BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) Türkmenistanda “ýokanç keselleriniň gözegçiligini üpjün etmek üçin, şeýle hem alnyp barylýan arassaçylyk çärelerini goldamak üçin” 5 müň 400 sany el zyýansyzlandyş enjamlaryny (dezinfektorlaryny) gowşurdy diýip, guramanyň Türkmenistandaky edarasy 28-nji oktýabrda özüniň Instagram hasabynda ýazgy galdyrdy.
Maglumata görä, oktýabryň dowamynda ÝUNISEF Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine 3 müň 400 sany el zyýansyzlandyş enjamlaryny we Türkmenistanyň Bilim ministrligine 2 müň sany awtomatlaşdyrylan el zyýansyzlandyş enjamlaryny beripdir.
Habarda jemi 132 müň dollara deň bolan el zyýansyzlandyş enjamlarynyň Türkmenistanyň dürli künjeklerindäki lukmançylyk edaralaryna we orta mekdeplerine paýlanjakdygy aýdylýar.
Türkmenistanyň häkimiýetleri pandemiýa başlanaly bäri, koronawirusa ýolugýanlaryň we ondan ölýänleriň köpelýändigi baradaky syzyp çykýan maglumatlara garamazdan, häzire çenli öz serhet çäklerinde COVID-19-yň ýeke ýagdaýyny hem hasaba almadylar. Muňa derek, türkmen häkimiýetleri, şol sanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda bu ölüm howply ýokanjyň ýokdugyny tekrarlamagyny dowam etdirýärler.
ÝUNISEF zerur bolan lukmançylyk enjamlary, dezinfeksiýa serişdeleri bilen üpjün etmek arkaly, şeýle hem ilatyň arasynda öňüni alyş çäreleri boýunça maglumat ýaýratmak arkaly, Türkmenistanyň hökümetine ýokanç kesellere garşy taýynlygyny güýçlendirmekde goldaw bermegini dowam edýär diýip, guramanyň maglumatynda aýdylýar.