Russiýa 10-njy awgustda Täjigistan we Özbegistan bilen bilelikdäki harby türgenleşikleri tamamlady. Bu Owganystanyň demirgazygynda “Talyban” jeňçileriniň Moskwanyň Merkezi Aziýadaky ýaranlarynyň serhet ýakalarynda barha köp sebitleri öz gol astyna geçirmegine gabat geldi.
Harby türgenleşikler geçen hepde Täjgistanyň owgan serhedinden 20 km uzaklygynda geçirilip, oňa 2 müň 500 töweregi rus, täjik we özbek gullukçylary gatnaşdy.
“Türgenleşikler Merkezi Aziýa regionynyň serhetlerinde radikal terroristik toparlarynyň abandyrýan howpunyň we ýagdaýlaryň ýitileşmeginiň arasynda geçirildi” diýip, Russiýanyň merkezi etrap komandiri general-polkownik Aleksandr Lapin aýtdy.
Russiýanyň Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, türgenleşikleriň dowamynda serhetden aşan şertli jeňçilere garşy bilelikdäki jogap çärelerini utgaşdyrmak maksady bilen, tanklar, harby ulaglar, Su-25 kysymly harby uçarlar, dikuçarlar we beýleki ýaraglar ulanylypdyr.
Täjigistanda harby bazasy bolan Russiýa, Merkezi Aziýanyň ozalky sowet döwletlerini Owganystandan abanyp biljek howpsuzlyk wehimlerinden goramaga söz berdi.
Geçen hepde Özbegistanyň Owganystan bilen serhetleşýän sebitlerinde hem kiçi göwrümli rus-özbek harby türgenleşikleri geçirildi.
Owganystan bilen 800 km golaý serhet araçägi bolan Türkmenistan, Aşgabatda “Talyban” jeňçileriniň wekilleri bilen gepleşik geçirip, goňşy döwletden abanyp biljek howpy agzaman, serhetýakalaryna goşmaga esgerleri ýollady.