Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen desantçylary Garaşsyzlyk baýramyndan öň hindi goşunyndan tälim alýar


Gurbanguly Berdimuhamedow
Gurbanguly Berdimuhamedow

Hindi goşunynyň ýörite güýçleriniň topary bilelikdäki okuw türgenleşikleriniň çäginde awgust aýynda Aşgabat şäherine baryp görer. Şeýle-de soň olaryň 27-nji sentýabrda, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk dabaralaryna bagyşlanyp geçiriljek howa uçuş tomaşalaryna gatnaşjakdygy bellenýär.

“Indiatoday” neşiriniň 5-nji martdaky maglumatyna görä, Hindistanyň goşuny Türkmenistanyň ýörite güýçlerinetälim berýär.

4-nji martda Himaçal Pradeş ştatynyň Nahan şäherinde, Hindi goşuny bilen bilelikde başlanan söweş türgenleşiginiň wideoýazgysy twitterde hem paýlaşyldy. Habarda aýdylmagyna görä, hindi goşunlary olara, ýöriteleşdirilen kurslaryň başlangyjy hökmünde, paraşýut bilen “Combat Free Fall” ýagny erkin söweş böküşleri boýunça tälim bererler.

“Combat Free Fall” paraşýut ulgamy paraşýutçylara 30,000 fut beýiklikden bökmek, 30 km aralygy planlaşdyryp, islenýän nyşana gonmak üçin umumy çözgütleri hödürleýär. Bu ulgam ýokary belentlikdäki ýokary açyklyk (HAHO) we ýokary belentlikdäki pes açyklyk (HALO) režimlerinde ulanylýar diýip, habarda bellenilýär.

Bu tälimler Türkmenistanyň ýörite güýçleriniň haýyşy boýunça berilýär.

Hindistanyň Goranmak ministrliginiň beýanatynda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň ýörite güýçleri hindi goşunyna tälim bermekleri baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Tälim okuwynyň jikme-jiklikleri twitterde paýlaşylyp, bu türgenleşik hindi goşuny tarapyndan “dostluk baglanyşyklarynyň gurluşy” diýlip atlandyryldy.

Hindistandan we Türkmenistandan bolan 16 desantçydan ybarat topar mundan öň fewral aýynyň başynda, Himaçal Pradeş ştatynyň Nahan şäherinde, Hindi goşunynyň ýörite güýçleriniň taýýarlanylýan mekdebinde asmandan bökmegiň birinji tapgyry boýunça tälim aldy.

Berilýän maglumatlardan çen tutulsa, bu türgenleşik Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna görülýän taýýarlyk bilen bagly bolup, Hindistanyň ýörite güýçleriniň agzalarynyň Aşgabatda guraljak howa tomaşalaryna gatnaşjakdygyny aňladýar.

Hindi goşunynyň ýörite güýçleriniň topary bilelikdäki okuw türgenleşikleriniň çäginde awgust aýynda Aşgabat şäherine baryp görer diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de, soň olaryň 27-nji sentýabrda, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk dabaralaryna bagyşlanyp geçiriljek howa uçuş tomaşalaryna gatnaşjakdygy bellenýär.

Hindistanyň premýer-ministr Narendra Modi 2015-nji ýylda, iki onýyllykdan soň, Türkmenistana baryp gören ilkinji hindi lideri boldy, iki tarap “Goranmak hyzmatdaşlygy şertnamasyna” gol çekdi.

Şeýle-de habarda Türkmenistanyň Goranmak ministri Ýaýlym Berdiýewiň 2018-nji ýylda Nýu-Delide hindi kärdeşi Manohar Parrikar bilen duşuşyp, ýokary we orta derejeli işgärleriň saparlary, ikitaraplaýyn goranmak we howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek meseleleri barada maslahat edendigi bellenilýär.

Mundan başga, iki ýurt 2021-nji ýylyň ýanwarynda Daşary işler geňeşiniň dördünji tapgyryny geçirip, wideo şekilli aragatnaşyk arkaly syýasy, ykdysady, söwda, goranmak... hyzmatdaşlyklaryny maslahatlaşdy.

XS
SM
MD
LG