Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyşy mynasybetli, Daşary işler ministrligi bilen bilelikde, daşary ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlary bilen onlaýn-tertibinde birnäçe duşuşyk meýilleşdirildi diýip, wise-premýer Mährijemal Mämmedowa 29-njy ýanwarda geçirilen hökümet mejlisinde aýtdy.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe ýyl öň Magtymgulynyň Aşgabatdaky meşhur ýadygärligini şäheriň daşyna çykaryp, has belent ýerde dikmegi buýurdy. Emma ýerli intellektuallaryň Azatlyk radiosynda çykyş edip, bu ideýa garşy durmaklary netijesinde, Aşgabadyň günortasynda dikilen täze heýkel, edil häzirlikçe, öňki heýkeliň ýykylmagyna alyp gelmedi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy, Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem paýtagtymyzda akyldar şahyryň täze ýadygärliginiň açylmagy mynasybetli wideoaragatnaşyk arkaly medeni çäreleri geçirmäge taýýarlyk görülýär diýip, Mämmedowanyň hasabatynda aýdylýar.
Magtymguly Pyragynyň dünýäniň dürli ýurtlarynda oturdylan ýadygärliginiň ýanynda şahyrlaryň, terjimeçileriň, ylmy işgärleriň gatnaşmagynda edebi okaýyşlary, ylmy maslahatlary, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly çäreleri guramak göz öňünde tutulýar diýip, TDH çäreleriň geçiriljek anyk ýurtlaryny anyklaşdyrmazdan habar berdi.
Neşiriň maglumatyna görä, dabaralardan taýýarlanylan wideogörnüşler Medeniýet we sungat işgärleriniň güni, Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guraljak dabaralarda görkeziler.
Magtymguly Pyragynyň eserleriniň çap edilmegi, öwrenilmegi we ýaş nesle düşündirilmegi soňky otuz ýylda ilki öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň adyndan çap edilen eserleriň wagzy, soňky ýyllarda bolsa, häzirki prezidentiň adyndan çap edilýän kitaplaryň wagzy astynda, tasdan yzky orunlara süýşürildi diýip, ýerli synçylar aýdýar.
Türkmenistanyň ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazow öz döwründe Magtymgulyny terkidünýälikde aýyplap, onuň goşgy setirlerine düzediş girizilmegini hem gazandy. Şeýle-de, Magtymgulynyň goşgusyna aýdylýan “Başlady” aýdymy Türkmenistanda dilden ‘gara sanawa” düşdi.