Türkmenistanyň peýdasyna içalyçylyk edenlikde günälenip, 15 ýyl azatlykdan mahrum edilen Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň (häzirki Döwlet howpsuzlyk gullugy) öňki işgäri Odilbek Ýuldaşewiň hossarlary onuň azatlyga çykarylmagyny talap edýärler.
52 ýaşly Odilbek Ýuldaşew 2011-nji ýyldan bäri türmede. Ýuldaşewiň hossarlarynyň sözüne görä, ol tussag edilen ilkinji günlerinden başlap, Döwlet howpsuzlyk gullugynyň izolýasiýa bölüminde gynamalara sezewar edilipdir.
Tussag edileniň 22 ýaşly ogly Walijon Ýuldaşew kakasyny boşatmak haýyşy bilen ýokary döwlet edaralaryna ýüz tutandygyny, emma henize çenli jogap almandygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Walijon Ýuldaşew Azatlyk bilen geçirilen söhbetdeşlikde, kakasy tussag edilenden soň, Daşkendiň “Gwardiýa” köçesinde ýerleşýän Döwlet howpsuzlyk gullugynyň tussaghanasyna äkidilendigini we içalyçylyk edendigini boýun aldyrmak üçin, on gün gynalandygyny, şonda onuň gapyrgalarynyň döwlendigini aýtdy.
– Tussag edilenden soňky ilkinji günlerde kakamy jenaýaty boýun aldyrmak üçin, on günläp üznüksiz ýenjipdirler. Soňky agyr ýagdaý mundan üç ýyl ozal ýüze çykdy. Şonda oňa özüniň günälidigi barada, kamerada gürlemek mejbur edilipdir, ýöne soň şol wideo hiç haçan çykmady. Biz ahyr soňunda, iki ýyl ozal kakamyň gynamalara sezewar edilendigi barada, jenaýat işini açmagy başardyk. Emma kazyýet ol işi möhleti geçipdir diýen bahana bilen ýapdy. Kakamy gynamalara duçar eden jogapkärçilikden gaçyp bildi. Munuň ýerine kakamyň 15 ýyl azatlykdan mahrum etmek jezasyny üç ýyl azaltdylar. Görnüşinden, kakamyň aýdyşy ýaly, ol gynamalara sezewar edilipdir – diýip, Walijon Ýuldaşew aýdýar.
Içalyçylykda günälenmek
Walijon Ýuldaşewiň sözüne görä, kakasy Odilbek Ýuldaşew Türkmenistanda, Daşoguz şäherinde dünýä inipdir. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ahyrynda Daşkent Döwlet uniwersitetine okuwa giripdir.
Okuwy gutarandan soň, Odilbek Ýuldaşew dokuz ýyllap Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugynda (häzirki Döwlet howpsuzlyk gullugy) derňewçi bolup işläpdir.
1998-nji ýylda Milli howpsuzlyk gullugyndaky işini ýitiren Odilbek Ýuldaşew Günorta Koreýanyň maliýe goldawy bilen Özbegistanda açylan KOICA (Koreýa Halkara Hyzmatdaşlyk Guramasy) mugt kömek guramasyna işe giripdir.
2011-nji ýylda Ýuldaşew Türkmenistanyň haýryna içalyçylyk etmekde we döwlet syrlaryny türkmen tarapyna geçirmekde aýyplanyp, 15 ýyl azatlykdan mahrum edilýär.
Oglunyň sözlerine görä, derňew materiallarynda Odilbek Ýuldaşewiň iş hyzmatlary bilen goňşy Türkmenistana häli-şindi gidip gelendigi, Daşkentdäki türkmen ilçihanasyna barandygy hem netijede Türkmenistanyň ýörite gulluklary tarapyndan işe baglanandygy aýdylýar.
Şeýle-de bolsa, Walijon Ýuldaşew bu aýyplamalaryň ählisiniň kakasyna töhmet atmakdan başga zat däldigini öňe sürýär.
– Kakamy Milli howpsuzlyk komitetinden gitmäge mejbur eden sebäp, gullugyň ýolbaşçylaryndan uly jenaýata göz ýummak talaby bolupdyr. Oňa: "Esasy jenaýata gözüňi ýumsaň, gullukda galarsyň, ‘ýok’ diýseňem gidersiň" diýlipdir. Kakam muňa razy bolman, ýörite gullukdan çykýar. Soň bolsa KOICA guramasynda işe ýerleşýär. Şol döwürde kakam köplenç dürli ilçihanalara, şol sanda Türkmenistanyň ilçihanasyna-da barmaly bolýardy. Aýyplaw materiallarynda kakamyň Özbegistandaky hytaý hem rus kompaniýalary barada, Türkmenistanyň ilçihanasyna maglumat berendigi hem munuň üçin dört müň ABŞ dollaryny alandygy aýdylýar. Şol materiallarda ýene-de kakam olara Özbegistanyň kartasyny berendigi öňe sürülýär. Aslynda bu maglumatlaryň ählisi açyk çeşmelerde elýeterli ahyryn. Mundan başga-da, kakam Daşkent şäheriniň Şahantahur içeri işler bölümi tarapyndan berlen özbek pasportynyň galpdygy üçin günäkärlenýär, kakam şol galp pasporty bilen ýurduň daşyna gidip gelipdir. Aýyplamalaryň ählisi ýasama, ol günäler basyş we gynamalar astynda oňa boýun aldyrylypdyr – diýip, Walijon Ýuldaşew Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Gynamalar
2017-nji ýylyň noýabr aýynda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew gynamalar wagtynda alnan görkezmeleri subutnama hökmünde ulanmagy gadagan edýän karara gol çekdi. Resminama görä, gynamalar baradaky islendik hasabat prokuratura we medisina barlagyndan geçirilmeli.
Bu kararda günäkärlenýänlere ýa-da olaryň ýakyn garyndaşlaryna psihologiki ýa-da fiziki täsiriň bolup biljekdigini hökmany suratda barlamak prokurorlara tabşyryldy.
Prezidentiň "Kazyýet we derňew işlerinde graždanlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepilliklerini güýçlendirmek üçin goşmaça çäreler hakynda" diýen karary 2018-nji ýylyň mart aýyndan güýje girdi.
Odilbek Ýuldaşewiň aklawçysy Sergeý Maýorow 2018-nji ýylda güýje giren bu karar esasynda, goragyna alan öz müşderisine garşy gynamalaryň bolandygy sebäpli, jenaýat işini açyp biljekdigini Azatlyk Radiosyna aýtdy.
– Türmä salnanda men Ýuldaşewiň aklawçysy däldim. Emma soň, kazyýet materiallaryny okap tanşanymdan soň, aýyplamanyň düýbünden ýalan subutnamalara esaslanýandygyna düşündim. Boýun almalar gynamalara sezewar edilensoň ýüze çykypdyr. Bu iki ýyl mundan öňki geçirilen barlaglar wagtynda aýdyň boldy, ýagny Ýuldaşewiň garşysyna gynamalaryň bolandygy resmi taýdan tassyklandy. Netijede, ol türmeden boşadylmaly, ony gynamalara sezewar edenler jogapkärçilige çekilmeli – diýip, aklawçy Maýorow aýdýar.
Azatlygyň redaksiýasy Özbegistanyň resmi edaralaryndan, Odilbek Ýuldaşewiň garşysyna gozgalan aýyplamalar barada düşündiriş alyp bilmedi.
Özbegistanyň Ýokary Kazyýetiniň metbugat gullugynyň wekili hökmünde özüni tanadan gürrüňdeşimiz kazyýet işleriniň döwlet we harby syrlar bilen baglanyşyklydygyny gysgaça düşündirip, şol gysga jogap bilen çäklendi.
Odilbek Ýuldaşewiň ogly kakasyny türmeden boşatmak haýyşy bilen Ombudsmene hem-de Özbegistanyň prezidentiniň kabulhanasyna ýüz tutandygyny, emma olaryň ählisiniň jogapsyz galandygyny Azatlyk Radiosyna mälim etdi.
– Indi biz meseläni Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary komitetinde gozgamak isleýäris – diýip, Walijon Ýuldaşew aýdýar.
Özbegistanda mundan owal hem graždanlary goňşy döwletleriň peýdasyna içalyçylykda aýyplamak bilen baglanyşykly kazyýet derňewi geçirildi.
2013-nji ýylyň mart aýynda Özbegistanyň Surhanderýa welaýatynyň hukuk goraýjy guramalary Täjigistan üçin içalyçylykda aýyplanýan üç aýaly tussag etdi.
2014-nji ýylda Kaşgaderýa welaýatynyň dört raýaty Türkmenistanyň haýryna içalyçylykda aýyplanyp, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.
Özbek telewideniýesiniň Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň Özbegistana garşy geçirýän "duşmançylykly işlerine" bagyşlanan bir gepleşiginde, özbek-türkmen serhedindäki Tallymerjen suw howdanynyň öňki işgärleri bolan adamlaryň 2009-2010-njy ýyllar aralygynda goňşy döwletiň ýörite gulluklary bilen "hyzmatdaşlyk edendigi" tassyklandy.
Material Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.