“Talyban” jeňçileri Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz welaýatynyň strategiki paýtagtynyň aeroportyny ele geçirdiler. Maglumata görä, owgan howpsuzlyk güýçleriniň ýüzlerçe wekili jeňçilere tabyn bolupdyrlar. Bu aralykda, prezident Aşraf Gani, gabawdaky owgan esgerlerini ruhlandyrmak üçin, demirgazykdaky Mazar-e Şarif şäherine sapar edýär.
Azatlyk Radiosynyň atlandyrylmasyzlygyny soran çeşmeleri, 11-nji awgustda hökümet goşunlary boýun bolandan soňra, Gunduzyň aeroportunyň synyp, jeňçileriň eline geçendigini aýtdylar. Şol bir wagtda, käbir hökümet esgerleriniň welaýatyň Aliabad etrabyna yza çekilendigi bellenilýär.
“Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid özüniň Twitter hasabynda toparyň aeroporty eýeländigini aýtdy, şeýle-de, hamana, hökümet esgerleriniň jeňçileriň hataryna goşulýandygyny görkezýän wideony ýerleşdirdi.
Ýerli resmileriň biriniň AFP gullugyna beren maglumatyna görä, geçen dynç günleriniň dowamynda “Talybanyň” Gunduz welaýatynda ilerlemegi netijesinde aeroporta çekilen hökümet esgerleriniň ýüzlerçesi “ähli harby enjamlary bilen” jeňçilere boýun bolupdyrlar.
“Talyban” bir hepdeden hem az wagtyň içinde, basyp alan welaýat merkezleriniň sanyny çärýek esse köpeltdi.
Bu aralykda, Ghani demirgazykdaky Türkmenistan bilen hem serhetleşýän Balh welaýatynyň Mazar-e Şarif şäherine sapar edýär. Ol “demirgazyk sebitlerdäki umumy howpsuzlyk ýagdaýlaryny seljerer” diýip, prezidentiň edarasynyň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.