Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pikir soralyşyk: Türkiýedäki türkmen migrantlary


Türkiýedäki migrantlar
Türkiýedäki migrantlar

Türkmenistanda soňky birnäçe ýyl bäri barha ýitileşýän ykdysady kynçylyklar has köp türkmenistanlynyň eklenç gözleginde daşary ýurtlara çykmagyna alyp geldi.

Munuň bilen baglylykda, Türkiýe, iki ýurduň arasyndaky syýahat ýeňillikleri we dil umumylygy sebäpli, soňky on ýyllykda türkmen migrantlarynyň iň kän giden ýurduna öwrüldi.

2020-nji ýylda Türkiýede resmi taýdan ýaşaýyş rugsady bolan 117 müň 905 türkmenistanly hasaba alnyp, bu Türkiýede ýaşamaga resmi dokumenti bolan daşary ýurtlularyň arasyndaky iň uly ikinji görkeziji boldy.

Bellemeli ýeri, ýokarky resmi sanlar diňe ýaşamaga resmi taýdan rugsady bolan daşary ýurtlulary görkezýär. Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň pasportlarynyň möhletini uzaldyp bermeýändigi sebäpli, Türkiýede bikanun ýagdaýda başga-da onmüňlerçe türkmen migrantlarynyň ýaşaýandygy bellenilýär.

Azatlyk Radiosy Türkiýede ýaşaýan we zähmet çekýän türkmenistanlylaryň durmuşy, olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, kanuny meseleleri ýaly ýagdaýlara bagyşlanan sosial mediada ýörite sahypany we rubrikany ýola goýmagy göz öňünde tutýar.

Geljekki ýörite rubrikany has netijeli ýola goýmak maksady bilen, aşaky sowallara jogap bermegiňizi soraýarys.

1. Türkiýede migrantlaryň, hususanda bikanun ýagdaýda zähmet çekýänleriň iş ýerlerinde dürli meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy bellenilýär. Geçen ýylyň aýagynda ýüze çykan şeýle ýagdaýlaryň birinde türkmenistanly bir migrantyň zähmet haky üstünde turan dawada öz iş berijisini öldürmekde aýyplanyp, tussag edilendigi belli boldy.

Migrantlar zähmet haklaryny wagtynda almak meselesi bilen birlikde, talaba laýyk bolmadyk iş şertleri dogrusynda hem şikaýat edýärler.

2. Daşary ýurda çykan türkmenistanly gyz-gelinleriň kähalatlarda jynsy gaçakçylyga, süteme we kemsitmelere sezewar edilýändigi, olaryň öz isleglerine garşy tenini satmaga mejbur edilýändigi barada hem maglumatlar peýda bolýar.

Türk medisaynda polisiýanyň reýdi netijesinde mejbury jynsy zorluga sezewar edilen, şol sanda türkmenistanly aýal-gyzlaryň hem halas edilendigi barada häli-şimdi habarlar çykýar.

3. Ýakynda Türkiýede birnäçe türkmen aktiwistiniň Türkmenistana deportasiýa edilmek howpy döredi. Hukuk toparlary Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň, esasan-da aktiwistleriň, ol ýa-da bu sebäp bilen yzyna - Türkmenistana mejbury ugradylsa, onda olaryň basyşlara, hatda gynamalara sezewar edilip bilinjekdigi barada alada bildirdiler.

Bu ýagdaýlarda käbir türkmenistanlylar hukuk toparlaryna, halkara guramalara, şol sanda BMG hem ýüz tutup, kanuny ýollar arkaly özlerine haraý gözleýärler.

4. Türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň pasportlarynyň möhletini uzaldyp bermeýändigi sebäpli, Türkiýede bikanun ýagdaýda başga-da onmüňlerçe türkmen migrantlarynyň ýaşaýandygy bellenilýär.

Türkmen häkimiýetleri belli bir döwür içinde çykarylan daşary ýurt pasportlarynyň möhletiniň iki ýyl uzaldylýandygyny yglan etdi. Emma munuň raýatlaryň pasport meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini aradan aýyrmaýandygy nygtaýarlar.

5. Sosial ulgamlarda Türkiýädäki türkmen migrantlarynyň öz pikirlerini has köp türk dilinde beýan edýändigini synlasa bolýar. Habarçylarymyz tatda Türkmenistanyň öz içinde hem adamlaryň arasyndaky mesawy gepleşiklerde - türk tele-kanallarynyň täsiri netijesinde - has köp türk sözleriniň ulanylýandygyny belleýärler.

Pikir soralyşykda agzalmadyk ýene haýsy meseleler barada maglumat berilmegini isleýärsiňiz? Pikirleriňizi, teklipleriňizi teswir bölümine ýazyp bilersiňiz.
XS
SM
MD
LG