Lebabyň Farap etrabynda ýerli kassirleriň ençemesiniň, dildüwşüge girip, birnäçe aýyň dowamynda eýýäm aradan çykan gartaşan raýatlaryň pensiýa haklaryny öz aralarynda paýalaşandygy ýüze çykarylandan soňra, sebitdäki ähli pensionerlerden diridigi barada kepilnama talap edilip başlandy. Şol bir wagtda, soralýan dokumentleri almagyň düzgünleri berkleşdirildi, munuň netijesinde-de raýatlar goşmaça çykdajylar we býurokratiki päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz boldy.
“2020-nji ýylda Farabyň pensiýa hasaba alyş bölüminiň 4 kassiriniň iň azyndan bäş aýyň dowamynda eýýäm aradan çykan 31 pensioneri sanawdan çykarman, olaryň pensiýa haklaryny öz aralarynda paýlaşandygy belli boldy. Olara garşy jenaýat işi gozgaldy we döwlete ýetirilen zyýany tölemeli edildi” diýip, bu ýagdaýlaryň jikme-jiklerinden habarly ýerli resmileriň biri atlandyrylmasyzlyk şertinde habarçymyza maglumat berdi.
Gürrüňi gidýän raýatlaryň özleri ýa aklawçylary bilen habarlaşyp bolmandygy, şeýle-de Lebabyň prokuraturasyndan bu barada resmi kommentariýa almak başartmandygy sebäpli, olaryň anyk atlaryny we jenaýat işiniň jikme-jiklerini aýan etmekden saklanýarys.
Bu ýagdaýlaryň yzy bilen, Farabyň pensiýa hasaba alyş bölümleri şu aýyň başyndan bäri 62 ýaşdan geçen raýatlaryň diridigi barada kepilnama talap edip başladylar.
“Eger-de bu kepilnama hödürlenmese, onda raýatyň pensiýa haky onuň bank kartyna geçirilmez” diýip, ýerli resmi habarçymyza aýtdy.
Şol bir wagtda, soralýan kepilnamany almagyň düzgünleriniň berkleşdirilendigi, munuň bilen-de raýatlaryň goşmaça çykdajylary etmeli bolýandyklary hem bellenilýär.
“Indi Farabyň oba arçynlyklaryndan ýönekeý ýaşaýan ýeriň baradaky kepilnamany hem alyp bolmaýar. Munuň üçin, pensioner 4 suratyny we degişli dokumentleri gönümel etrap häkimligine tabşyrmaly. Häkimiň orunbasary etrabyň çetki obasyndaky raýatyň şol ýerde ýaşaýandygyny tassyk edenden soňra, degişli kepilnama berilýär. Ýol, surat we beýleki çykdajylar göz öňünde tutulanda, bu kepilnama üçin her bir adam 100 manat töweregi çykdajy etmeli bolýar” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren faraply pensionerleriň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde erkekleriň pensiýa ýaşy – 62 ýaş, aýallaryňky hem – 57 ýaş diýlip kesgitlenen. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 372 manat möçberinde kesgitlendi. Bu gara bazaryň nyrhy boýunça $12-a deňdir.
Azatlygyň habarçylary pensionlerleriň diridigi barada kepilnama almak düzgünleriniň berkleşdirilmegi bilen, gartaşan adamlaryň bank kartlaryna geçirilen pensiýa haklaryny hem nagtlaşdyryp bilmän kösenýändiklerini belleýärler.
Mundan başga-da, ýurtdaky ýiti ykdysady krizisiň we işsizligiň arasynda köp halatlarda maşgalalaryň pensionerleriň pensiýa haklaryna garaşly bolup durýandyklary hem nygtalýar.
“Biziň maşgalamyzda bäş adam bar. Ählimiz hem pensioner ejemiziň [gara bazardaky nyrha görä] 20 dollar pensiýasyna garaşly. Işlejek diýsek, iş ýok. Enemiz özüne dözmän, sandan çykan galoşony hem täzelemän pensiýasyny dolulygyna bize berýär” diýip, faraply ýaşaýjylaryň biri maşgalasyndaky emele gelen ýagdaýlary suratlandyrdy.
10-njy fewralda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça geçirilen iş maslahatynda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow pensiýalary we döwlet kömek pullaryny bellemekde hem-de hasaplamakda takyklygy üpjün edip, öz wagtynda tölemek boýunça degişli işleri geçirmek barada tabşyryk berdi, emma ýurtdaky pensionlerleriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada kelam agyz söz aýtmady.
Şeýle-de anyk sanlar getirilmezden, Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna geçirimleriň ýyllyk meýilnamasynyň 110,6 göterim ýerine ýetirilendigi, 2020-nji ýylda raýatlaryň meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça pensiýa toplamalarynyň möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirlende, 11 göterim ýokarlanandygy aýdyldy.
Mundan başga-da, Berdimuhamedow ýurtdaky işsizlik meselesini hem gytaklaýyn boýun alyp, ilatyň iş bilen üpjünçiligi babatda Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň alyp barýan işlerine nägilelik bildirdi. Emma munuň bilen bagly görüljek jikme-jik çäreler barada hiç zat aýdylmady. Ministriň öz sözlerine görä bolsa, täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň ählisi ýerine ýetirilipdir.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär