Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda COVID-19-dan ýogalan türk diplomatynyň aýaly prokuratura şikaýat edýär


Aşgabatdaky türk ilçihanasynyň din işleri boýunça geňeşçisi Kemal Uçkun 7-nji iýulda Aşgabatda aradan çykdy.
Aşgabatdaky türk ilçihanasynyň din işleri boýunça geňeşçisi Kemal Uçkun 7-nji iýulda Aşgabatda aradan çykdy.

Prokuratura berlen şikaýatda Kemal Uçkunyň ýatan hassahanasynda onuň özünden başga, COVID-19 alamatlary bilen, ýene-de azyndan 30 adamyň bolandygy,  şol bir wagtda diplomatyň dogry-dürs usullar arkaly bejerilmändigi, sebäbi türkmen häkimiýetleriniň bu keseliň ýurtda bardygyny ýaşyrandygy aýdylýar.

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň dini meseleler boýunça geňeşçisiniň, 7-nji iýulda aradan çykan Kemal Uçkunyň dul galan aýaly birnäçe emeldaryň üstünden prokuratura şikaýat etdi. "Türkmen.news" bu habary türk metbugatyna salgylanyp habar berdi.

"Sozcu" neşiriniň maglumatyna görä, Güzide Uçkun “Türkmenistana aralaşmadyk” COVID-19 ýokuşan 57 ýaşly diplomaty wagtynda dogduk mekanyna getirmegi başarmadyk emeldarlaryň jogapkärçilige çekilmegini talap edýär.

Ol Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministrliginiň gyssagly lukmançylyk gullugynyň baş müdiri Semih Korkut, Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Togan Oral, Din işleri boýunça wise-prezident Selim Argun we Dini işler bölüminiň daşary gatnaşyklar boýunça baş müdiri Erdal Atalaý dagydan nägele bolandygyny aýdýar.

Güzide Uçkunyň pikiriçe, bu emeldarlar wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, geleňsizlik netijesinde adam ölümine sebäp bolandyklary üçin jogapkärçilige çekilmeli.

“Turkmen.news” neşiri onuň basym türkmen häkimiýetleriniň üstünden hem şikaýat etmekçi bolýandygyny habar berýär.

Prokuratura berlen şikaýat arzasynda Kemal Uçkunyň ýatan hassahanasynda onuň özünden başga, COVID-19 alamatlary bilen, ýene-de azyndan 30 adamyň bolandygy, şol bir wagtda diplomatyň dogry-dürs usullar arkaly bejerilmändigi, sebäbi türkmen häkimiýetleriniň bu keseliň ýurtda bardygyny ýaşyrandygy aýdylýar.

Aýdylmagyna görä, Uçkun wirus ýokuşmalaryna garşy netijesi bolmadyk antibiotikler bilen bejerildi. Diplomatyň maşgalasy ilçiden, Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministrliginden we Dini işler edarasyndan hassanyň uçarly dogduk mekanyna äkidilmegini talap etdi. Emma uçuş ylalaşygyny gazanmak prosesi uzaga çekdi.

"Men ýanýoldaşym üçin tiz kömek uçaryny ýa-da ony Türkiýä eltmek üçin islendik başga serişdäniň ulanylmagyny talap etdim" diýip, Güzide Uçkun aýtdy. “Men ol ýogalýança, ähli zerur dokumentleri jemläp, her gün degişli haýyşnama iberdim. Ilçihana, Dini işler bölümi we Saglygy goraýyş ministrligi hiç bir çäre görmedi” diýip, diplomatyň yzynda galan aýaly aýtdy.

Ahyrsoňunda bu uçuş guraldy, ýöne ol hassa ýogalandan 60 sagat soň mümkin boldy we Türkiýä diplomatyň özüni däl, jesedini alyp geldi.

Türkmen lukmanlary merhumyň ölüm şahadatnamasynda “pnewmoniýa sebäpli ýürek ýetmezçiligi” diagnozyny görkezdiler. Kemal Uçkun 11-nji iýulda dogduk mekanynda, Denizli sebitiniň Ajipaýam şäherinde jaýlandy.

Güzide Uçkunyň bähbitlerine wekilçilik edýän aklawçy Ahmet Başçi žurnalistler bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanda COVID-19 hassasynyň köpdügini we häkimiýetleriň onuň ýoklugy baradaky sözleriniň hakykata gabat gelmeýändigini nygtady. "Bu hemmä belli bir hakykat" diýip, aklawçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasy bilen habarlaşdy. Emma häzirlikçe ýokary derejeli türk resmileri bilen birlide ilçi Togan Orala bildirilýan nägilelikler boýunça maglumat almak başartmady.

“Turkmen.news” neşiri Kemal Uçkunyň Türkmenistanda “ýok” COVID-19 epidemiýasyndan ejir çeken ýeke-täk diplomatik işgär däldigini belleýär.

Ýaňy-ýakynda, dekabr aýynda Angliýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hýug Stenli Filpott özüniň koronawirus hassalygy barada twit ýazdy.

Habar “Turkmen.news” neşiriniň makalasy esasynda taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG