Koronawirus pandemiýasy sebäpli Türkmenistanda girizilen karantin çäklendirmeleri ýene uzaldyldy. Üç aýa golaý dowam edýän çäklendirmeler ilat üçin dürli kynçylyklary döredýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Marydaky we Aşgabatdaky ýagdaýlar barada habar berýärler.
Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, 1-nji noýabrdan koronawirus çäklendirmeleriniň ýatyrylmagyna umyt baglan Marynyň ýaşaýjylarynyň umytlary başa barmady. Dükanlaryň, restoranlaryň, bazardaky söwda nokatlaryň eýeleriniň we işgärleriniň işlerini dowam etdirmek üçin gören taýýarlyklary boş boldy.
Ýerli ilata koronawirus çäklendirmeleriniň azyndan 15-nji noýabra çenli dowam etjekdigi aýdyldy.
Häkimiýetler çäklendirmeleri ýatyrmagyň anyk senesi barada ilata habar bermeýärler, resmi düşündiriş hem ýok. Şol bir wagtyň özünde, tutuş ýurt boýunça dükanlar, bazarlar, restoranlar, güýmenje desgalary ýapyk galýar we adamlar gazançdan mahrum bolýar.
Häkimiýetleriň kärhanalaryň işine gadaganlyklaryň bardygyny tassyklaýan ýeke-täk görkezýän reaksiýasy, gadagançylygy bozanlary tutmak we jezalandyrmak boýunça reýdler hem dowam edýär.
Gulplamalaryň dowam etmegi telekeçileri töwekgelçilik edip, bikanun işlemäge mejbur edýär.
Harytlaryny gök önüm bazarynyň öňünde satan satyjylar şu günler harytlaryny ellerinde tutup, bazaryň daşyndaky ýerde satyp gazanç etmäge synanyşýarlar. Bu usul olara polisiýanyň we gözegçileriň öňünden gaçmaga mümkinçilik berýär.
"Öýländen soň polisiýa gözegçiligini gowşadýar, şondan soň satyjylar howpsuz satyp bilýärler we alyjylar bolsa zerur zatlaryny satyn alýarlar" -diýip maryly çeşme gürrüň berýär.
Habarçy polisiýanyň irden geçirilýän ýygnakdan soň reýdlere iberilýändigini belleýär. Polisiýa işgärleri günortana çenli söwda we hyzmat nokatlaryna saparlaryny geçirmeli, bikanun işleýänleri barlamaly, anyklamaly we jerime salmaly.
Çeşmeler we habarçylar polisiýa işgärleriniň arasynda para almagyň köpelendigini habar berdiler. Olaryň sözlerine görä, çäklendirmeleriň saklanmagy munuň üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär, sebäbi uly ýitgä galýan hususy telekeçiler ýagdaýdan çykalga hökmünde gadaganlyklary bozmaly bolýarlar we para berip işlemäge mejbur bolýarlar.
"Bolmasa, polisiýa jerime salýar we satyjylardan emläklerini alýar. Pandemiýa wagtynda köp polisiýa işgäri baýady, jaý we gymmat awtoulag satyn aldy" -diýip Marydaky çeşme aýdýar.
Azatlyk Radiosy Marynyň administrasiýasy we sebit polisiýa bölümi bilen habarlaşmaga synanyşdy, emma resmi görnüşde maglumat alyp bilmedi.
Häzirki wagtda ýurtda üýşmeleňler, köp adamly ýerlere barmak, şol sanda ýas çärelerini geçirmek gadagan edilýär. Emma bu mesele para arkaly çözülýär.
“Häkimlikdäki ýa-da polisiýadaky birine 3000-4000 manat berseňiz, näçe isleseňiz adam ýygnap bilersiňiz" diýip çeşmeleriň ýene biri aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçylary bu ýerde çäklendirmeleriň dekabra çenli saklanjakdygyny habar berýärler. Olaryň ýerli resmilere salgylanyp, aýtmagyna görä, bu regionda koronawirus çäklendirmeleri ozalkysyndan hem pugtalandyrylypdyr.
"Indi Farapda täzeden dezinfeksiýa we maska tertibi güýçlendirildi. Awtobuslardan adamlary düşürip, diňe ýolagçylaryň ýarysyny daşamak talap edilýär. Kafeler we toýhanalar ýapyk bolmagyna galýar" diýip, Lebapdaky çeşme gürrüň berýär.
Bu aralykda Aşgabatda, söwda nokatlarynyň kärendeçileri we işgärleri çäklendirmeleriň aýrylmagyna we işiň täzeden başlamagyna umyt baglap, paýtagtyň lomaý bazaryna barypdyr. Internetde bazaryň 1-nji noýabrda işe başlajakdygy barada habar berilmegine garamazdan, bazar açylmandyr.
"Şu gün söwda nokatlarynyň we satyjylaryň hemmesi lomaý bazara bardy, ýöne olara diňe azyk dükanlarynyň we hojalyk himiki serişdeleriniň açyljakdygyny aýtdylar. Gahar-gazaba münen adamlar gygyryp başladylar, ýakalaşyga baryp ýetdi. Netijede hemmeler kowuldy we bazaryň açyljak senesi yglan edilmedi "- diýip aşgabatly çeşme aýdýar. Onuň sözlerine görä, "Berkarar" söwda merkeziniň açylmagyna hem garaşylýar.
Aşgabatda, beýleki sebitlerde bolşy ýaly, çäklendirmelere garamazdan, bazardaky söwda nokatlarynyň köpüsi bikanun işleýär. Kärhanalaryň işiniň bes edilmeginden ýitgi çekýän hususy telekeçiler üçin, kärende tölegleriniň we salgytlaryň ýokarlanmagy ýene bir zarba boldy.
"Ors bazaryndaky egin-eşik pawilýonlary we dükanlary işe başlady, ýöne ýarym kanuny taýdan. Kärende iki esse artdy, mysal üçin 1000 manat 2000 boldy. Olary gysýarlar. Salgyt gullugy bolsa soňky 10 günde ýowuzlandy diýse bolar, telekeçilerden uly para talap edýär "- diýip çeşmämiz gürrüň berýär.
Söwda we hyzmat kärhanalary şu ýylyň awgust aýynda tutuş ýurt boýunça ýapyldy. Bu kanatin ýurtda COVID-19-yň görlüp-eşidilmedik derejede ýaýrap, keselçiligiň we ölümiň köpelen wagtyna gabat geldi. Çäklendirmeler transport gatnawyna hem täsir ýetiripdi.
Gulplamanyň üç aý töweregi dowam edýändigine garamazdan, resmiler we döwlet habar beriş serişdeleri çäklendirmeleriň girizilmegi, onuň sebäbi, halka ýetirýän täsiri, wagt möhleti barada dil ýarmaýarlar. Ýurduň ýolbaşçylary COVID-19-yň ýurtda düýpden hasaba alynmandygyny öňe sürýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.