Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Ştatlaryň prezidenti Jo Baýdene ýurduň Kentukki ştatynda bolup geçen, köp sanly şikes ýetmelere we ýitgilere getiren güýçli harasat zerarly, gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) 14-ni dekabrda maglumat berdi.
ABŞ-nyň Kentukki Ştatynda 10-njy dekabrda onlarça adamyň ölümine we agyr ýitgilere getiren harasat boldy.
“Amerikanyň sesiniň” sişenbe güni beren habaryna görä, 11-nji dekabra geçilen gije Kentukki ştatynda turan güýçli harasatda şu wagtda çenli azyndan 88 adam öldi. Sişenbe güni irdene çenli ştatyň çäginde 24 müňden gowrak ýaşaýyş jaýynda we iş ýerlerinde elektrik üpjünçiligi heniz hem gaýtadan ýola goýulmady.
Türkmenistanyň prezidenti “şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy” diýip, resmi habarda aýdylýar.
Türkmenistanyň döwlet habar serişdeleri prezidentiň daşary ýurtlarda bolup geçýän tebigy harasatlar, adam ýitgilerine getirýän weýrançylyklar zerarly daşary ýurt döwlet baştutanlaryna iberýän gynanç hatlary barada yzygiderli habar berýär. Ýöne resmi metbugat ýurt içinde bolup geçýän tebigy betbagtçylyklar barada prezidentiň öz ilatyna bildirýän gynanjy hakynda habar bermeýär.
Ýatlasak, geçen ýylyň aprelinde Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde adam ýitgilerine getiren güýçli harasat boldy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary sebitde turan harasat zerarly, azyndan 35 adamyň aradan çykandygyny habar berdi, ençeme durmuş desgalary, ekerançylyk ýerleri hatardan çykdy. Sebitiň käbir künjeklerinde elektrik üpjünçiligi aradan birnäçe hepde geçenden soňra bölekleýin gaýtadan ýola goýuldy. Ýöne döwlet mediasy tebigy harasat we onuň ýol açan heläkçiligi barada asla habar bermedi. Galyberse-de, türkmen hökümeti bolup geçen tebigy betbagtçylyk zerarly öz ilatyna aç-açan resmi gynanç bildirmedi.
Türkmenistanyň döwlet metbugaty soňky bir aýdan hem az wagtyň dowamynda tas yzly-yzyna ikinji gezek Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Jo Baýdeniň arasynda alşylýan gynanç ýa-da minnetdarlyk hatlary barada habar berýär.
Mundan ozal, 17-nji noýabrda Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi prezident Berdimuhamedowa prezident Baýdeniň iberen minnetdarlyk haty barada habar berdi.
Baýden özüniň Berdimuhamedowa iberen hatynda Türkmenistanyň Owganystandan raýatlary çykarmakda beren ýardamyna sagbol aýtdy.
Ýatlasak, awgustyň ortalarynda “Talyban” goňşy Owganystanda häkimiýeti ele geçirip, ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara harby güýçler Owganystandan goşun çekýän mahaly, Günbatar ýurtlary, şol sanda ABŞ Owganystandan öz adamlaryny ewakuasiýa etmek işlerini güýçlendirdi. Türkmenistan Owganystandan amala aşyrylýan halkara ewakuasiýa işlerine öz howa giňişligini hödürlemek arkaly ýardam berdi.
Jo Baýden Berdimuhamedowa iberen hatynda Türkmenistanyň üstaşyr uçuşa, uçarlara ýangyç guýulmagyna we ýolagçylaryň barmaly ýerlerine äkidilmegine berlen ýardamlar üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen metbugaty dünýäniň iň bir demokratik ýurtlarynyň biri bolan ABŞ-nyň demokrat prezidenti Jo Baýden bilen dünýäniň iň awtoritar ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanyň “awtokrat” hasaplanýan prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasyndaky “hat diplomatiýasy” barada habar berýän mahaly, Türkmenistan geçen hepde ABŞ administrasiýasynyň ýolbaşçylygynda geçirilen Demokratiýa sammitine çagyrylmady. Global sammite dünýäniň 100-den gowrak ýurdunyň wekili çagyryldy.
Baýden pandemiýa sebäpli wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Demokratiýa sammitiniň açylyşynda söz sözläp, tutuş dünýäde demokratiýanyň yza tesýändigini duýdurdy.
Ak tam bu sammiti dünýäde awtoritarçylyga, korrupsiýa we ynsan hukuklarynyň kemsidilmegine garşy ABŞ we onuň ugurdaş ýaranlarynyň hyzmatdaşlyk etmegi üçin mümkinçilik hökmünde öňe sürdi.
Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenistanyň hökümetini ýurtda ynsan hukuklaryny depelemekde, syýasy azatlyklary we raýat azatlyklaryny, şol sanda söz we metbugat azatlygyny ýiti çäklendirmekde berk tankyt edýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.