Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sowetler döwrüniň aýagynda rowaçlanan “aç-açanlyk” we onuň türkmen edebiýatyndaky öwüsgini


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

1953-nji ýylda Staliniň ölümi bilen Sowet Soýuzynda zulmat tüni sähelçe-de bolsa egsilip, döwlet durmuşynda liberal tendensiýalar ýüze çykyp başlaýar. Demir ýumruk astynda şekillenen sowet döredijilik endiklerinde maýylganlyk läheň güýjüň gaýdymy bilen gaýzygyp başlaýar.

50-nji ýyllaryň ortalarynda Sowet giňişliginde maýylganlyk sähelçe-de bolsa, ýuwaş-ýuwaşdan liberal garaýyşlary saýhallap başlaýar. Syýasat taryhynda “Hruşýowyň maýylganlygy” bilen ýatda galan döwür demir perdäniň aňyrsynda demigen sowet intelligensiýasyna umyt berýär.

Maýylganlyk döwri uzaga çekmese-de, 1980-nji ýyllaryň ortalarynda Mihail Gorbaçýowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen beýleki pudaklar bilen bir hatarda medeniýetde we sungatda aç-açanlyk öňküsinden rowaçlanyp başlaýar. “Perestroýka – üýtgedip gurmak”, “glasnost – aç-açanlyk” ýaly adalgalar “sowet maýylganlygynyň” dowamaty hökmünde erkinlige teşne intelligensiýanyň jylawyny gowşadýar. Munuň yzýany, Sowet Soýuzy tutuş läheňligi bilen taryhyň sahnasynda çym-pytrak bolýar, ýöne sowet mekdebinde ýetişen ýurtlaryň birnäçesi, şol sanda Türkmenistan sowet “maýylganlygyny” we “aç-açanlygyny”, synçylara görä, ähtimal sözüň doly manysynda dowam etdirip bilmedi.

Sowet Soýuzynda “üýtgedip gurmagyň” hem-de “aç-açanlygyň” awtorlaryndan iň soňky sowet lideri Mihail Gorbaçýow golaýda 90 ýaşady.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany “sowet aç-açanlygynyň” medeni ugurlarda Türkmenistanda amal edilişine syn edýär we onuň netijeleriniň garaşsyzlykdan soňky ykbalyna nazar aýlaýar. Gepleşigimize Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hallyny çagyrdyk.

Sowetler döwrüniň aýagynda rowaçlanan “aç-açanlyk” we onuň türkmen edebiýatyndaky öwüsgini
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

XS
SM
MD
LG