Gyrgyz prezidenti Sooronbaý Jeenbekow, ýurtda köpçülikleýin protestler sebäpli ýüze çykan syýasy krizisiň we hökümetiň çetleşdirilmeginiň arasynda, ähli gyrgyz syýasy partiýalaryny we ilaty kanuna boýun bolmaga çagyrdy.
“Meseleler basyşyň üsti bilen däl-de, diňe kanunyň çäklerinde çözülmeli. Men ähliňizi kanuna hormat goýmaga çagyrýaryn” diýip, Jeenbekow 14-nji awgustda beýanat bilen çykyş etdi.
Mundan öň, gyrgyz parlamenti nobatdaky ses berişlikde Sadyr Japarowy täze premýer ministr hökmünde saýlady.
Mundan bir gün öň, Jeenbekow kanunçykaryjylaryň bir toparyny Japarowy bu wezipä bellemek kararyna garşy çykypdy. Adam gaçakçylygynda günäli tapylyp türmä höküm edilen Japarow geçen hepde tutaşan protestleriň fonunda tussaglykdan azat edilipdi.
ABŞ-nyň Bişkekdäki ilçihanasy 13-nji sentýabrda beýanat bilen çykyş edip, onda “Prezident Jeenbekowyň, syýasy liderleriň, raýat jemgyýetiniň we hukuk alymlarynyň ýurduň syýasy durmuşyny konstitusiýon düzgünine gaýtarmak ugrundaky tagallalaryna” goldaw bildirdi. Şeýle-de, ilçihana guramaçylykly jenaýatyň gyrgyz demokratiýasyna abandyrýan howpy barada duýdurdy.