Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasy (KHŞG) Owganystandaky häzirki howp salýan ýagdaý sebäpli Özbegistan we Türkmenistan bilen harby tehniki hyzmatdaşlygy giňeldýär diýip, Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary Ýuriý Borisow "Rossiýa-1" telekanalyna beren interwýusynda aýtdy. Bu barada TASS habar agentligi 18-nji sentýabrda habar berdi.
"Biz harby tehniki kömek bilen üpjün edýäris, harby tehniki hyzmatdaşlygy giňeldýäris..." diýip, Borisowyň dürli tizlikdäki we dürli belentlikdäki dürli uçarlara garşy hereket edip bilýän ulgamlaryň giň topary barada gürrüň edilýändigini aýdandygy hem habarda bellenilýär.
KHŞG Moskwanyň ABŞ-nyň Merkezi Aziýa sebitindäki geosyýasy agalygyna garşy durmagy bilen baglanyşdyrylýar.
Awgusta aýynda “Talybanyň” häkimiýeti ele geçirmegi bilen, Owganystan süýşüp gelýän uly gumanitar krizis bilen ýüzbe-ýüz boldy we, Owganystanyň Merkezi Aziýadaky goňşulary uruşdan tozan ýurtdan abanýan howp-hatarlarlardan, on müňlerçe bosgunyň serhetden aşmak ähtimallydygyndan ätiýaç edýärler.
Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna (KHŞG) Russiýa, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan ýaly ýurtlar girýär. Özbegistan bu gurama iki gezek agza bolup, ondan iki gezek hem çykdy (Özbegistan 1992-nji ýyldan 1999-njy ýyla çenli we 2006-njy ýyldan 2012-nji ýyla çenli ol gurama agza boldy).