Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Farapda pensiýa we kömek pullaryny almak düzgünleri ýene kynlaşdyryldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda pensionerleriň we maýyplaryň onlarçasy ýanwar aýy üçin pensiýa we kömek pullaryny alyp bilmeýär. Muňa sebitde pensiýa we kömek pullaryny almak baradaky düzgünleriň ýene üýtgedilmegi sebäp boldy. Bu ýagdaý, ykdysady kynçylyklaryň arasynda, bir aý pensiýa we kömek pullaryny alyp bilmejek raýatlaryň güzeran eklenjini has-da kynlaşdyrýar.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, etrabyň pensiýa bölümi pensionerlerden we maýyplardan özleriniň diridigini indi her üç aýda bir gezek subut etmegi talap edip başlady.

Ýatlatsak, sebitde pensiýa almagyň düzgünleri ýaňy-ýakynda, awgust aýynda üýtgedilipdi. Şonda pensionerlere ýylda iki gezek, ýylyň başynda we ortasynda sosial üpjünçilik edaralary bilen habarlaşmalydygy we özleriniň diridigini tassyklamalydygy aýdyldy. Ondan öň bu talaby üç ýylyň dowamynda ýylda bir gezek berjaý etmelidi. Diňe bu talap tassyklanandan soň, pensioner alty aýyň dowamynda pensiýa almak hukugyna eýe bolýardy.

"Käbir raýatlaryň diridikleri hakyndaky alty aýlyk tassyknamalary fewralda ýa martda, ýa-da aprelde gutarýar. Şol sebäpli olar alty aýyň soňlaryna kepilnama almagy planlaşdyrýardylar. Ýöne olar 3-5-nji ýanwar aralygynda pensiýa we kömek pullaryny alamaga baranda, düzgünleriň üýtgändigini bilip galdylar" diýip, ýagdaýdan habarly bir çeşme 5-nji ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, şondan soňra etrabyň pensiýa bölüminiň resmileri bu raýatlara özleriniň diridikleri hakyndaky kepilnamany mundan beýläk her üç aýda bir gezek tabşyrmalydyklaryny aýtdylar.

"Bize bu barada öňünden duýduryş edilmändigini aýtsak-da, olar bize ýanwaryň başynda berilmeli pensiýa we kömek pullarymyzyň kepilnamany tabşyranymyzdan soň, fewralyň başynda beriljekdigini aýtdylar" diýip, 70 ýaşyna golaýlan, efirde adynyň Yslam aga diýlip tutulmagyny soran faraply pensioner habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan pensionerleriň we maýyplaryň ençemesi bu ýagdaýyň özleriniň ýaşaýyş durmuşyna ýaramaz täsir ýetirjekdigini we gündelik zerurlyklar, şol sanda dermanlar üçin maliýe serişdesine mätäç boljakdyklaryny aýtdy.

"Maşgalamyzda gelnim we oglum işlemeýär. Ýaşlar iş tapmaýandygy sebäpli, hemmämiz, şol sanda agtyklarym meniň pensiýam bilen eklenç edýäris. Pensiýa bolmasa güzeran eklenjimiz has-da kynlaşar. Her kimiň goşmaça gazanç etmek mümkinçiligi ýok. Daşary döwlete çykmak alajy hem ýok" diýip, 70 ýaşly Yslam aga aýtdy.

Pensionerleriň özleriniň diridigini hasaba aldyrmagy tutuş ýurt boýunça talap edilýär. Munuň üçin olar resminamalaryň ençemesini ýygnap, sosial üpjünçilik edaralarynyň etrap bölümlerine tabşyrmaly bolýarlar.

Habarçymyz täze düzgünlere laýyklykda, indi maýyp raýatlardan maşgala emlägi baradaky deklarasiýany görkezmegiň hem talap edilýändigini aýtdy. Olar her üç aýda bir gezek hassahana baryp, saglyk barlagyndan hem geçmeli bolýarlar.

Habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolan resmileriň sözlerine görä, bu çäreleriň esasy maksady pensionerleriň ýogalan ýagdaýynda olaryň plastik kartlaryna geçirilýän puldan olaryň ýakynlarynyň peýdalanmazlygynyň öňüni almakdan ybarat. Ýöne pensionerleriň we maýyplaryň ençemesi bu talaplaryň raýatlaryň gününi has-da kynlaşdyrmakdan başga zat däldigini aýdýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 8-nji oktýabrda gol çeken permanyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap ýurtda pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 410 manat, döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 390 manat möçberde bellemeli edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG