Azatlyk Radiosynyň ýylyň başyndan bäri saglyk işgärleriniň zähmet haklarynyň kemeldilendigi, munuň netijesinde-de lukmanlaryň arasynda nägilelikleriň artyp başlandygy baradaky maglumatlaryndan soň, häkimiýetler medisina işgärleriniň aýlyklaryny gaýtadan artdyrdylar.
Ýatlatsak, Lebapda saglyk işgärlerine, şol sanda koronawirus alamatly hassalara garaýan lukmanlara şu ýylyň ýanwar we fewral aýlyklary adatdakysyndan 20% kem berlipdi. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan medisina işgärleri, şonda aýlyklarynyň kemelmeginiň belli bir derejede olara gijeki smenalar we agyr iş şertler üçin berilýän goşmaçalaryň kesilmegi bilen baglydygyny aýdypdylar.
Munuň netijesinde, saglygy saklaýyş pudagynda işleýänleriň ortaça aýlygy 2020-nji ýylyň başynda 1 müň 800 manat bolan bolsa, 2021-nji ýylyň ýanwarynda, aýlyklaryň 10% göterilmeginden hem soň, bu ortaça 1 müň 440 manat boldy.
“Saglyk işgärleriniň mart aýynyň aýlyklary öňki tertipde, ýagny üstüne ozal kesilen 20% haky goşulyp berildi. Soňky iki aýda goşmaça sagatlar, gijeki smena göz öňünde tutulmandy, şeýle-de agyr şertler üçin berilýän aýlygyň mukdaryndan 12%-i tölenmändi” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatly medisina işgärleriniň biri 8-nji aprelde habarçymyza gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, häzir saglyk işgärleriniň ortaça aýlyk haky 2 müň 100 manat bolupdyr. Emma şol bir wagtda, mundan ozalky iki aýda tölenmedik goşmaça haklar berilmändir.
Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan lukmanlar kesilen haklarynyň gaýtadan tölenip başlanmagyny, öz ýagdaýlarynyň media arkaly köpçülige ýetirilmegi, gün tertibine getirilmegi bilen baglanyşdyrýarlar.
Emma Lebabyň degişli saglygy saklaýyş edaralary bu barada, şeýle-de medisina işgärleriniň ozalky aýlyklarynyň kemeldilmeginiň sebäpleri boýunça resmi kommentariýa bermekden ýüz öwürýärler.
Bu aralykda, saglyk işgärleri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almagyň çäginde “raýatlaryň saglygyny berkitmäge we goramaga” gatnaşýan medisina işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna 1-nji ýanwardan başlap goşmaça 15% hak tölemek wadasynyň häzirki güne çenli berjaý edilmeýändigini aýdýarlar.
“Türkmenistanda koronawirusyň ýeke ýagdaýy hem resmi taýdan hasaba alynmady, ony bizde ykrar etmeýärler. Şol sebäpli-de, bize sentýabrda geçen Halk Maslahatynda söz berlen goşmaça hak tölenmeýär” diýip, türkmenabatly lukman belledi.
Soňky aýlarda Türkmenistanda häkimiýetler tarapyndan resmi derejede boýun alynmaýan COVID-19 keseliniň alamatlary bilen geçýän hassalyk keselhanalaryň işgärlerine uly agram saldy. Keselhanalar hassalaryň köpdügine döz gelip bilmedi, köp hassalar kabul edilmedi,lukmanlar agyr şertlerde işledi, munuň üstesine-de karantin zolaglarynda goşmaça işlemäge mejbur boldy. Lukmanlaryň arasynda keselçilik artdy we ölüm ýagdaýlary boldy. Şol bir wagtda, medisina işgärleri ýörite geýimlerini, maskalary, ellikleri öz hasabyna almaga mejbur edildi.
Bu ýagdaýlaryň arasynda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan lukmanlar, saglyk işgärleriniň belli bir bölegiň işni terk edip, serhetler açylanyndan soňra ýurdy terk etmäge taýýarlyk görýändikleri barada gürrüň beripdiler.
Soňky ýylyň dowamynda Türkmenistanyň ilatynyň ýüzbe-ýüz bolýan sosial-ykdysady kynçylyklary hasam güýçlendi. Türkmen hökümetiniň koronawirus pandemiýasy döwründe amala aşyran çäreleri býujet işgärleriniň zähmet haklarynyň azalmagyna, dürli maksatlar üçin aýlygyndan alynýan tutumlaryň sanawynyň we möçberiniň köpelmegine getirdi. Ýurtda girizilen çäklendirmeler ilatyň aglaba böleginiň gazanç etmek mümkinçilikleriniň çürt-kesik azalmagyna getirdi. Medisina hyzmatlarynyň elýeterliligi we hili peseldi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.