Türkmenistanda ilata köpçülikleýin sanjym edilip başlandy. Azatlygyň Türkmenistandaky birnäçe habarçysy sanjymyň hökmanydygyny, tutuş maşgalalaryň keselhana çagyrylyp, sanjym edilýändigini habar berýärler. Ýüz öwürýänlere jenaýat jogapkärçiligine çekilmek barada duýduryş berilýär. Lukmanlar sanjymyň möwsümleýin dümewden edilýändigini aýdýarlar.
"Häzir olar köp töwekgelçilikli faktorly ýaşlara we göwreli aýallara sanjym edýärler. Şol bir wagtyň özünde sanjymyň hökmanydygyny duýdurýarlar. Emma lukmanlar sanjymyň adyny, öndürijisini, ýa-da gutarýan senesini mälim etmeýärler" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylaryndan biri 14-nji oktýabrda aýtdy.
Sentýabrda Türkmenistan ýurduň Jenaýat kodeksine üýtgetmeleri girizdi. Jenaýat kodeksiniň WIÇ/SPID-e degişli 119-njy maddasyna girizilen goşmaçalarda howply ýokanç kesel hökmünde ykrar edilen epidemik ýa-da pandemik häsiýetli keseli bejertmekden gaçmak, ony bilkastlaýyn ýokaşdyrmak we onuň başga adamlara geçmeginiň howpuny döreden üçin iki ýyl azatlykdan mahrum etmek jezasy göz öňünde tutulýar.
Düzedişler Türkmenistanyň häkimiýetleriniň resmi taýdan ykrar etmeýän COVID-19 pandemiýasynyň fonunda girizildi.
Azatlygyň başga bir habarçysynyň sözlerine görä, 15-nji oktýabrda paýtagtyň Howdan kiçi etrabynda ilata sanjymlar köpçülikleýin görnüşde geçirilýär. Sanjymlar üçin tutuş maşgalalar saglyk merkezlerine çagyrylýar.
Habarçy adamlaryň "haýsy derman bilen sanjym edilendigini soramaýan halatlarynyň" hem bolýandygyny belledi.
Habarçylaryň biri paýtagtyň klinikalarynyň birinde sanjym üçin ulanylan dermanyň gabyny almagy başardy. Onda dermanyň möwsümleýin grip keseline garşy 2018-nji ýylda Günorta Koreýada öndürilendigi görkezilýär.
Bu aralykda paýtagtyň keselhanalarynda pnewmokokk we rotawirus ýokançlyklaryna garşy sanjymlaryň edilýändigi baradaky bildirişler peýda boldy. Şeýle hem COVID-19 bilen baglanyşykly informasiýalar ýerleşdirildi.
Habarçylar mejbury sanjym edilmegine we sanjymdan ýüz öwürendigi üçin raýatlara jenaýat jogapkärçiligi barada duýduryş berilýändigine garamazdan, sanjym üçin dermanlaryň ýeterlik däldigini habar berdiler.
"Gyzykly bir waka boldy. Adamlar keselhana sanjym üçin çagyrylyp barýar. Bir maşgala agzasyna sanjym edilýär, beýlekilere sanjym üçin dermanyň gutarandygyny, indiki gezek çagyrylanda gelmegi soraýarlar. Baranlar içinde ampulalar bar bolan gutyny görkezýärler. Lukman ministriň çagalarynyň geljegini we dermanlaryň şolar üçindigini aýdýarlar. Sanjyma baran maşgala ýene bir gezek barmazlyk üçin bölüm müdirine 100 manat töleýär we ol öz otagyndan başga bir gutyny getirýär "- diýip, Azatlygyň habarçysy soňky wakalaryň biri barada gürrüň berdi.
Şol bir wagtyň özünde ýurtda pnewmoniýanyň tutaşmagy dowam edýär, şeýle-de dümew ýaýraýar.
“Şu gün gözümiň öňünde üç ýaş çaga çagalar hassahanasyna ýerleşdirildi.
Bir aýal çagasynyň üsgürýändigini we gyzdyrýandygyny aýdyp aglady. Çagalar gyssagly kabul edilýär we intensiw terapiýa iberilýär "- diýip, Azatlygyň başga bir habarçysy 15-nji oktýabrda irden habar berdi.
Dem alyş ýollaryna degişli keselçiligiň ýaýramagy Türkmenistanyň welaýatlaryna hem degişli.
Lebap welaýatyndaky habarçymyzyň sözlerine görä, hem okuwçylaryň, hem-de mugallymlaryň kesellemegi zerarly ýerli mekdepler tas boşap galypdyr: "Farapda her kim dümew, ýiti respirator keselinden ýa-da beýleki dem alyş kesellerinden ejir çekýär. Mekdeplerde okuwçylaryň we mugallymlaryň takmynan 70% ýok. Esasan hemmelerde bokurdak agyrysy, dümew, kelle agyry, üsgülewük ýaly alamatlar bar" diýip habarçymyz aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Lebabyň dermanhanalarynda uzyn nobatlar emele gelipdir: "Indi hususy dermanhanalarda hem döwlet dükanlaryndaky çörek we bankomatlardaky pul nobatlary ýaly üýşmeleňleri görüp bolýar.
Welaýatda wirusa garşy dermanlaryň bahasy hem ýokarlanypdyr. Ýerli lukmanlar köp dermanlaryň garaşylýan netijäni bermeýändigini belleýärler. Mundan başga-da, bu şertlerde ilatyň arasynda howsala barha artýar, köpler lukmanlaryň ýanyna gitmekden gorkýarlar.
Azatlyk Radiosy ýurtdaky keselçilik ýagdaýy we paýtagtda sanjymlaryň hökman edilmegi barada saglygy saklaýyş edaralaryndan we Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginden resmi taýdan düşündiriş alyp bilmedi.
Koronawirusyň bardygyny, şeýle hem ýazdan bäri dowam edýän ýiti pnewmoniýanyň ýaýramagyny resmi taýdan ykrar etmeýän Türkmenistanyň häkimiýetleri ýene-de hususy kärhanalarynyň işine çäklendirmeleri giňeltdiler we hyzmat kärhanalaryny ýapylýar. Habarçylarymyzyň sözlerine görä, häkimiýetler girizilýän çäklendirmeleri ýurda ýiti pnewmoniýa patogenleriniň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen düşündirýärler.
Türkmenistan mundan öňem epidemiýalaryň bardygyny we ýokanç keselleriň ýaýramagyny aç-açan ykrar etmän gelýär. Ýurtda umumy kesel statistikasy hem çap edilmeýär. Sagdyn durmuş stilini döwlet derejesinde wagyz edýän ýurduň habar beriş serişdeleri maglumatlaryň ýetmezçiliginde saglygy saklaýyş pudagynyň üstünliklidigini habar berýärler.
Häzirki wagtda Türkmenistan koronawirus keseliniň ýokdugyny öňe sürýän sanlyja ýurtlaryň biri bolmagynda galýar.
Bu döwürde goňşy Özbegistan Hytaýda ýa-da Orsýetde öndürlen koronawirusa garşy sanjymlary satyn almak mümkinçiligini öwrendi we koronawirusa garşy sanjymlaryň soňky tapgyr synaglaryny geçirmek üçin Hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşdy. Sentýabr aýynda Innowasiýa ösüş ministrligi Hytaýyň Sinopharm we Zhifei Longcom kompaniýalary bilen bu barada şertnama baglaşdy.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 14-nji oktýabrda Orsýetiň koronawirusa garşy ikinji sanjymyny resmi hasaba alandygyny yglan etdi.
Sentýabryň ahyrynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ABŞ-da ilatyň koronawirusa garşy sanjymlarynyň oktýabr aýynda başlajakdygyny we 2020-nji ýylyň ahyryna çenli 100 million dozada sanjymyň taýýar boljakdygyny habar berdi.
Уважаемый читатель, если Вы хотите связаться с Радио Азатлык, самый безопасный способ сделать это, мессенджеры Telegram и WhatsApp. Наши телефоны +420 724 168 989 и +420 773 797 383. В Туркменистане они работают черезVPN. Здесь можно скачать наш бесплатный VPN Psiphon 3дляAndroid телефонов и устройств. Радио Азатлык гарантирует вашу анонимность.