Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pagta planyny 'dolýan' Türkmenistan Türkiýeden geýim-eşik importyny köpeldýär


Türkmen TW-sinde görkezilen pagta ýygymy. Arhiw suraty
Türkmen TW-sinde görkezilen pagta ýygymy. Arhiw suraty

Türkmenistan şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda Türkiýeden satyn alýan taýýar geýim-eşiklerini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 15,13% artdyrdy diýip, “Trend” neşiri Türkiýäniň Söwda ministrligine salgylanyp habar berýär.

Import edilen hatyrlaryň umumy bahasy $9,065 million boldy.

Oktýabrda Türkiýeden getirilýän eşikleriň möçberi 17,89% bolup, import edilen taýýar önümiň bahasy $1,13 million dollar boldy.

Türkmen metbugatynda soňky ýyllarda importyň öwezini tutýan önümleri köp öndürmek we ýerli harytlaryň eksportyny artdyrmak ugrunda köp iş edilendigi aýdylýar.

Şol bir wagtda, ýurduň bazarlarynyň gök önümlerden, miwelerden we bag nahallaryndan başlap, zerur bolan gurluşyk materiallaryna, semende çenli daşary ýurtlaryň önüm öndürijilerine garaşly bolup galýandygy habar berilýär.

Türkmenistan ýylyň-ýylyna bugdaý, pagta planlaryny doldurandygyny yglan edýär, emma un, çörek gytçylygy saklanyp galýar.

Pagta planlary barada aýdylanda bolsa, ýerleriň şorlamagy, suw desgalaryna onlarça ýyllap esewan edilmezligi, daýhanlaryň oba hojalygyndan eklenç etmek mümkinçiliginiň düýpli azalmagy netijesinde, döwlet tabşyrygy esasynda öndürilýän hasylyň möçberi ýyl-ýyldan pese gaçýar diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýär.

Bu ýagdaý öňki prezident Saparmyrat Nyýazow tarapyndan boýun alyndy we ol ýurtda gurlan egirme-dokma fabrikleri üçin ýeterlik pagtanyň öndürilmeýändigini tassyklap, günäni welaýat we etrap häkimleriniň üstüne ýükledi.

Synçylar pagta ýygymynyň Türkmenistanda tas durşuna mejbury zähmete aýlanandygyny aýdýarlar. Häkimiýetler her ýylda býujet işgärlerinden pagta üçin ýygnalýan serişdeler, adamlaryň noýabrda hem pagta ýygmaga iberilmegi barada çykýan habarlara hiç bir düşündiriş bermeýärler.

XS
SM
MD
LG