Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdep mugallymlary täze düzgünlerden şikaýat edýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň täze okuw ýylynda orta mekdeplerde “ýiti ýokanç keselleriniň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen” girizen düzgünleri Lebap we Mary welaýatlarynda okuwçylary, mugallymlary we ene-atalary köseýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar berýär.

Türkmenistanda resmi taýdan hasaba alynmadyk koronawirus keseliniň fonunda Türkmenistanyň Bilim ministrligi 14-nji awgustda ýurduň orta mekdeplerinde okuw-terbiýeçilik işiniň guramaçylygy boýunça täze düzgünleri güýje girizdi.

Hökümetçi turkmenportal.com neşiriniň habaryna görä, täze düzgünlere laýyklykda, ýurduň orta mekdeplerinde okuwçylar synplarda biri-birinde 2 metr aralykda oturdylýar, her synpyň okuwçy sany 15 okuwçy bilen çäklendirilýär. Şeýle-de, täze düzgüne görä, birinji synplar üçin sapagyň dowamlylygy 25 minut, 2-nji synpdan 4-nji synpa çenli okuwçylar üçin 30 minut, uly klaslar üçin 35 minut edildi. Sapaklaryň arasyndaky arakesme 5 minutdan 10 minuda, uly arakesme 10 minutdan 20 minuda çykaryldy; ene-atalaryň mekdebe girmegine çäklendirme girizildi we okuwçylardan, mugallymlardan we tehniki işgärlerden mekdebiň çäginde maska geýmek talap edildi.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde sapaklar 1-nji sentýabrda başlady.

2-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertde gürrüňdeş bolan lebaply mugallymlar sapaklaryň wagtynyň gysgaldylmagynyň okuwçylaryň öwrenmek prosesine negatiw täsir edýändigini, mugallymlaryň işini kynlaşdyrýandygyny gürrüň berdiler.

Wagty gysgaldylan sapaklaryň dowamynda “okuwça hiç hili bilim berip ýetişip bolmaýar” diýip, bir mugallym Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Habarçynyň sözlerine görä, synplary ikä bölüp okatmagy kyn hasaplaýan mugallymlar hem bar. Azatlyk Radiosyna Bilim ministrliginiň girizen täze düzgünleriniň başga jikme-jikligi mälim däl. Galyberse-de, bu düzgünleriň ýurduň saglyk edaralarynyň ýa-da Bütindünýä Saglyk Guramasynyň beren maslahatlarynyň esasynda taýýarlanandygy ýa-da däldigi nämälim galýar.

“Her synpda mugallymlar öz hasaplaryna antiseptik serişdeleri we arassaçylygy saklamaga degişli başga näme bolsa öňünden, täze okuw ýylynyň öň ýany, satyn alypdyrlar. Indi, şol satyn alnan antiseptik serişdeleriň çykdajylaryny okuwçylar tölemeli edilipdir. Çykdajylary bölüp, kime näçeden ýetýän bolsa tölemeli” diýip, habarçy Lebapdan habar berdi.

Munuň bilen baglylykda, 1-nji synp okuwçylar 20 manatdan, 11-nji synp okuwçylar 50 manatdan adam başyna pul ýygnap, klas ýolbaşçysyna bermeli.

“Kanikul wagtynda mugallymlar şol antiseptik serişdeleri, oksalin gelini we el ýuwulýan suwuk sabyny, çyg salfetkalary alyp her synpda goýupdyrlar” diýip, habarçy Lebabyň käbir mekdeplerindäki düzgünler barada habar berdi.

Beýleki tarapdan, Lebabyň beýleki käbir mekdeplerinde bolsa antiseptik serişdeleri, oksalini gelini we beýlekileri okuwçylardan öz ýanlary bilen mekdebe getirmek talap edilýär.

Mekdeplerde her klasda antiseptik serişde goýup, okuwçylardan suwuk sabyn we beýleki arassaçylyk serişdeleri talap edilýän wagty, bu arassaçylyk aladalarynyň arasynda, Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, Lebapda mekdep mugallymlary her şenbe we ýekşenbe günleri pagta ýygmak üçin pagta meýdanlaryna alnyp gidilýär.

Bu aralykda, maryly ene-atalar mekdeplerde okuwçylaryň köp çalşykda okadylmagyndan nägile bolýar. Bu barada maryly habarçy habar berýär.

“Mary welaýatynyň käbir şäher mekdeplerinde okuwçylar 4-5 smena bölünip okaýar. Soňky smenadaky okuwçylar öýlerine gün ýaşandan soň barýarlar. Bu zatlardan ene-atalar nägile” diýip, habarçy aýtdy.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan ene-atalar öz çagalarynyň mekdepden öýe giç agşam gelmeginiň olaryň janyna howp abandyrýandygyny gürrüň berdiler.

“Soňky smenada sapaklaryň giç gutarmagy bilen hem-de awtobuslaryň hem ibaly gatnamaýandygy sebäpli, okuwçylar ýol ugrunda nätanyş taksilere münüp gaýtmaly bolýarlar” diýip, habarçy ene-atalaryň sözlerine salgylandy.

Onuň sözlerine görä, Marynyň şäher mekdeplerinde diňe bir şäheriň ýaşaýjylary däl, şähere golaý ýerleşýän etraplaryň ýaşaýjylary hem gatnap okaýar. “Esasan 24-nji we 25-nji mekdeplerde köp okuwçy okaýar” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy orta mekdeplerde girizilen täze düzgünler boýunça Lebabyň we Marynyň welaýat bilim bölümlerinden kommentariýa alyp bilmedi.

Koronawirus pandemiýasynyň arasynda türkmen mekdepleri onlaýn usula geçmedi. Munuň üçin bar bolan mümkinçilikleriň gerimi hem nämälim galýar. Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Gazagystan pandemiýa wagtynda bilimi bölekleýin uzagara usula geçirdi. Özbegistan 30-njy martdan soň mekdep sapaklarynyň geçilmeginde telewideniýeden peýdalandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG