Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan karantin çäklendirmelerini aýyrýar we COVID-19 alamatlary bolan keseliň täzeden ýaýramagyna göz ýumýar


Awaza syýahatçylyk zolagy Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Awaza syýahatçylyk zolagy Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmen hökümeti global koronawirus pandemiýasynyň arasynda girizen karantin çäklendirmelerini aradan aýyrýar. Ýurduň içinde bir ýyllyk arakesmeden soň demir ýol we awtobus hyzmatlary dikeldilýär, myhmanhanalar myhmanlary kabul edip başlaýar we ilatyň hereketine girizilen gadaganlyklar bölekleýin ýatyrylýar. Ýurduň çäginde COVID-19-yň bardygyny ykrar etmeýän hökümet ne geçen ýyl girizilen berk çäklendirmeleriň sebäbini, ne-de olaryň indi ýatyrylmagynyň sebäbini resmi taýdan düşündirdi. Bu aralykda, ýurtda COVID-19 alamatly keseliň ýaýbaňlanmagy ýene-de güýçlendi.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalar 1-nji aprelden myhmanlary kabul edip başlaýar. Myhmanhanada ýerleşmek üçin diňe ýaşaýan ýerinden alnan COVID-19 testiň negatiwdigi barada resminama talap edilýär. Şol bir wagtda-da myhmanhanalardaky nyrhlar ortaça 35% ýokarlanypdyr.

Türkmenistanyň resmi edaralarynyň web sahypalarynda myhmanhanalaryň işiniň täzeden başlamagy barada maglumat ýerleşdirilmändir. Azatlyk Döwlet syýahatçylyk komitetinden we Awaza milli syýahat zolagy boýunça komitetiniň wekillerinden resmi maglumat almaga synanyşýar.

Şeýle-de, Azatlygyň habarçylary ýurduň içinde raýatlaryň hereket etmegi üçin talap edilýän käbir resminamalaryň ýatyrylandygy barada hem habar berýärler. Hususan-da, içerki uçarlara münmek üçin indi diňe COVID-19 keseliniň ýoklugy barada sprawka talap edilýär.

Azatlygyň habarçysynyň belleýşi ýaly, zerur şahadatnamalaryň azalmagy ilat üçin uly ýeňillik bolupdyr, häzirki wagtda COVID-19 keseli boýunça testiň negatiwdigi baradaky sprawkany görkezip, içerki uçara bilet satyn alyp bolýar. Testiň bahasy 102 manada durýar.

Mundan öň ýurduň içinde syýahat etmek üçin raýatlardan öýken barlagyndan, narkologiýa, ruhy keseller we inçekesel boýunça hassahanalardan saglyk kepilnamasy, şeýle-de ýerli polisiýadan sprawka talap edilýärdi. Resminamalar maddy çykdajylary talap edýärdi we olaryň 72 sagatdan 14 güne çenli çäkli wagt möhleti bardy. Üstesine, geçen güýzde girizilen düzgüne görä, raýatlar syýahatyň zerurlygyny düşündirýän düýpli sebäp görkezmäge mejbur edilipdi. Syýahata esas hökmünde iş, saglyk we ýakyn adamyň ölümi ýaly sebäpler ýörite döredilen komissiýalar tarapyndan kabul edilýärdi.

Çäklendirmeleri ýatyrýan türkmen hökümeti, ýurtda koronawirus bilen kesellän ýekeje-de adamy hasaba almandygyny aýdýan hem bolsa, ilata koronawirusa garşy waksina etmek we karantin zolaklaryny giňeltmek we täzelerini döretmek ýaly çäreleri görýär.

Şol bir wagtyň özünde-de, Türkmenistanyň hökümeti COVID-19 alamatlary bilen ýüze çykýan keseliň ýaýbaňlanmagyny görmezlige salýar we resmi hasaba almaga howlukmaýar.

Azatlygyň Lebapdaky habarçylary welaýatda keseliň täzeden ýaýraýandygyny habar berdiler. Olar kesellänleriň we ölenleriň arasynda saglyk işgärleriniň-de bardygyny aýdýarlar, hususan-da, Farapda 40 ýaşly laboratoriýa şepagat uýasynyň we 55 ýaşly lukmanyň, şeýle hem ýerli karantin zolagynda işleýän bir lukmanyň ölendigini habar berýärler.

Azatlygyň çeşmelerine görä, regionda azyndan 5 saglyk işgärinde koronawirusyň "britan ştamyna meňzeş" görnüşi tapylypdyr. Bu kesel çagalaryň arasynda hem ýaýraýar.

Şunuň bilen baglylykda sebit häkimiýetleri ýene-de banket zallaryny ýapyp başladylar. 26-njy martdan bäri polisiýa ulaglarda maska geýmegiň tertibine gözegçiligi güýçlendirdi. Ýerli ymamlar ilaty aprel aýynda Oraza aýynda köpçülikleýin ýygnanyşyklardan saklanmaga çagyrýar. Bu barada ýerli habarçylarymyz we çeşmelerimiz aýdýar. Olaryň sözlerine göre, lukmanlara henizem COVID-19 keselini agzamak we diagnoz goýmak gadagan edilýär. Şol bir wagtyň özünde sport ýaryşlarynyň geçirilmegi dowam etdirilýär.

Türkmenistan mart aýynyň başynda karantin çäklendirmelerini bölekleýin ýeňilleşdirip başlapdy. Kafeler, barlar, restoranlar, söwda merkezleri we banket zallary gaýtadan açylyp başlady. Aşgabat bilen Türkmenabatyň arasyndaky demir ýol gatnawy, şeýle hem Aşgabat bilen Daşoguzyň arasyndaky awtobus ugurlary synag tertibinde ýola goýuldy.

Bu aralykda, demir ýol ulaglary boýunça döwlet gullugy synag tertibindäki demir ýol gatnawynyň ýene birnäçe ugurdan dikeldilýändigini habar berdi.

“Türkmenistanyň demirýollary” 2021-nji ýylyň 1-nji aprelinden başlap, Aşgabat-Mary-Türkmenabat hepdelik synag otly gatnawlarynyň çarşenbe we anna günleri, penşenbe we şenbe günleri Türkmenabat-Mary-Aşgabat, ýekşenbe günleri Aşgabat-Daşoguz we duşenbe günleri Daşoguz-Aşgabat aralygynda ýola goýuljagyny habar berýär. Beýleki sebitlere degişli çäklendirmeler 2021-nji ýylyň 15-nji apreline çenli uzaldylýar.

Garaşsyz neşir "Türkmenistanyň Hronikasy" 1-nji aprelden Aşgabat-Daşoguz-Aşgabat, Aşgabat-Mary-Aşgabat, şeýle hem Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat ugurlary boýunça awtobus gatnawynyň täzeden başlandygyny habar berýär. Neşir "Türkmenawtotransport" gullugyna salgylanyp, şäherara awtobus gatnawynyň beýleki çäklendirmeleriniň 15-nji aprele çenli uzaldylandygyny belleýär.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi 1-nji aprelden teatr möwsüminiň synag tertipde açylýandygyny ýaňy-ýakynda habar berdi.

Daşary ýurt diplomatik wekilhanalary bolsa, öz ýurtlarynyň raýatlaryny Türkmenistandan çykarmagy dowam etdirýärler. 31-nji martda Orsýetiň "S7" awiakompaniýasynyň 8536-njy reýsi bilen 173 adam Türkmenabatdan Moskwa uçdy.

"Türkmenistanyň Hronikasynyň" belleýşi ýaly, soňky bir hepdäniň içindäki bu ikinji reýis koronawirus pandemiýasy sebäpli türkmen serhetleri ýapylansoň Türkmenistandan Orsýete ýolagçylary äkiden onunjy uçar bolupdyr.

Emma öň yglan edilen resmi planlara garamazdan, "Türkmen howa ýollary" halkara gatnawlary gaýtadan amala aşyryp başlamady. Fewral aýynda milli howa kompaniýasy 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylan halkara uçuşlara girizilen çäklendirmeleriň 2021-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli uzaldylýandygyny habar beripdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG