Türkmenistan, Azerbaýjan we Eýran swap ylalaşygy esasynda Eýranyň üsti bilen ýylda 2 milliard m3 türkmen gazyny akdyrmak barada üçtaraplaýyn ylalaşygy baglaşdylar. Bu barada Eýranyň mediasy habar berýär.
Ylalaşyga 28-nji noýabrda Aşgabatda, regional ykdysady sammitiň çäklerinde gol goýuldy.
Bar bolan şertnama goşmaça kabul edilen swap ylalaşygyna laýyklykda Eýran Türkmenistandan alan gazynyň mukdaryny soňy bilen Azerbaýjana akdyrar diýip, Eýranyň nebit ministri Jawad Owji Eýranyň mediasyna aýtdy.
“Üçtaraplaýyn ylalaşygyň çäklerinde Türkmenistan Azerbaýjana günde 5-6 million m3 gazy satar” diýip, Eýranyň döwlet telewideniýesi Owjiniň sözlerini getirdi.
Owji Türkmenistan bilen uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän gaz bergisi baradaky dawanyň çözülmegi ugrunda hem tagalla edilýändigini belledi. 2016-njy ýylda Aşgabat Eýranyň türkmen gazy üçin azyndan 1,5 milliard dollar bergisiniň bardygyny öňe sürüpdi. Eýran bu görkezijiler bilen ylalaşmandy.
Eýran Russiýadan soň dünýäniň iň köp gaz gorlaryna eýedir. Eýranyň möhüm gaz ýataklary esasan ýurduň günorta sebitlerinde ýerleşýär. Eýran 1997-nji ýyldan bäri özüniň demirgazyk sebitleri üçin goňşy Türkmenistandan tebigy gazy import edýärdi.
Täze ylalaşyga Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitiniň çäklerinde gol goýuldy. Gurama Merkezi Aziýanyň ähli bäş döwleti, ýagny Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan, şeýle-de Azerbaýjan, Eýran, Pakistan we Türkiýe girýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.