24-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasport gowşurmak dabarasy boldy diýip, TDH raýatlyk alan adamlary sanyny aýtman habar berýär.
Emma DIM-niň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda gol çeken permany esasynda 2 657 adam Türkmenistanyň raýatlygyny, 406 adam bolsa Türkmenistanda ýaşamak ygtyýarnamasyny aldy.
Türkmenistanyň raýatlygyna täze kabul edilen adamlar dünýäniň 20 milletiniň wekilleri bolup, olaryň aglaba bölegi zenanlar bolup durýar diýip, habarda 2011-nji ýyldan bäri 14 980 adamyň türkmen raýatlygyny alandygy bellenýär.
“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri TDH-nyň 19-njy sentýabrdaky karar esasynda raýatlyk alan adamlar baradaky anyk maglumaty ozalam, pasportlar gowşurylanda hem aýtmandygyna ünsi çekýär.
Şeýle-de neşir geçen güýzde BMG-niň Bosgunlar edarasynyň wekilleri bilen duşuşyk wagtynda Döwlet migrasiýa gullugynyň Türkmenistanda raýatlyga kabul edilýän adamlaryň möçberini iki esse köpeldendigini ýüze çykarypdyr.
Bu edaranyň wekilleri 2011-nji ýyldan bäri 23 müňe golaý adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilendigini aýtdylar.
Emma, TDH-nyň dürli ýyllarda çap eden maglumatlaryna görä, 2011-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli 9 733 adam türkmen raýatlygyny aldy we bu sanlar Bosgunlar edarasynyň maglumatynda hem görkezildi.
Eger bu (9,743) sanlara 2020-nji ýylda, Bitaraplyk güni mynasybetli raýatlyk alan 2580 adamy we şu ýyl raýatlyk berlen 2665 adamy goşsak, olaryň sany 14,980 adam bolýar diýip, TH belleýär.