Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystandaky protestleriň fonunda Maryda gözegçilik güýçlendirildi


Illýustrasiýa suraty (Arhiw suraty)
Illýustrasiýa suraty (Arhiw suraty)

Goňşy Gazagystanda dowam edýän protestleriň fonunda, Mary welaýatynyň häkimiýetleri ilata gözegçiligi güýçlendirdi. Welaýatyň köçelerinde howpsuzlyk we polisiýa işgärleriniň sany köpeldi. Polisiýa awtoulaglaryndaky kanun goraýjylar gijesi bilen köçelerde nobatçylyk çekýär. Üýşüp duran raýatlar dargadylýar, ýaşlaryň mobil telefonlary barlanýar. Güýçlendirilen gözegçilikler barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

Onuň sözlerine görä, soňky günlerde Mary şäheriniň köçelerinde üýşüp duran adamlar polisiýa tarapyndan barlanýar. Olar "wirus sebäpli iki metr araçägi saklamak" bahanasy bilen, polisiýa tarapyndan dargadylýar.

Eger ýaşlar üýşüp duran bolsa, onda olaryň mobil telefonlary ellerinden alnyp, IMO messenjerinde kimler bilen, näme ýazyşandygy barlanýar.

"Gije sagat 9-dan soňra komendant sagady diýsek ýalňyşmarys. Polisiýa awtoulaglary gijesi bilen şäheriň köçelerine gözegçilik edýär" diýip, habarçymyz efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjynyň sözlerini getirdi.

Habarçymyz özüniň dürli şäherlerdäki, etraplardaky we obalardaky çeşmelerine salgylanyp, gözegçiligiň diňe Mary şäherinde däl, tutuş welaýatda güýçlendirilendigini hem belledi.

Onuň sözlerine görä, kanun goraýjylar daşary ýurtlarda işleýän ýa-da okaýan türkmenistanlylaryň dogan-garyndaşlarynyň öýlerine hem aýlanýarlar. Olar raýatlara daşary döwletlerdäki hossarlarynyň Internetde hökümete garşy çykyş etmeli däldigi barada duýduryş berýärler.

"Kanun goraýjylar hökümet işinde işläp ýören adamlaryň çagasy ýa-da ýakyn dogan-garyndaşy Internetde hökümete garşy çykyş etse, onda şol adamyň dessine işinden çykaryljakdygyny hem duýdurýarlar" diýip, habarçy bir maryly ýaşaýjynyň anonimlik şertinde aýdan sözlerini sitirledi.

Kanun goraýjylar hususan-da Gazagystanda okaýan türkmen talyplarynyň ene-atalaryna "ähli bolýan wakalardan daşda durmak" barada öz çagalaryna tabşyrmalydyklaryny hem aýdýarlar.

Kanun goraýjy edaralaryň käbir işgäriniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, türkmen häkimiýetleriniň bu çäreleri goňşy Gazagystanda bolup geçýän tolgunyşyklar bilen baglanyşykly.

"Gazagystandaky wakalaryň fonunda, türkmen hökümeti halkyň aýaga galmagyndan alada edýär" diýip, habarçymyz bir kanun goraýjynyň sözlerini sitirledi.

Ýatlatsak, geçen hepde habarçylarymyz Gazagystandaky wakalaryň Türkmenistanyň ilatynyň arasynda esasy gürrüň bolup durýandygyny, olaryň öz aralarynda gazagystanlylaryň öz hukuklaryny talap etmekde güýçlüdigi barada gürrüň edýändigini habar beripdiler. Habarçylarymyzyň sözlerine görä, türkmenistanlylar olaryň batyrlygyna haýran galýarlar we öz ýagdaýlary bilen deňeşdirýärler.

Goňşy Gazagystandaky protestler Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň pandemiýanyň arasynda has-da ýitileşen mahalyna gabat geldi. Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, koronawirus çäklendirmeleri müňlerçe ilatyň gazançsyz galmagyna getiren mahaly, ýurtda işsizligiň derejesi has-da ýokarlandy. Munuň bilen bir wagtda, ýurtda maliýe ýetmezçiligi, azyk gytçylygy we gymmatçylygy has-da ýitileşdi. Wirus çäklendirmeleri sebäpli ýatyrylan halkara uçar gatnawlary we çäklendirilen gury ýer transporty hem, türkmenistanlylary daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna çykmakdan mahrum etdi. Türkmen häkimiýetleri bu problemalary resmi taýdan boýun almaýar.

Maryda gözegçiligiň güýçlendirilmegi Mary we Lebap welaýatlarynyň polisiýa işgärlerine ýokary hüşgärlik derejesinde bolmak barada tabşyryklaryň berilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

6-njy ýanwarda bolsa, Gazagystan bilen serhetleşýän Balkan welaýatynda häkimiýetleriň çagalary Gazagystanyň uniwersitetlerinde okaýan raýatlar bilen duşuşyklary geçirýändigi mälim boldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Gazagystanda bolup geçýän wakalar barada ilkinji gezek 6-njy ýanwarda resmi beýanat ýaýratdy. Habarda Türkmenistanyň soňky günlerde Gazagystan Respublikasynda bolup geçýän wakalara alada bilen seredýändigi we ýurtdaky ýagdaýyň gysga wagtda kadalaşmagyna içgin gyzyklanýandygy aýdyldy.

Gazagystandaky protestler, nebite baý ýurduň günbatar Mangystau sebitinde ilatyň köp ulanýan ulag ýangyjynyň bahasynyň birden ýokarlanmagy sebäpli 2-nji ýanwarda döredi we syýasy nägilelikleri hem öz içine alyp, ýurduň çar künjegindäki şäherlere we şäherçelere ýaýrady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG