Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen baş diplomaty (prezidentiň ogly bilen) rus kärdeşi bilen gepleşik geçirer


Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşid Meredow (çepde)we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Moskwada, Fewral, 2017 ý.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşid Meredow (çepde)we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Moskwada, Fewral, 2017 ý.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşid Meredowyň Moskwada özüniň russiýaly kärdeşi Sergeý Lawrow bilen gepleşik geçirmegine garaşylýar. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrligi mälim etdi, emma duşuşygyň anyk senesi anyklaşdyrmady.

Ýatlatsak, 30-njy mart – 2-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň hökümet agzalary türkmen-rus hökümetara iş toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek üçin Moskwa sapar edýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu toparyň düzümine täzelikde: Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Howpsuzlyk geňeşiniň agzasy wezipelerine bellenen ogly – Serdar Berdimuhamedowy hem goşdy.

Rus Daşary işler ministrliginiň 30-njy martda ýaýradan beýanatynda Lawrow bilen gepleşiklere Meredow bilen birikde kiçi Berdimuhamedowyň hem gatnaşjakdygy bellenilýär.

Rus baş diplomaty bilen gepleşikleriň dowamynda giň gerimli ikitaraply gatnaşyklaryň söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we bilim ulgamlaryna gönükdirilen aktual meseleler boýunça pikir alyşyljakdygy habar berilýär.

Mundan başga-da, beýleki meseleler bilen bir hatarda, regional howpsuzlyk meselesine, şeýle-de umumy wehimlere garşy durmak boýunça bilelikdäki mümkin çärelere aýratyn üns beriljekdigi bellenilýär.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi türkmen delegasiýanyň Moskwa saparynyň çäklerinde 31-nji martda Russiýa Federasiýasynyň hökümet edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de söwda-ykdysady, energetika, himiýa senagaty, oba-hojalyk we medeni-ynsanperwer pudaklary boýunça iş alyp barýan iri kompaniýalar bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirendigini mälim etdi.

Bularyň hatarynda Russiýanyň Saglygy saklaýyş ministrligi, “Sberbank”, “Kamaz”, “Gazprom”, “Lukoýl” nebit-gaz kompaniýalary, şeýle-de döwletiň eýeçiligindäki “Mir” we WGTRK habar kompaniýalary, galyberse-de “Moskwanyň sirki” hem bar.

Bu aralykda, 30-njy martda prezident Berdimuhamedow daşary işler ministri Meredowa we beýleki degişli türkmen ýolbaşçylaryna rus tarapy bilen 10 töweregi ylalaşyga gol goýmaga ygtyýar berýän buýrugy çykardy. Bularyň arasynda “Biologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama”, şeýle-de saglygy saklaýyş, gümrük, statistika, bank pudaklaryna dagy degişli dokumentler bar.

Russiýa koronawirus çäklendirmelerine garamazdan iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösýändigini aýdýar. Maglumata görä, 2020-nji ýylda ýurduň Türkmenistan bilen söwda dolanyşygy ondan ozalky ýyl bilen deňeşdirilende 39,6% artyp, $970,2 milliona ýetipdir. Şeýle-de, häzirki gün Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda 36 müňden hem aşa türkmen talybynyň bilim alýandygy nygtalýar.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi beýanatynda Türkmenistanyň ilkinjileriň hatarynda koronawirusa garşy “Sputnik V” we “EpiWakKorona” waksinalaryny hasaba alandygyny, şeýle-de 2019-njy ýylda ýurduň türkmen gazyny täzeden satyn alyp başlandygyny belläp geçýär.

Şol bir wagtda synçylar, şol sanda hökümet tankytçylary Türkmenistanyň soňky ýyllarda daşary syýasatyny üýtgedip, barha kän Russiýa garaşly bolýandygyny, munuň ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, şeýle-de hökümet başlygyna bolan ynamyň azalmagy bilen baglydygyny öňe sürýärler.

Şeýle-de Kremliň Aşgabady gaýtadan öz täsirine getirmek üçin, sebitdäki terrorçylyk howpuny, türkmen ýolbaşçylaryny oňa göz ýummakda aýyplamak usullaryny hem ulanýandygy bellenilýär.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 8-nji aprelinde ýola goýuldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG