Türkmenistan pandemiýa başlaly bäri daşary ýurtlarda galan raýatlaryny yzyna gaýtarmagyny dowam etdirýär. Ýurduna gaýdyp gelmek mümkinçiligine köpden bäri garaşan raýatlar gelenlerinden soň, iki hepdelik hökmany karantine ýerleşdirilýär. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary we garaşsyz metbugat çeşmeleri türkmenistanlylaryň watanyna dolanmagyna hem karantindäki şertlere degişli jikme-jik maglumat berýärler.
Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlaryny getiren ýene bir uçar 8-nji sentýabrda giçlik Türkmenabat şäherine Moskwadan barypdyr. Moskwadan baran 278 adamdan 213-si Türkmenabatyň etegindäki çadyr lagerine we 65 adam köpugurly hassahana ýerleşdirilipdir.
Habarçymyzyň sözlerine görä, Köpugurly hassahana ýerleşdirilen 65 adam saglyk problemalary bilen Orsýetde bejergi alan türkmen raýatlarydyr.
"Köpugurly klinikada ýerleşdirilenler dürli keselleri bolan we Moskwada bejergi alan adamlar. Olaryň ellerinde lukmançylyk gözegçiliginiň zerurlygy barada degişli şahadatnamalar we rekomendasiýalar bar. Bu 65 adam köpugurly klinikada lukmançylyk gözegçiliginde saklanýar" - diýip, Azatlygyň habarçysy 9-njy sentýabrda habar berdi.
Halkara uçarlar ýurduň gündogarynda ýerleşýän Türkmenabat şäheriniň aeroportuna barýar. Soňky günlerde bu ýere uçarlar Belarusdan we Moskwadan gelipdi.
Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, Minskden gelenleriň köpüsi studentler bolan bolsa, Moskwadan baran uçarda Orsýetde bejergi alan we işlän adamlar bolup, olaryň arasynda telekeçiler hem studentler bar.
Öz ýurduna gelenlerinden soň, Türkmenistanyň raýatlary iki hepde şäheriň etegindäki çölde, ýokanç keseller hassahanasynyň golaýynda taýýarlanan çadyr karantin zolagynda ýerleşdirilýär.
Azatlygyň Türkmenabatdaky çeşmelerine görä, gelenlere howpsuzlyk gullugy tarapyndan berk gözegçilik edilýär, çadyr karantine iberilenleriň goşlary aeroportda galýar, olara surat alýan we wideo düşürýän enjamlaryny hem smartfonlaryny ýanyna almaga rugsat berilmeýär.
"Surat we wideo funksiýalary bolan jübi telefonlary howa menzilinde goşlar bilen galdyrylýar. Emma olara diňe jaň etmek üçin niýetlenýän adaty jübi telefonlaryny özleri bilen alyp gitmäge rugsat berilýär" - diýip, Azatlygyň çeşmesi adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürrüň berdi.
"Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri howpsuzlyk gulluklaryň karantindäki studentleriň mobil telefonlarynyň içindäki maglumatlary barlamak boýunça çäre geçirýändigini habar berdi.
"Ir sagat 9-da iki awtoulag karantin zolagyna bardy. Saklanan awtoulaglardan birnäçe adam çykdy, biriniň elinde noutbuk bardy. Birnäçe minutdan bäş okuwçy getirildi, olary ýeke-ýekeden sorag etdiler we jübi telefonlaryny noutbuga birikdirip, içindäki maglumatlary göçürip aldylar diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" 8-nji sentýabrda habar berdi, emma studentlerden näme soralandygyny bilip bolmandygyny belledi.
Türkmenabadyň eteginde çölde ýerleşýän bu karantin lageri awgust aýynyň ortalarynda, türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlardan getirilip başlanmagynyň öňüsyrasynda giňeldildi. Bu ýerde goşmaça çadyrlar we 1000 adamlyk ýer döredildi.
"Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň habarynda, ýörite polisiýa işgärleri tarapyndan karantin zolagynyň goragynyň güýçlendirilendigi hem aýdylýar.
Neşriň habaryna görä, bu ýagdaý Minskden gelýän çagalaryny garşy almak üçin aeroportda garaşyp duran ene-atalaryň arasynda ýüze çykan basa-baslykdan soň döräpdir.
"7-nji sentýabr gijesinde Minskden uçar bilen gelen studentleriň 100-den gowrak ene-atasy we garyndaşlary çagalaryny görmek üçin aeroportyň golaýynda ýygnandylar. Polisiýa tertip-düzgüni saklamagy we asuda bolmagy talap etdi hem olary gelenleriň çykjak ýeri bolan ýük uçarlar üçin derwezäniň golaýyna goýbermedi. Şeýle-de bolsa, bir ýyldan gowrak wagt bäri çagalaryny görmedik ene-atalar, koridora has ýakynlaşmaga synanyşyp, itekleşmeklerini dowam etdirdiler. Ilki bilen dilden çaknyşyk başlandy, soň aýallar polisiýany itekläp, baş örtgülerini zyňyp başladylar. Howa menziline ýörite polisiýa güýçleri çagyryldy we güýç ulanyp, alty adamy tussag etdi, olaryň bäşisi aýallardy" diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" habar berýär.
Maglumata görä, tussag edilenler düşündiriş ýazyp, öz çagalarynyň 14 günlük karantine alynmagyna hiç hili garşylygyň ýokdugyny aýdandan soň boşadylypdyr.
Karantindäki adamlaryň garyndaşlarynyň Azatlyga habar bermegine görä, karantindäki şertler ol ýerdäki adamlarda nägilelik döredýär, ýöne karantin işgärleri we saglyk resmileri şertleri gowulandyrmak barada özlerine edilýän arz-şikaýatlara üns bermeýär.
Çadyr lagerindäki şertler barada resmi maglumat ýok. Saglygy saklaýyş resmileri we milli media bu barada habar bermeýär.
Ol ýerde saklanýan adamlar we olaryň hossarlary şertleriň örän erbetdigini aýdýarlar. Adamlar iki hepdelik karantini harby çadyrlaryň içinde dar ýerde hatar edilip goýlan iki gatly krowatlaryň üstünde geçirmeli bolýarlar. Olar daşarda bir hatara goýlan agaçdan ýasalan içi çukurly hajathanalardan peýdalanmaly bolýarlar.
“Turkmen.news” neşiriniň habaryna görä, karantindäki adamlar umumy çadyrlarda erkekler we aýallar aýratynlykda saklanýarlar. Olaryň goşlary aeroportda galdyrylansoň öz zatlaryndan peýdalanyp bilmeýärler. Karantinde bolsa, saklanýanlara sabyn we hajathana kagyzy ýaly iň zerur zatlar berilmeýär. Ýuwunmak üçin hatda suw ýok. Daşarda duran hajathanalaryň öňünde elmydama nobat bolýar. Iýmitlenme aýratyn bir kynçylyk bolýar.
“Turkmen.news” diňe resmi däl usullar bilen garyndaşlaryndan ogryn posylka almagy başaranlar kadaly iýmitlenip bilýärler, sebäbi lagerde berilýän nahary iýmek mümkin däl diýip ýazýar.
Türkmen häkimiýetleri raýatlaryny ýurduna getirmek planlaryny awgustyň ortalarynda yglan etdiler. 22-nji we 23-nji awgustda ilkinji uçuşlarda Türkmenistana Hindistandan we Belarusdan türkmen raýatlary getirildi.
Aşgabatdaky habarçymyz häzir watanyna getirilýän raýatlaryň öňünden barlaglardan geçýändigini habar berdi.
"Orsýetden gelenleriň sanawlary jikme-jik taýýarlanýar, olar häkimiýetlere uçuşdan bir hepde öň gowşurylýar. Türkiýeden raýatlaryň getirilmegi henizem häkimiýetler tarapyndan petiklenýär, sebäbi olar protestçi aktiwistleriň gelmeginden gorkýarlar" - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 9-njy sentýabrda aýtdy.
Bu ýagdaý bilen gönüden-göni tanyş ygtybarly çeşmelerimiz Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň türkmen raýatlaryny Türkiýeden iň soňky nobatda göçürmek kararyna gelendigini we munuň türkmenistanlylaryň Türkiýedäki protest aktiwligi bilen baglanyşyklydygyny mundan öň habar beripdi.
Dünýäniň dürli ýurtlarynda galan türkmen raýatlarynyň sany barada resmi statistika ýok. Ýurduň häkimiýetleri bu maglumatlary çap etmeýärler. Ondan öň birnäçe müň türkmen raýatynyň Orsýetiň, Türkiýäniň we Hindistanyň aeroportlarynda galýandygy mälim bolupdy.
Soňky wagtda Türkmenistana daşary ýurtlular hem barýarlar. Soňky aýlarda COVID-19-yň ýaýramak howpy sebäpli birnäçe daşary ýurt hökümetleri hem daşary ýurt kompaniýalary öz işgärlerini Türkmenistandan äkitdiler. Awgust aýynda käbir gurluşyk kompaniýalarynyň işgärleri Türkmenistana gaýdyp başladylar.
Daşary ýurtlular Farapdaky täze we döwrebap infrastrukturaly karantin zonasyna ýerleşdirilýär.
Azatlygyň habarçylary Farapdaky karantinde saklanýan daşary ýurtlularyň arasynda COVID-19 keseli tassyklanan adamlaryň bardygyny aýdýarlar.
"Farap gümrükhanasyndaky karantin zolagynda Özbegistanyň bäş raýatynda koronawirusyň bardygyny test görkezdi. 3-nji sentýabrda Özbegistandan 42 adam geldi, olardan bäşisinde COVID-19 bar" - diýip, habarçymyz aýdýar.
Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan ýerli maşgala lukmanlarynyň bellemegine görä, COVID-19 alamatly keseliň ilatyň arasynda ýaýramagy dowam edýär. Näsaglaryň köpüsi öýlerinde bejergi alýar.
Türkmenistan ýurtda COVID-19 bilen bagly ýekeje wakanyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürýär.
Уважаемый читатель, если Вы хотите связаться с Радио Азатлык, самый безопасный способ сделать это, мессенджеры Telegram и WhatsApp. Наши телефоны +420 724 168 989 и +420 773 797 383. В Туркменистане они работают черезVPN. Здесь можно скачать наш бесплатный VPN Psiphon 3дляAndroid телефонов и устройств. Радио Азатлык гарантирует вашу анонимность.