Ol 23-nji fewralda lebaply saýlawçylar bilen geçiren duşuşgynda hem “oba hojalyk önümçiligini ösdürmegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň” hatarynda agzady.

7-nji martda türkmen metbugaty Serdar Berdimuhamedowyň maksatnamasynyň doly görnüşini çap etdi. Ýöne onuň maksatnamasy oba hojalyk pudagynda mümkin bolan özgertmeleri asla agzamady.

“Biz özümizi bilelimiz bäri, şol iki gekdar kärende ýerimiz bilen hojalygymyzy, hojalygymyzdaky mal-garalarymyzy ekläp gelýäris. Dogry, iki gektar ýer gaty uly ýer däl, ýöne muňa garamazdan biziň öý hojalygymyz şol ýer bölegine mätäç” diýip, maryly kärendeçi Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Daýhanlaryň sözlerine görä, hususy telekeçiler giň meýdanda, 60-70 gektar ýerde ekin ekip, oba hojalyk önümçiligi bilen meşgullanýarlar.

Serdar Berdimuhamedow 12-nji martda, saýlaw güni ýerli we halkara žurnalistleriň soraglaryna beren jogabynda hususy pudaga, telekçilige üns gönükdiriljekdigini aýtdy.

Kärendeçi daýhanlar ekerançylyk ýerlerini suwarmakda, suw paýlanyşygynda hem telekçileriň bähbitleriniň ileri tutulýandygyny, olaryň öňdeligi düzýändigini aýdýarlar.

“Şu ýyl ýene biziň kärende ýerlerimiz özümize berilmedi, ýene telekeçilere berildi. Belki-de, indi biz ýazmaça gürrüň bersek, kärende ýerlerimizi yzyna gaýtaryp bererler” diýip, maryly daýhan umyt bildirdi.

Türkmen metbugatyna görä, şu ýyl Mary welaýatynda 366,6 müň gektar ýer oba hojalyk ekinleri üçin bölünip berilýär. Olardan 165 müň gektara ýere gowaça, 15 müň gektara gant şugundyryny, 13 müň gektara kartoşka we beýleki ekinleri ekmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanly daýhanlar ýyllar boýy dökün, tehnika we suw ýetmezçiliginden şikaýat edip gelýär. Synçylar ýurduň oba hojalyk pudgaynyň ýerlikli dolandyrylmaýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG