Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlaw 2020. Düşündiriş: ABŞ-da galplyga garşy alnyp barylýan saýlaw çäreleri


ABŞ - Fulton etrabynyň hasaba alyş we saýlaw geňeşiniň işgäri. ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Atlanta şäheri, 4-nji noýabr, 2020-nji ýyl.
ABŞ - Fulton etrabynyň hasaba alyş we saýlaw geňeşiniň işgäri. ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Atlanta şäheri, 4-nji noýabr, 2020-nji ýyl.

Azatlyk Radiosy prezident saýlawlarynda galplyk baradaky aýyplamalara, resmileriň bu talaplar baradaky faktlaryna we belliklerine, saýlaw düzgünleriniň bozulmagynyň öňüni almak çärelerine syn berýär.

ABŞ-da gyzgalaňly we bäsdeşlikli geçen saýlawlarda býulletenleriň sanalmagy dowam edip, iş başyndaky prezidentiň ýeňişini yglan etmek islegini puja çykarýan wagtynda Donald Tramp güýçli nägilelik bildirýärler.

Tramp 5-nji noýabrda eden çykyşynda hiç hili subutnama bermezden, ýeňşiniň "amerikan halkyna edilen galplyk" bilen ogurlanandygyny onuň "korrumpirlenen Demokratik maşyny" tarapyndan işlenip düzülendigini we "taryhy saýlawlara goşulmakda uly puldan, uly mediadan we uly tehnologiýalardan" peýdalanylandygyny öňe sürdi.

Çykyşda öňe sürlen esassyz aýyplamalar soňra Twitterde çap edilen ençeme gaharly maglumatda dowam etdirildi we Trampyň poçta býulletenleri barada birnäçe hepde bäri eden şikaýatlarynyň köpelmegine getirdi. Köp halatlarda iň soňunda hasaplanylýan bu sesleriň onuň demokratik garşydaşy Jo Baýdeniň peýdasyna boljagy çak edilýär.

Saýlaw prosesine edilen hüjümlerden soň ABŞ-nyň birnäçe tele-radio kanaly Trampyň aýyplamalaryna garşylyk bildirmek üçin göni efirdäki gepleşiklerini kesdi, Twitter onuň käbir twitlerini "jedelli" we "ýalňyş" diýip atlandyrdy we prezidentiň öz respublikan partiýasynyň çägindäki käbir kanun çykaryjylar aýyplamalaryny esassyz diýip tankytlady.

Olar muny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň saýlaw galplyklaryndan doly goraglydygy sebäpli däl-de, eýsem Trampyň "bikanun ses bermek" diýip aýyplamagyna subutnamasynyň ýokdugy we saýlaw galplyklarynyň öňüni almak üçin saýlaw prosesine howpsuzlyk çäreleriniň girizilendigi sebäpli etdiler.

Aýratyn şikaýatlar haýsy we ses galplyklarynyň öňüni almak üçin nähili ygtybarly çäreler görüldi?

Poçta arkaly iberilen býulletenler

Trampyň esasy şikaýaty, saýlawçylaryň saýlaw uçastogynda şahsy taýdan berilmedik býulletenleriň sanalmagy bilen baglanyşykly. Millionlarça býulletenler harbylar, daşary ýurtdaky raýatlar we koronawirus pandemiýasy wagtynda saýlaw uçastoklaryna gitmekden gorkup öýünde ses beren saýlawçylar tarapyndan iberildi.

Trampyň kampaniýasy, Miçiganda we Pensilwaniýa ştatynda sesleriň sanalmagyny togtatmak üçin suda birnäçe arza berdi. Göreş meýdanyna öwrülen bu iki ştat Trampyň we Baýdeniň ýeňiş gazanmagy üçin zerur Saýlaw kollegiýasynyň 270 sesini almak ugrundaky tagallalaryna uly täsir edýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda saýlawlaryň geçiriljek şertleri esasan federal kanunlar däl-de, döwlet kanunlary bilen kesgitlenýär. Bitewi milli ses berişlik ýok, saýlaw güni aýry-aýry ştatlaryň saýlawçylary diňe bir prezident üçin däl, eýsem Kongresdäki wekilleri we ştatyň kanun çykaryjylary, syýasat teklipleri we ýurt hem ýerli derejede saýlanan wezipeler üçin ses berýärler.

Şoňa laýyklykda ştatlarda poçta býulletenlerini ibermek üçin kesgitlenen dürli standartlar bolup biler, olar adaty poçta, elektron poçta we şahsy taýdan eltip bermek bilen çäklenilmeýär. Käbir ýagdaýlarda saýlaw býulletenleri saýlaw gününiň ahyryna çenli ýerli saýlaw edaralaryna ýetirmeli. Poçta bilen iberilen býulletenler bar bolsa, käbir ştatlar saýlaw güni ses berişligiň ahyryna çenli poçta bilen iberilendigini görkezýän bellikleri bar bolsa, býulletenleri sanamaga mümkinçilik berýär.

Sentýabr aýynda Tramp Demirgazyk Karolinada adamlary saýlaw ulgamynyň howpsuzlygyny barlamak üçin iki gezek ses bermäge, ýagny poçta arkaly býulleten ibermäge we soň şahsy taýdan ses bermäge synanyşmaga çagyrdy.

Tramp indi "garaşylmadyk ses býulletenler" sebäpli birnäçe ştatda öňe çykmak mümkinçiligini ýitirendigini öňe sürýär we poçta bilen iberilen sesleriň sanalmaly däldigini aýdýar.

Şeýle-de bolsa, bu saýlawda gaýybana saýlaw býulletenleri demokratik dalaşgärleri goldaýan bolsa-da, olar döwlet talaplaryna laýyk gelse beýleki saýlaw býulletenleri ýaly güýje girýär. Olar köplenç iň soňunda sanalýar, netijede olaryň sesleriň sanalmagyna täsiri iň soňunda kesgitlenýär. Birnäçe ştatda Baýden 3-nji noýabrdan soňky günlerde gaýybana býulletenleriň sanalmagy sebäpli Trampdan öňe geçip başlady.

Ses berişlik amallary

Trampyň kampaniýasy, Baýdenyň ýaryşda sähel öňe çykan Jorjiada we Newada ştatlarynda sesleri sanamak proseduralaryna garşy çykdy we Baýdeniň ýeňen Wiskonsin şäherinde sesleri gaýtadan sanamaga çagyrdy.

Bu aralykda, Trampyň kampaniýasy, netijelere ýakyndan syn edilýän başga bir ştatda- Arizonada sesleriň yzygiderli, üznüksiz sanalmagyny talap etdi. ABŞ iki media serişdeleri bu ştatyň Baýdene ses berjegini öňünden çak edipdi, ýöne soňra bu ýer güýçli ýaryş meýdanyna öwrüldi.

Her ştatyň, saýlawçylaryň hukugyny we bellige alynmagyny barlamak, gaýybana býulletenlerdäki gollary saýlawçylaryň gollary bilen deňeşdirmek üçin öz düzgünleri bar.

Saýlawçynyň býulleteni birnäçe sebäplere görä zyňylyp bilner. Mysal üçin, býulleteni poçta bukjasynyň içinde gizlin bir bukja salmazlyk, goluň gabat gelmezligi ýa-da ýazgyda adyna laýyk gelmeýän adyň bolmagy ýaly düzgünlere eýermezlik sesiň hasaba alynmazlygyna getirip bilner. Her saýlawda müňlerçe býulleten taşlanýar.

Bu proses gaty agyr bolup biler we köplenç el bilen işlenilýär hem wagty talap edýär. Käbir ştatlar ses sanamak işine saýlaw gününden birnäçe hepde öň başlaýar, beýlekiler saýlaw güni ses berişlik tamamlanýança başlap bilmeýärler.

Saýlaw işgärleriniň ses sanamagynyň we gaýybana saýlaw býulletenlerini hasaba almagynyň we muňa syn edilmeginiň usullary hem ştata bagly bolýar. Bu saýlawlarda işleýän synçylaryň arasynda Amerikanyň raýat azatlyklary bileleşigi (ACLU), Saýlaw bütewiligi fondy we Tomas More jemgyýeti ýaly guramalar bar.

Mundan başga-da, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (OSCE) saýlawlara syn etmek üçin çagyryldy.

Respublikan we Demokratik partiýalardan hasaba alnan synçylaryň çäkli sanynyň hem ses sanalýan otaglara girmegine rugsat berildi.

Trampyň kampaniýasy Pensilwaniýa ştatynda sesleriň sanyny ýakyndan synlamaga rugsat berilmegini isledi we sud işini gozgady. Döwlet sudýasy “ähli dalaşgärlere, synçylara ýa-da dalaşgärleriň wekillerine sesleriň toplanmak prosesine gatnaşmaga rugsat berilýär ... we COVID-19 protokollarynyň hemmesine, şol sanda maska geýmek we 2 metre golaý sosial aralygy saklamak ýaly ähli taraplary berjaý edip synlamagyna rugsat berilýär" diýen netijä geldi.

Miçigan ştatynyň Detroýt şäherinde sesleri sanaýan merkeze hüjüm edip, içine salynmagyny talap eden protestçilere gaýtargy berildi, sebäbi hasaba alnan synçylaryň sanynyň eýýäm ýetendigi aýdyldy.

Bu ýerdäki aýnalar bölekleýin örtüldi, habar berişlerine görä, saýlaw işgärleri otagyň daşyna ýygnanan mähelleden howatyrlandy, käbirler daşardan penjireleri kakdy.

Ak tam bu çäräni "gümürtik" diýip häsiýetlendirdi we Tramp 5-nji noýabrda eden çykyşynda saýlaw işgärleriniň "býulletenleri köpeltmek" üçin ses sanalýan otaglary petiklemäge synanyşandygyny öňe sürdi.

Bir gün öňüsyrasynda, sud ştatda sesleriň sanalmagyny togtatmaga kanuny esaslarynyň ýokdugyny kesgitlänsoň, Trampyň kampaniýasy Miçiganda kanun taýdan täsir ýetirmek mümkinçiligini ýitirdi.

Köpçülikleýin poçta bilen iberilen býulletenler

Tramp käbir ştatlaryň saýlawçylara saýlaw edaralary tarapyndan haýyş etmezden býulleten iberilendigini öňe sürdi.

"Demokratlar bu saýlawda dogruçyl ýeňiş gazanyp biljekdigine hiç wagt ynanmadylar" -diýip, Tramp 5-nji noýabrda eden çykyşynda aýtdy. "Şonuň üçin olar onlarça million soralmadyk býulletenleri haýsydyr bir tassyk ediji çäre görmezden iberdiler" diýip belledi.

Şeýle-de bolsa, şol býulletenler beýleki saýlaw býulletenleri ýaly gözegçilik astynda saklanýar. Mysal üçin, Utah ştatynda resmiler bu çäräniň saýlawçylaryň sanawyny arassalamaga kömek edendigini aýtdylar, sebäbi ses berlen býulleten yzyna gaýtarylsa, ştat saýlawçynyň ses berenligini belläp biler.

#SharpieGate

Ses berişlige degişli başga bir düzgünsizlik, Arizona ştatynyň iň köp ilaty Marikopa okrugynda saýlaw işgärleriniň saýlawçylara kagyz býulletenlerinde yz galdyrýan, emma skanerden geçirip bolmajak we şonuň üçin kabul edilmejek galamlar bilen üpjün etmegidir.

Sosial ulgamlarda peýda bolan şikaýatlar demonstrantlaryň, şol sanda käbir ýaraglylaryň saýlaw gününiň ertesi 4-nji noýabrda Marikopa saýlaw bölüminiň daşynda ýygnanyşmagyna sebäp boldy.

Döwlet Baş prokuraturasy düşündiriş üçin etrap saýlaw işgärlerine hat iberenden soň, Marikopa saýlaw bölümi Sharpie galamlarynyň saýlawçylara berilendigini düşündirdi. Ol birnäçe synagdan soň, Sharpie galamlarynda guradyjy syýa bardygyny we onuň Saýlaw merkeziniň ses sanaýjy gurallary üçin iň amatlydygynyň anyklanandygyny aýtdy.

5-nji noýabrda, Arizona ştatynyň Döwlet sekretary Keýti Hobbs, ştatyň iň ýokary saýlaw resmisi protestçilere ýüzlenip, "olaryň şol ýerde bolmagynyň işi yza çekýändigini, zyýan berýändigini we işgärleriň işini ýerine ýetirmegine päsgelçilik döredýändigini" aýtdy.

Halkara gözegçiligi

Öň ABŞ-nyň sekiz sany saýlawyna syn eden ÝHHG häzirki saýlawlara syn etmek üçi saýlaw synçylarynyň gysga möhletli missiýasyny ýerleşdirdi.

4-nji noýabrda bu gurama beýanat çap edip, ses berişligiň "kanuny kesgitsizliklere we logistiki kynçylyklara" garamazdan "bäsdeşlikli we gowy dolandyrylandygy" barada netije çykardy we bularyň köpüsini[ COVID-19 pandemiýasyndan we "ýokary polýarlaşan syýasy ýagdaýdan" gelip çykýandygyny belledi.

"Hasaplamak we toplamak işi alnyp barylýar we olar kanunlara hem ÝHHG-niň borçnamalaryna laýyklykda dowam etmelidir" -diýip, ÝHHG belledi we "yzygiderli kemçilikler baradaky esassyz aýyplamalaryň häzirki prezident tarapyndan edilmegi, şol sanda saýlaw gijesinde, halkyň demokratik institutlara bolan ynamyna zyýan ýetirýär" -diýdi.

Makala Maýkl Skollon tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG