Türkmenistan ýurduň çäginde elektron çilimleriň söwdasyny resmi taýdan gadagan etdi. Ýurduň Söwda ministrliginiň hem-de Saglyk ministrliginiň temmäki önümleriniň söwdasy boýunça ýaňy-ýakynda kabul eden täze kadalary Adalat ministrligi tarapyndan 9-njy iýulda hasaba alyndy.
Täze kadalara laýyklykda, ýurtda temmäki önümleriniň söwdasy bilen bagly täze çäklendirmeleriň hatarynda elektron çilimleriň söwdasy hem gadagan edilýär.
Bütindünýä Saglyk Guramasy iki gün ozal, 27-nji iýulda çap eden täze hasabatynda elektron çilimleriň oňaýsyz täsirlerine üns çekdi.
Saglyk guramasyna görä, şu wagta çenli dünýäde 32 ýurt elektron çilimiň söwdasyna gadaganlyk girizdi.
“Elektron nikotin paýlaýyş ulgamlary zyýanlydyr we hökmany suratda düzgünleşdirilmelidir” diýip, Bütindünýä Saglyk Guramasynyň başlygy Tedros Adhanom Gebreýesus täze hasabatda sitirlendi.
Guramanyň hasabaty elektron çilimleriň zyýanyny çagalaryň we ýetginjekleriň temmäkiniň zyýanlaryndan goralmagy bilen düşündirýär.
Hasabata görä, elektron çilimleri ulanýan ýetginjekleriň temmäki önümlerine endik etmek ähtimallygy beýleki ýetginjeklerden üç esse ýokarydyr.
Elektron çilimiň söwdasyna girizilen gadagançylyk bilen bir hatarda Türkmenistanda kabul edilen täze kadalar temmäki önümleriniň söwdasyna täze çäklendirmeleri girizýär.