Türkmen häkimiýetleri öz awtoulaglarynda adam gatnadyp, ýurtdaky agyr işsizlik şertlerinde maşgalasyny eklemäge çalyşýan raýatlar bilen deň bolmadyk söweşlerini dowam etdirýärler diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen maryly hususy taksiçi aýdýar. Bu maglumaty sebitdäki habarçylarymyz hem tassyk etdi.
Mary şäheriniň polisiýa işgärleri şu gün Mollanepes köçesiniň ugrunda ýerleşýän Gök bazarynyň golaýynda toplanýan hususy taksiçileri bazar duralgasyndan kowdy diýip, habarçymyz 25-nji oktýabrda habar berdi.
“Maşgalasyny kireý etmek bilen ekleýän adamlar awtoulaglaryny golaýdaky awtoduralgalarda, hususan-da Mary myhmanhanasynyň duralgasynda goýup, Gök bazarynyň golaýynda durup, “Gel, Baýramala bolsaň?” diýip gygyrýarlar. Eger adam tapsalar, “Mary oteliniň ýanyna baryber” diýip, özleri öňürti haýdap gidýärler” diýip, habarçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ýolagçylar indi esasan kiçi awtobuslarda, il içinde “marşrutka” diýilýän maşynlarda kireý edýän adamlaryň hyzmatyndan peýdalanmaga kän ýykgyn edýärler. Munuň sebäbi, maşrutkalaryň hyzmatynyň beýleki taksilere garanda arzan düşmegi bilen düşündirilýär.
Kiçi awtobuslarda kireý edýän taksiçiler adam başyna 3 manatdan alýarlar, beýleki taksilerde bolsa şol aralyga 10-12 manat çykarmaly bolýar, sebäbi ilki bir taksä münmeli, soňra Baýramaly gidýän taksä münmeli bolýarlar diýip, ýolagçylaryň biri ýagdaýy düşündirdi.
Şähr içindäki taksiler hem nyrhlaryny gowy ýokarlandyrdylar diýip, ol sebitde durmuşyň barha gymmatlaýandygy baradaky habarlary hem tassyk etdi.
“Adam başyna alynýan kireýleri 1 manat gymmatlatdylar, öňler şäher içinde adam başyna 2 manat alardylar, indi 3 manat bermeli, ýogsa biziň çykdajymyzy ýapanok diýýärler.
Bu ýagdaýy bilýän adamlar 3 manat däl, 2 manat berjek, artyk pulum ýok diýip, öňünden berk gürleşip münýärler. Emma taksä öňünden gürleşmän münseň, hökman 3 manat soraýarlar diýip, habarçy aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, 25-nji oktýabrda Mary myhmanhanasynyň awtoduralgasynda duran hususy taksiçileri, içi ýolagçyly maşynlary bilen, 4 sagat çemesi uly ýola goýbermän sakladylar.
Myhmanhananyň territoriýasyndan çykylýan ýerdäki derwezäniň agzyndaky şlagbaumy ýapyp, gulpladylar. Bu iş polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň buýrugy bilen edildi diýip, habarda aýdylýar.
Myhmanhana işgärlerine “hiç kimi goýbermäň” diýdiler diýip, sagat 11-den 15:00-a çenli şol ýerde, ulagynyň içinde oturmaly bolan sürüjileriň biri aýtdy.
Kiçi awtobuslaryň eýeleri maşynda garaşýan ýolagçylaryň aç-suwsuz oturmagyna gynanyp, olara gitmegi, başga maşyn tutmagy maslahat berdiler. Emma ýolagçylar gitmediler.
Olar kiçi awtobuslaryň içinde, töwereginde üýşüp oturyp, hususy taksiçilere raýdaşlyk bildirdiler.
“Ýok, daýy, näme bolýanyny göreli, niýetlerini bileli bularyň” diýip, ýolagçylaryň biri aýtdy. Soňra, oturan adamlaryň haýsy gürlese, hökümetden nägile, polisiýa adamlaryň iş döküşmegine kömek eden ýaly boldy diýip, bu waka şaýat bolan ýolagçylaryň biri aýtdy.
Sagat 15:00-dan soň Mary myhmanhanasynyň garawuly çalyşdy we ol derwezäni açyp, “Baryň, ýuwaşjadan çykyň, bular sizi bärde kösäp saklap, gaýdyp şu duralgada durmaz ýaly etjek bolýarlar” diýdi. Şeýle-de ol sürüjilere özi işe başlaly bäri, entek bu derwezäniň ýapylan wagtyny görmändigini, şu gün birinji gezek görendigini gürrüň berdi.
Azatlygyň ozal hem ençeme gezek habar berşi ýaly, Türkmenistanda takçileriň, öz hususy ulaglary bilen adam gatnadýanlaryň işine yzygiderli ýagdaýda dürli çäklendirmeler girizilýär. Emma muňa garamazdan, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar arasynda öz ýeňil maşynlarynda, kiçi awtobuslarda adam, ýük gatnadyp, gazanç etmäge synanýan adamlar köpelmese, azalmaýar diýip, ýerli synçylar aýdýar.
Adynyň aýdylmazlygyny soran salgyt işgäriniň Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, häkimiýetleriň hususy taksiçilere döredýän emeli kynçylyklary hem döwlet üçin, hem halk üçin zyýan.
“Eger öz işlerini kanuny esasda ýola goýmaga, salgyt töläp, gorkusyz, arkaýyn ýagdaýda işlemäge mümkinçilik berilse, işsiz adamlaryň adam gatnatmagyndan döwlete köp salgyt gelerdi. Bu hem ýolagçylaryň, hemem işsiz adamlarň peýdasyna bolýar, emma döwlet bu meseleleri çözmän, sagdyn bazar gatnaşyklarynyň gurulmagyna garşy durýana meňzeýär” diýip, 55 ýaşyndaky hünärmen Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
Türkmen häkimiýetleri hususy taksiçiler meselesinde Azatlygyň habarçylaryna düşündiriş bermekden saklanýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.