Lebapda, goňşy Mary welaýatynda hem bolşy ýaly, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu aýyň aýagynda etmegine garaşylýan saparynyň öňüsyrasynda güýçli depginde arassaçylyk işleri geçirilýär. Azatlygyň ýagdaýlardan habarly çeşmeleri Berdimuhamedowyň Çärjew etrabyndaky gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagyna garaşylýandygyny, şol sebäpli sebitde eýýämden ýollary abatlamak, sütünleri we jaýlaryň diwarlaryny ak reňke boýamak, karantin zolaklaryny sökmek ýaly işleriň geçirilýändigini aýdýarlar. Bellesek, ýerli häkimiýetler elektrik stansiýasynyň töweregini mejbury arassalatmak, gijelerine köpçülikleýin zir-zibilleri ýakmak ýaly çäreleri geçen aýyň başyndan bäri alyp barýarlar.
“Mary-Türkmenabat ýolunyň Çärjew etrabyndaky zawodyň golaýyndaky 10 km bölegini söküp, oňa täzeden asfalt düşeýärler. Nämemiş, prezident diňe täze düşelen ýoldan ýöremelimiş, ýogsa magistral ýolunyň häzir sökülýän böleginiň ýagdaýy onsuz hem gowudy. Mundan başga, prezidentiň dikuçary üçin ýörite meýdança hem oňarylýar. Dikuçarda geljek bolsa, onda ýollaryň täzeden oňarylmagynyň näme ähmiýeti bar?! Onuň deregine şäheriň içindäki onlarça ýyllaryň dowamynda idegsiz çagşap giden ýollary täzeleseler bolmaýarmy?!” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjylaryň biri habarçymyz bilen söhbetdeşlikde nägileligini bildirdi.
Sebite sapar edip gören habarçymyz, täze asfalt düşelýän ýoluň ugrundaky yşyklandyryş sütünleriniň hem täzelenip, ak reňke boýalýandygyny gürrüň berdi. Ol bu sebitdäki öňünden adamlardan boşadylan karantin zolagyndaky harby çadyrlaryň hem sökülip aýrylýandygyny sözüne goşdy.
“Ähli taýýarlyk, şol sanda baglary ekmek, täze asfalty düşemek işlerini hem 15-nji awgusta çenli dynyp, ýerli häkimiýetlere tabşyrmak buýruldy. Munuň üçin, Türkmenabadyň arassaçylyk işgärleriniň hem tas ählisini uzakly gün zawodyň golaýynda işledýärler” diýip, mejbury arassaçylyk işlerine gatnaşdyrylýan türkmenabatlylaryň biri gürrüň berdi.
Berdimuhamedowyň Lebaba etjek saparynyň anyk senesini prezidentiň diwanyna, Lebabyň welaýat we etrap häkimliklerine tassykladyp bolmady. Bu barada ýurduň resmi metbugatynda hem häzirlikçe maglumat berilmeýär.
Bu aralykda, habarçymyz Çärjew etrabyndaky ýapon we türk kompaniýalary tarapyndan gurlan – kuwwaty 432 megawata barabar bolan – gazturbinaly elektrik stansiýasynyň synag tertibinde işledilýändigini, şeýle-de türkmen elektrikleriniň dispetçer nokadyny dolandyryp başlandyklaryny hem anyklamagy başardy.
Zawodyň hünärmenleri bilen hem söhbetdeş bolan habarçymyz elektrik stansiýasynyň içerki talaplary kanagatlandyrmak üçin däl-de, eýse goňşy Owganystana we Özbegistana togy eksport etmek üçin ulanyljakdygyny hem tassyklatdy.
Şol bir wagtda, Çärjew etrabynyň ýaşaýjylary öz sebitlerindäki transformatorlara 30 ýyldan hem aşa wagtyň bolandygyny, gerekli enjamlaryň ýoklugy sebäpli, saklaýjylara derek adaty mis siminiň ulanylýandygyny, şol sebäpli howanyň temperaturasy sähel ýokary galsa, olaryň sandan çykyp, kähalatlarda ençeme günläp hem elektrik togunyň bolmaýandygyny gürrüň beripdiler.
Türkmenistanda dowam edýän gün-güzeran kynçylyklarynyň çuňlaşmagy, gurak gelen ýylyň tomsundaky elektrik, suw ýetmezçiligi bilen, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, türkmen hökümetiniň netijesiz dolandyryş praktikasyndan el çekmezliginiň netijesi bolup durýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.