Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirus maşgalalary aýraçylyga sezewar edýär


Illýustrasiýa. Türkmen mediasy we resmileri COVID-19 ýokanjy sebäpli, daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlarynyň başdan geçirýän kynçylyklary, maşgalalaryna gowuşmak arzuwlary bilen ilteşikli hiç-hili maglumat bermeýärler.
Illýustrasiýa. Türkmen mediasy we resmileri COVID-19 ýokanjy sebäpli, daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlarynyň başdan geçirýän kynçylyklary, maşgalalaryna gowuşmak arzuwlary bilen ilteşikli hiç-hili maglumat bermeýärler.

COVID-19 ýokanjy bütin dünýä giň ýaýrandan soňra, daşary ýurtlarda galan müňlerçe türkmen raýatlary yzyna, Türkmenistana dolanmagy arzuw etmäge başladylar. Olaryň aglabasy öýli-işikli, çagalary bolan raýatlar.

“Men geçen ýylyň başlarynda operasiýa üçin daşary ýurda çykanymda, ýanýoldaşyma we çagalaryma 15-20 gün içinde yzyma dolanjakdygymy söz beripdim. Emma, bir ýarym ýyldan gowrak wagtlap watana dolanmak arzuwyny edýärin” diýip 50 ýaşlaryndaky, adynyň tutulmagyny islemedik zenan Azatlyk Radiosyna aýdýar.

“Eger men tiz wagtda yzyma dolanmasam, onda maşgalamyň dargamagy mümkin. Çünki, adamym örän ýumşak häsiýetli. Ony çagalarym känbir diňlemeýär. Eýýäm, gyzlarymyň biri gaçyp, durmuş gurdy. Ol ýanynda bolmandygym üçin meni diňlemedi. Galan çagalarym hem keýpsiz. Soňky wagtlar çagalarym bilen telefonda wideo arkaly gepleşemde olar mydama aglap, “eje tizräk gel. Bize sen gerek” diýýärler. Olaryň birisi 13 ýaşap, gyzlyk dünýäsine girensoň, ýanynda ejesini isleýär” diýip, 50 ýaşlaryndaky zenan sözüne goşýar.

Azatlyk Radiosynyň mundan öň beren maglumatlaryna göra, türkmen häkimiýetleri koronawirus pandemiýasy sebäpli beýleki ýurtlarda galan raýatlaryny getirmek meýilnamalaryny ilkinji gezek geçen ýylyň awgust aýynda yglan etdiler. Şondan bäri hökümet Russiýadan, Belarusdan, Hindistandan, Özbegistandan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan raýatlaryny getirmek üçin onlarça ýörite uçar gatnawyny gurnady.

Türkmen mediasy we resmileri COVID-19 ýokanjy sebäpli, daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlarynyň başdan geçirýän kynçylyklary, maşgalalaryna gowuşmak arzuwlary bilen ilteşikli hiç-hili maglumat bermeýärler.

“Men hem gelnimi we 3 çagamy Türkmenistandan getirip bilemok. Meniň gelnim daşary işler ministrligine iki hat ýazyp, maşgalamyzyň gowuşmagyna kömek edilmegini sorady. Emma, bir aýdan gowrak wagt geçse-de, olaryň hiç birine entek jogap berilmedi. Meniň özüm hem kömek sorap konsulhana, BMG-niň edarasyna we Türkiýäniň DIM-ne hat ýolladym” diýip, Türkiýede galan aktiwist sözüni dowam edýär.

“Men ilkibaşda çagalaryma entek daşary ýurtda işlerim bar. Biraz garaşyň diýýärdim. Soňra uçarlaryň gatnawy kesildi. Haçan uçarlar gatnap başlasa, gelerin diýdim. Emma, öýümiz howa menziline ýakyndygy üçin uçarlary gören çagalarym ‘kaka, uçarlar gatnaýar ahyry. Tizräk gel!’ diýmäge başladylar. Biziň ýaly onlarça maşgalanyň bolmagy ähtimäl. Eger bu meseleler wagtynda çözülmese, onuň netijeleriniň gynançly boljakdygy ikuçsyz” diýip aktiwist belledi.

Bu maglumatlar barada resmilerden kommentariýa almak mümkin bolmady.

Hökümet tarapdary “Türkmenportal” neşiri “Türkmenistan howaýollarynyň” gurnan ýörite uçar gatnawynyň 15-nji iýunda Stambuldan Türkmenbaşa amala aşyrylandygyny habar beripdi. Ýöne, näçe ýolagçynyň maşgalasyna gowşandygy aýdylmady.

“Men maşgalamyň dargamagyny asla islämok we tiz wagtda olara gowuşmagy arzuw edýärin. Ýakynda Türkmenistana ýörite uçar gatnawynyň bardygyny eşitdim. Belki, ol uçarda maňa hem watana dolanmak miýesser eder ” diýip, adynyň tutulmagyny islemedik, 50 ýaşlaryndaky zenan Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG