Türkmenistanyň serhet geçelgeleriniň birinde ýene, bu gezek Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda, ýolundan saklanan ýük awtoulaglary we ýükli tirkegler toplandy. Özbegistana geçirilmän saklanan awtoulaglaryň anyk sany belli däl, ýöne şaýatlar ulaglaryň we tirkegleriň hatarynyň Farap gümrükhanasyna barýan ýoluň gyrasynda 5 kilometre çenli aralyga uzaýandygyny, bu ýagdaýyň eýýäm ýedi gün bäri dowam edýändigini aýdýarlar.
Bu sürüjileriň sowuk howada, gijelerine aýaz iýip, bir hepde bäri hem beden azabyny, hem agyr kemsitme azabyny çekýändigini görkezýär. Emma adamlar alaçsyz, bu iki ýurduň baýramçylykdan öň serhetden geçýän awtoulaglary mümkin boldugyça azaltmak praktikasynyň ýyllar boýy dowam edýän netijesi bolup görünýär diýip, habarçy aýtdy.
Türkmen häkimiýetleri üstaşyr ýükleriň saklanmagynyň sebäbi barada ne metbugat arkaly, ne gönümel düşündiriş berýärler. Garaşmakdan ýadap, ýükli tirkegleri awtoulagdan aýryp, ýoluň gyrasynda goýup giden sürüjiler hem az däl, sebäbi olar bu ýerde näçe garaşmaly boljakdygyny, ahyrynda ýoluň açyljagyny ýa açylmajakdygyny hem anyklap bilmändirler.
Azatlygyň Lebapdaky habarçysy Farap etrabyndaky gümrük geçelgesine baryp, ýolundan saklanan ýük awtoulaglarynyň sürüjileri we beýleki adamlar bilen gürrüňdeş boldy, emma gözi bilen gören kösençliklerinden, gulagy bilen eşiden zeýrençlerinden başga, emele gelen dyknygyň sebäbi barada anyk maglumat alyp bilmedi.
Sürüjileriň köpüsi garaşmakdan ýadap, awtoulaglaryny tirkeglerden aýryp, ýoluň gyrasynda goýup gidipdir, 5 kilometre çenli uzaýan awtoulag, tirkeg hatary gije-gündiz ýerinden butnaman dur. Sanap gördüm, tirkegi bilen duran awtoulaglar 250 çemesi, olaryň sürüjileri Özbegistana goýberilmezliginiň sebäbiniň “näbellidigini” aýdýarlar.
Habarçy gümrük işgärleriniň gelip, sürüjiler bilen gurnan gysga wagtlyk gürrüňdeşligine hem gatnaşdy. Sürüjiler gümrük işgärlerinden awtoulaglaryň näme üçin ýöremän durandygyny, gümrükhanada emele gelen uzyn nobatyň sebäbini çintgäp-çintgäp soradylar. Emma bu soraga anyk jogap berilmedi.
Türkmenistanyň gümrük işgärleriniň anyklaşdyrman aýtmagyna görä, awtoulaglaryň geçmegine özbek tarapy päsgelçilik döredýär. Emma sürüjiler, öz maglumatlaryna salgylanyp, özbek tarapynyň bu meselede türkmen gümrükçilerini aýyplaýandygyny aýdýarlar.
Uly ýük awtoulaglary indi 7 gün bäri Özbegistana goýberilmän, şu ýerde garaşyp dur, olar esasan üstaşyr iberilen ýükler, Eýrandan we Azerbaýjandan gelýän ýük tirkegleri diýip, habarçy aýtdy.
Pandemiýa çäklendirmeleri bilen baglylykda, Türkmenistan üstaşyr gelýän ýükleri ýerli awtoulaglar arkaly ýurt içindäki bir serhet geçelgesinden beýleki serhet geçelgesine, ýüküň gelýän ýurdunyň araçäginden barýan ýurdunyň araçägine getirýärler.
Tirkeglerde daşary ýurtlaryň degişli belgileri ýazylan, awtoulaglarda bolsa türkmen awtoulaglaryna degişli belgi ýazylan, özbek araçägindäki bitarap zonada tirkegleri özbek tarapynyň awtoulaglaryna berýärler, türkmen sürüjisi ýüki tabşyryp, şol ýerden yzyna gaýdýar, özbek sürüjileri bolsa, awtoulaglaryndan düşmän, tirkegleri alyp, öz ýurtlaryna rowana bolýarlar diýip, habarçy bilen gürleşen sürüjiler gürrüň berdiler.
Gijelerine howa 5 gradusa çenli sowaýar, iki-üç gat ýyly ýorgan ýapynyp, tirkeglerde ýatýan sürüjiler-de, awtoulagyň kabinasynda ýatýan sürüjiler-de bar. Olar munuň adamlary hiç bir sebäpsiz, ýolda we sowukda kösemekden başga zat däldigini aýdýarlar.
Umuman, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Täze ýyl baýramçylyklaryndan öň üstaşyr gatnawlary minimuma çenli azaltmak praktikalary bar, bu bilinmeýän zat däl, ýöne soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar esli gowulaşdy we bu ýyl beýle bolmaz öýdüpdik diýip, radionyň söhbetdeşleriniň biri aýtdy.
Şeýle-de ol, eger häkimiýetler öňünden, baýramçylyk sebäpli ýollaryň ýapylýandygyny ýa gatnawyň çäklendirilýändigini aýtsalar, adamlaryň bu sowukda kösenip oturman, maşgalalarynyň arasynda boljakdygyny belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.