Türkmenistan koronawirus pandemiýasy sebäpli Ukrainada galan raýatlarynyň ýene bir tapgyryny yzyna gaýtardy diýip, Trend agentligi türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan turkmenportal neşirine salgylanyp habar berdi.
Maglumata görä, uçar bilen 200-e golaý Türkmenistanyň raýaty yzyna getirilipdir.
Bu adamlaryň 2 hepde möhlet bilen hökmany karantin zonasynda saklanjakdygy hem aýdylýar.
Bu barada resmi türkmen mediasynda habar berilmeýär.
Türkmen hökümeti pandemiýanyň ilki ýaýrap başlan döwri daşary ýurtlarda galan raýatlaryny bada-bat yzyna gaýtarmak, olary goldamak üçin ýeterlik çäre görmändigi, şeýle-de ýurtdaky COVID-19 ýagdaýlarynyň asyl gerimi barada maglumat bermeýändigi üçin tankytlanýar. Ýurtda koronawirusyň ýeke ýagdaýy hem resmi taýdan hasaba alynmady.