Pakistanyň “The News” neşiri Yslamabatda 31-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň ýolbaşçylygynda Pakistanyň wekilleri bilen geçirilen gepleşikleriň käbir jikme-jikliklerini aýan etdi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” habar berýär.
Türkmen wekiliýeti pakistan tarapyna Aziýa ösüş bankynyň, TOPH taslamasynyň utgaşdyryjysynyň gaz geçirijiniň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagy talyplaryň ýolbaşçylygyndaky hökümet BMG we beýleki ykdysady taýdan iri döwletler tarapyndan ykrar edilýänçä togtatjakdygyny habar berdi.
Bu habary žurnalistlere Pakistanyň energiýa minisitri Hammad Azhar aýtdy. Emma muňa garamazdan, taraplar bu taslamanyň üstünde işlemegi dowam etdirmek kararyna geldiler.
Türkmen tarapy TOPH-y maliýeleşdirmek işini baryp 2016-njy ýylda tamamlamalydy. Emma bu iş başa barmady.
Türkmenistanyň wekilleriniň AÖB bilen 2020-nji ýylyň dekabryndaky duşuşygynda taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň 6-9 aý gijikdiriljekdigi mälim boldy. 2021-nji ýylyň fewralynda bolsa AÖB TOPH geçirijisiniň “birinji fazasynyň” 2021-nji ýylda işe giriziljekdigini aýtdy, emma “birinji faza” diýmek bilen nämäniň göz öňünde tutulandygy belli däl diýip, TH belleýär.
Türkmenistan TOPH taslamasynyň ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklary barada açyk maglumat bermeýär.