Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Işsizlik we gymmatçylyk ilaty agyr güne salýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda giň ýaýran işsizlik, bazarlardaky aşa gymmatçylyk, walýutanyň gara bazarda barha ýokarlanýan alyş-çalyş bahasy birnäçe ýyl bäri ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän raýatlaryň durmuşyny has-da kynlaşdyrýar. Ykdysady problemalar sosial meseleleri tutaşdyrýar, ýurduň dürli künjeklerinde ogurlyk hadysalary artýar, dilegçilik köpelýär.

“Şu gün gara bazarda dollaryň bahasy 30 manada bardy” diýip, 24-nji ýanwarda bir türkmenistanly Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. Bahalar ýurduň ähli künjeklerinde bir-birine golaý bolýar. “Türkmenistanyň hronikasy” 24-nji ýanwarda Aşgabatda dollaryň gara bazardaky alyş-çalyş bahasynyň degişlilikde 29 we 29,5 manatdygyny habar berdi.

Iş ýüzündäki kynçylyklardan tapawutlylykda ‘kagyz ýüzünde’, türkmen hökümetine görä, ýurduň ösüş görkezijileri yzygiderli ýokarlanýar.

Synçylar hökümeti emelsizlikde aýyplaýar. Ýerli ýaşaýjylar hökümetiň ilatyň hal-ýagdaýy bilen gyzyklanmaýandygyny aýdýarlar. Hökümet resmileri bu aýdylýanlary ne tassyk, ne-de inkär edýär.

“Adamlaryň nädip öz maşgalasyny ekleýändigi hökümeti düýbünden gyzyklandyrmaýar” diýip, bir türkmenistanly Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. Ol Türkmenistanda soňky döwürlerde köp iş orunlarynyň ýapylmagy bilen, işsiz galan adamlar barada gürrüň berdi.

Azatlyk geçen ýylyň dowamynda, hususan-da aprel, iýul, sentýabr we dekabr aýlarynda ýurduň dürli künjeklerinde ýapylan iş ýerleri, ýa-da iş orunlary barada yzygiderli habar berdi. Habarçy işsizleriň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy.

“Hökümet öz halky barada pikir edýän bolsady, halkyny bu ýagdaýa düşürmezdi” diýip, habarçynyň söhbetdeşi gaýtalady.

Döwlet mediasy türkmen hökümetiniň gazanandygy aýdylýan “üstünliklerini” yzygiderli taryplaýar. Ýurt raýatlarynyň durmuş kynçylyklary ýerli media we metbugat serişdelerini ýalana çykarýar.

Işsiz hojalyklar bazarlardaky gymmatçylykdan şikaýat edýär. Habarçynyň hasaplamalaryna görä, diňe iýgi-içgi üçin bir maşgala her gün azyndan 50 manat gerek; 1 litr süýt 5 manat, çörek 6 manat, 1 kilogram et 52 manat; her maşgala günüň dowamynda ertirlik, günortanlyk we agşamlyk edinýär; hatda ýurduň öz içinde öndürilýän kartoşkanyň, soganyň we beýleki gök-bakja önümleriniň bahalaryna-da walýutanyň gara bazardaky bahasy öz täsirini ýetirýär.

“Diňe bir iýmit problema däl, eýsem, çagalaryň geýim-gejimi hem problema. Keselçilik ýüze çyksa däri-derman problema” diýip, beýleki bir ýaşaýjy gürrüň berdi.

“Dermanlar gaty gymmat. Halkyň elleri baglanýar. Adamlaryň maddy ýagdaýy gün-günden peseldigiçe, ogurlyk köpelýär” diýip, ol sözüne goşdy.

Habarçy aýlykly ýaşaýjylaryň gazanýan zähmet haklarynyň iýmit önümlerini satyn almaga zordan ýetýändigini aýdýar.

Türkmenistanda iň pes zähmet haky 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri 957 manat möçberinde kesgitlenildi. Pensiýanyň hem-de döwlet kömek pullarynyň iň pes möçberleri degişlilikde 372 manat we 354 manat.

“Gara işde işleýän adamlar gününe 10-20 manat gazanýarlar, ol hem iýmit satyn almaga ýetmeýär” diýip, bir gurluşykçy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ol gara işlerde zähmet çekýän adamlaryň gündelik girdejileriniň hatda döwlet tarapyndan ýeňillikli üpjün edilýän harytlary satyn almaga-da ýetmeýändigini aýtdy. Türkmenistanyň döwlet dükanlary ilaty çäkli möçberde un, ýag ýaly önümler bilen her aý ýeňillikli bahadan üpjün etmäge borçlanýar.

Habarçy ençeme ýarym aç ýaşaýjylaryň ýowuz kynçylyklara sezewar bolýandygyny, olaryň arasynda zir-zibil dörýän adamlaryň soňky döwürlerde köp göze ilýändigini habar berýär.

“Soňky döwürde dilegçi has köpeldi” diýip, beýleki bir türkmenistanly aýtdy. Olaryň arasynda mekdep okuwçylaryna-da duş gelmek bolýar. “El serip gedaýçylyk edýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

“Her adam öz maşgalasyny başardygyndan eklejek bolýar. Bir döwüm çörek üçin adamlar bir topar zada baş urmaly bolýarlar” diýip, ol ogurlyk hadysalarynyň artmagyna, gedaýçylygyň köpelmegine üns çekdi.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar boýunça Türkmenistanyň hökümet resmilerinden kommentariýa alyp bilmeýär. Türkmenistanda işsizligiň hakyky derejesini görkezýän statistiki sanlar elýeterli däl.

Ýurduň media serişdelerinden çen tutulsa, Türkmenistanyň her güni “uly ösüşlere beslenýär”, ýurduň halkara abraýy ýokarlanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG