Türkmenistanda öndürilendigi aýdylýan beýleki elektroniki enjamlar bilen birlikde smart, ýagny akylly telewizorlar hem dükan tekjelerinde peýda boldy. Ýerli telewizorlaryň bahalarynyň daşary ýurtly bäsdeşleri bilen deňeşdirilende has arzandygyna garamazdan, alyjylar olaryň hiliniň juda pesdigini aýdýarlar, söwdegärler hem bolup biljek geljekki düşünişmezliklerden gaçyp, olary satyn almazlygy maslahat berýärler. Bu aralykda, daşary ýurtlardan getirilýän telewizorlara goşmaça salgydyň salynjakdygy barada hem resmi bolmadyk maglumatlar gowuşýar.
Türkmenistanyň ýarym-resmi internet neşiri Aşgabatda “Aýdyň gijeler” brendi bilen öndürilýän elektroniki harytlary, şol sanda iki sim kartly mobil telefonlary, smart telefonlary, sowadyjylary, şeýle-de smart telewizorlary hem ýerleýän ilkinji ýöriteleşdirilen dükanyň açylandygyny habar berdi.
Ýatlatsak, mundan ylaýyk bir ýyl ozal Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Türkmensenagat” agentliginiň bilelikdäki kärhanasy “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti tarapyndan ekranynyň ölçegleri 32 dýum, 42 dýum we 55 dýum bolan smart telewizorlary öndürmek planlaşdyrylýandygy habar berlipdi.
Şol pursat, türkmen mediasy munuň ýurtda “innowasion esasda elektron senagatyny ösdürmek, içerki bazarlara gönükdirilen hem-de daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan elektron we elektrotehniki harytlary öndürmek boýunça” alnyp barylýan işleriň çäginde amal edilýändigini aýdypdy.
Emma alyjylaryň käbiri ýerli telewizorlaryň bahalarynyň degişlilikde arzan bolmagyna garamazdan, olaryň hiliniň juda pesdigini aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Türkmenistanda öndürilendigi aýdylýan telewizorlaryň käbir täze eýeleri we satyjylary bilen söhbetdeş boldy.
“Mundan bir hepde ozal Türkmenabatda ‘Tolkun’ atlandyrylýan 32 dýumlyk telewizory 2 müň 200 manada satyn aldym. Öýe getirip çatanymdan üç sagat çemesi soň, ol öz-özünden öçüp galdy we gaýdyp işlemedi. Men ony alan dükanyma eltdim, dükan eýesi bu haryt üçin kepilnama berilmeýändigini, şol sebäpli ony yzyna alyp bilmejekdigini, tehniki hyzmat hödürläp bilmejekdigini, şeýle-de pulumy hem gaýtaryp bilmejekdigini aýtdy” diýip, faraply Aýmyrat (ady üýtgedilen – red.) habarçymyza gürrüň berdi.
Şol bir wagtda, satyjylar hem, Aýmyrat ýaly müşderileriň köpelmegi bilen, ýerli telewizorlary satyn almazlyk barada maslahat berip başlandyklaryny aýtdylar.
“Bu telewizorlary satyn alanlaryň 90% çemesi, tehniki näsazlyklar sebäpli, olary yzyna gaýtarmaga synanyşýarlar. Bu telewizorlary biziň özümiz getirmeýäris, şol sebäpli bu harytlara kepilnama berip bilmeýäris. Ýerli ýolbaşçylar olary bize satdyrýarlar. Olaryň hilinden ilki habarymyz ýokdy. Biz bu sebäpli biabraý bolup, müşderilerimiziň gözünden düşmek islemeýäris. Şol sebäpli, ýerli telewizorlary satyn almazlygy maslahat berýäris” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatly dükan eýeleriniň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosyna “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti bilen habarlaşyp, bu brend bilen ýerlenýän önümlerde ýüze çykýan tehniki näsazlyklar barada sorag bermek häzirlikçe başartmady. Kärhananyň resmi websaýtynda görkezilen telefon belgileri işlemeýär.
Ýene bir bellemeli ýagdaý, gürrüňi gidýän telewizorlar başdan-aýak Türkmenistanda öndürilmän, olar diňe Hytaýdan getirilen abzallaryň hasabyna ýurduň öz içinde jemlenip düzülýär.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň websaýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, telewizorlar Hytaýyň “Xin Hong Bo Trading Limited” kompaniýasynyň tehnologiýasy boýunça we toplumlaryny ulanmak arkaly düzülýär. Şol bir wagtda, olaryň korpus detallarynyň kärhananyň plastik öndürýän sehinde ýerli çig maldan öndürilýändigi nygtalýar.
Mundan başga-da, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan telekeçiler geljek ýyldan başlap daşary ýurtlardan getirilýän telewizorlara goşmaça salgydyň salynmagynyň mümkindigini aýtdylar. Bu maglumaty Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetine ne tassykladyp, ne-de inkär etdirmek başartdy.
Bu aralykda, türkmen häkimiýetleri, ýurtdaky ýiti ykdysady we azyk krizisiniň, şeýle-de maliýe ýetmezçiliginiň arasynda, býujet işgärlerini nobatdaky gezek maşgala býujetine mazaly agram salýan çykdajylara goýup, ýerli telewizorlary satyn almaga mejbur edýärler.
Azatlygyň mundan dört aý çemesi habar berişi ýaly, Farapda ýerli ýolbaşçylar 2 müň 400 manatlyk telewizorlar üçin her aý býujet işgärleriniň zähmet haklaryndan 500 manat möçberinde puluň tutulyp galynjakdygyny, şeýle-de telewizorlaryň diňe geljekki ýylyň 21-nji ýanwarynda gowşuryljakdygyny aýdypdylar.
Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan hünärmenler smart telewizorlaryň aglaba funksiýalarynyň onlaýn ýagdaýda amal edilýändigi üçin, ýurtdaky internet üpjünçiliginiň ‘gözgyny’ şertleri nazarda tutulsa, ýerli ýaşaýjylaryň bu telewizorlaryň mümkinçiliklerinden doly peýdalanyp bilmejekdiklerini belleýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.