“Farapda we Darganatada soňky hepdelerde howanyň sowap başlamagy bilen tebigy gaza bolan talap ýokarlandy, ýöne gaz basyşynyň juda pesdigi sebäpli, 6 müňe golaý Birata geňeşliginde, Berkarar, Amyderýa we Lebap obalarynda ne gazyň, ne-de elektrik togunyň güýji bar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy sentýabrda habar berdi.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, sebitde elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň pes bolmagy, ýerli ýaşaýjylary dürli kynçylyklara özbaşdak çykalga tapmaga iterýär:
“Tok 220 wolta derek, 115 woltdan geçmeýär. Köp hojalyklar ‘holodilniklerindäki’ etlerini ençeme kilometr uzakda ýerleşýän etrap merkezindäki garyndaşlarynyň ‘holodilnigine’ goýup, her gün geregini daşap, nahar bişirmäge mejbur bolýarlar” diýip, habarçy aýtdy.
Lebap welaýatynyň ýaşaýjylaryny “Lebapenergo” önümçilik birleşigi elektrik energiýasy bilen üpjün edýär. Birleşigiň düzümine “Türkmenabat elektrik ulgamlary” kärhanasy, 14 etrap we 2 şäher elektrik ulgamy girýär.
Türkmenistanyň Energetika ministrligi hem-de “Lebapenergo” önümçilik birleşigi ýurduň gündogar sebitlerinde elektrik energiýasynyň kadasyz üpjünçiligi, ony kadalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat bermeýär.
2014-nji ýylda ulanylmaga berlen Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň umumy kuwwatlylygy, Energetika ministrliginiň maglumatlaryna görä, 149 megawat elektrik energiýasyny öndürmäge ukyplydyr.
Ýöne iş ýüzünde şu günler lebaply hojalyklaryň ençemesi odun ýakyp gün görýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy ençeme hojalygyň ýyladyş üçin hem-de nahar bişirmek üçin odun ýakmaga mejbur bolýandyklaryny habar berdi:
“Häzirki wagtda ýaş çagaly ýa-da gartaşan ene-ataly hojalyklar öýlerini ýylatmak üçin hem-de nahar bişirmek üçin odun ýakmaly bolýarlar” diýip, habarçy aýtdy.
Öýlerine gaz çekilen hem-de kadaly üpjün edilýän hojalyklar Türkmenistanyň dürli sebitlerinde, şol sanda obalarda ýyladyş üçin gaz ulanýar. Ýöne häzirki wagtda Darganata we Farap etrabyndaky gaz we tok ýetmezçiligi ýerli ýaşaýjylaryň durmuşyna goşmaça agram salýar.
“Sähel gurply maşgalalar gaz edaralardan gaz balon satyn alyp, ulanýar. Bir gaz balonyň bahasy 100 manat” diýip, habarçy aýtdy. Ýöne onuň maglumatlaryna görä, bir gaz bolan aňry gitse, bir hepdä ýetýär.
Ýerli häkimiýetler Lebabyň dürli sebitlerinde ýüze çykan tok we gaz üpjünçiligindäki problemalar we olaryň sebäpleri barada, şeýle-de kadaly üpjünçiligi dikeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat bermeýärler.
“Ýygym möwsümi gelin-gyzlar işden soň, garaňkyda ojakda odun ýakyp, nahar taýýarlap kösenýärler” diýip, habarçy gürrüň berdi.
Ol etrabyň gaz we tok üpjünçilik edaralarynyň hem-de işçileriň ätiýaç şaýlary bilen üpjün edilmeýändigini habar berýär.
“Etrabyň gaz we tok edaralary ätiýaç şaýlary, “swarka” üçin kislorod balon, elektrod, tehnika we transport bilen döwlet tarapyndan üpjün edilmeýär. Eger Farap etrabynda gaz liniýada awariýa bolsa, gaz edaranyň işgärleri pul ýygnap, liniýadaky kemçiligi düzetmeli” diýip, habarçy gürrüň berdi.
Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär.
Ýurt garaşsyzlygyny alandan soň, ilat elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen döwlet tarapyndan mugt üpjün edildi. Ýöne 2017-nji ýylda bu ýeňillikler ýatyryldy we tölegli edildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.