Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýadan Stambula gelen DWT lideri Myrat Gurbanow aeroportda saklandy


Myrat Gurbanow Waşingtondaky protest çäresine gatnaşýar. Arhiw suraty
Myrat Gurbanow Waşingtondaky protest çäresine gatnaşýar. Arhiw suraty

Türkmenistanyň Helsinki gaznasynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň “Demokratik saýlawy hereketiniň” başlygy Myrat Gurbanow Fransiýadan Türkiýä uçup baranda Stambuldaky halkara aeroportda saklandy, türk häkimiýetleri oňa ýurda goýberilmejekdigini aýdypdyrlar.

Opposisioner Türkiýä “Türkhowaýollarynyň” uçary bilen, 2-nji sentýabr güni giçlik, Fransiýanyň Tuluza şäherinden gelipdir we pasport barlagyndan geçjek bolanda saklanyp, deportasiýa ediljekleriň kamerasynda ýerleşdirilipdir.

Resmiler oppozisionere Daşary ýurtlular we halkara goragy hakyndaky 6458 beligili kanunyň 9(1) maddasy esasynda, 2026-njy ýylyň 20-nji awgustyna çenli Türkiýä girmegiň gadagan edilendigini aýdypdyrlar.

Bu kanuna laýyklykda, IIM-niň ýanyndaky Baş migrasiýa edarasy, degişli döwlet guramalarynyň we edaralarynyň pikirlerini nazara almak zerurlygy bolanda, eger daşary ýurt raýatlary döwlet gurluşyna, jemgyýetçilik howpsuzlygyna we ilatyň saglygyna wehim salsa, daşary ýurt raýatynyň Türkiýe respublikasyna girmegine bäş ýyla çenli gadaganlyk girizip bilýär.

Şeýle-de habarda 2021-nji ýylyň 1-nji awgustynda türkmen aktiwistlerine edilen hüjüm baradaky kazyýet işinde Gurbanowyň bähbitlerini goraýan aklawçy Mustafa Ýamanyň oppozisioneriň deportasiýa edilmeginiň öňüni almaga çalyşýandygy aýdylýar.

Ýatladýarys, türkmen migrantlary 1-nji awgustda Stambuldaky türkmen konsullygynyň ýanynda nägilelik ýörişini geçirmäge synanyşdy. Protest hereketiniň 10 aktiwisti polisiýa tarapyndan tussag edildi, ýöne gysga wagtda boşadyldy. Ýene bäş adam bolsa, Türkmenistanyň ýörite gullugy bilen baglanyşyklydygy aýdylýan näbelli adamlar tarapyndan urlup-ýenjildi.

Ejir çekenler we piket ýeriniň golaýynda näbelli adamlar tarapyndan yzarlanjak bolan Myrat Gurbanow 9-njy awgustda, urlup-ýenjilemelerden, berlen azarlardan we haýbat atmalaryndan şikaýat edip, türk prokuraturasyna arza berdi.

Türkmenistanyň Stambuldaky baş konsuly Myratgeldi Seýitmammedow hem öz gezeginde, 1-nji awgustda polisiýa ýüz tutup, aksiýa gatnaşýanlaryň binalaryň we işgärleriň howpsuzlygyna wehim salýandygyny, Türkmenistanyň prezidentini kemsidýändigini we, “asudalygy we rahatlygy bozup”, raýatlary döwlete garşy öjükdirýändigini aýtdy. Şeýle-de, resminamada türk tarapynyň "şeýle bikanun hereketleriň gaýtalanmazlygy üçin ähli zerur çäreleri görmelidigi" aýdylýar diýip, "Memorialyň" habarynda bellenýär.

Türkmen nägilelik hereketine gatnaşýanlaryň pikiriçe, Myrat Gurbanowyň Türkiýä girmegine garşy 20-nji awgustda kabul edilen karar türkmen häkimiýetleriniň şu we şuňa meňzeş ýüzlenmeleri bilen baglanyşykly bolup görünýär.

Maglumat: Myrat Gurbanow etnik türkmen, 1965-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Aşgabatda doguldy, 2005-nji ýyldan bäri Fransiýada hemişelik ýaşaýar we bu ýurduň raýaty bolup durýar.

Ol 2020-nji ýylda dürli ýurtlardaky pikirdeşler topary bilen bilelikde "Türkmenistanyň Demokratik Saýlawy" atly milli demokratik hereketi döretdi we diňe bir daşary ýurtlarda däl, eýsem Türkmenistanyň içinde hem protest aksiýalaryny gurnamaga synanyşdy; Youtube kanalynda yzygiderli çykyş edip, Berdymuhamedowyň režimini tankytlaýar diýip, Türkmen Helsinki gaznasy gysgaça DWT diýip atlandyrylýan oppozisiýa hereketiniň 2020-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Fransiýada hasaba alandygyny hem habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG