Türkmenistanyň käbir sebitlerinde karantin çäklendirmeleri gaýtadan güýçlendirilip başlanmazdan ozal, Aşgabatda paýtagtlylaryň medeni durmuşyna degişli aýdym-saz çäreleriniň birnäçesi geçirildi. Klassyky aýdym-saz eserleriniň ençemesi ýaňlanan konsertlerde tomaşaçylar umytsyzlykdan we göwniçökgünlikden az-da bolsa daşlaşdy diýip, aşgabatlylar aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň bu çärelere tomaşaçy bolan habarçysynyň paýtagtda geçirilen üç konsertden düşüren suratlaryny çap edýäris.
Aşgabatda Mosartyň, Listiň we Belliniň sazlary ýaňlandy

5
Gülnar Nuryýewa aýdym aýdýar, Stella Faramazowa saz çalýar.

6
Bahar Durdyýewa aýdym aýdýar, Wladimir Mkrtumow saz çalýar.