Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” soňky ýyllarda ilkinji gezek owgan sebitiniň paýtagtyny eýeledi


Orsýetde we beýleki bir topar ýurtda gadagan edilen terrorçylyk guramalarynyň sanawyna goşulan radikal “Talyban” hereketiniň söweşijileri uzak wagt bäri birinji gezek Zaranj sebitiniň paýtagtyny basyp aldy. Ýurduň günorta-günbataryndaky bir şäheri basyp almak ozal esasan az ilatly etraplary ele geçiren hereket üçin möhüm simwoliki ýeňiş bolup biler.

Owgan häkimiýetleri bäşinji gün 160 müň ilatly şäheriň elden giderilendigini boýun aldy diýip, "The New York Times" gazeti habar berdi. Habar berilmegine görä, "Talyban" güýçleri tasdan hiç bir garşylyga duçar bolmady.

Hüjümden öň ýerli emeldarlara we resmilere maşgalalary bilen şäheriň golaýynda ýerleşýän eýran serhetinden geçmäge rugsat berildi.

Zaranj Owganystanyň iň az ilatly welaýaty bolan Nimrozyň paýtagtydyr. Şäher basylyp alynmazdan ozal, ony goraýan hökümet goşunlary goňşy Helmand welaýatynyň paýtagty Laşkar Gahy goramak üçin yza çekildi. Ýene bir sebit paýtagty, ýurduň üçünji uly şäheri Hyrat hem gabaw astynda galýar.

"Talyban" bu üstünligi ABŞ goşunlarynyň Owganystandan doly çykarylýandygy yglan edilenden gysga wagt soň gazandy.

"Roýters" habar gullugynyň çeşmelere salgylanyp, iýul aýynda beren maglumatyna görä, Amerikan aňtaw gullugynyň Owganystanyň goranmak güýçleriniň söweş netijeliligine beren bahasy Kabuldaky häkimiýetiň alty aý içinde synmak ähtimallygyny hem aradan aýyrmaýar.

XS
SM
MD
LG