“Türkmenhowaýollary” Orsýetdäki wekilhanasynyň saýtynda halkara uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagyny şu ýylyň 30-njy sentýabryna çenli uzaldýandygyny habar berdi.
Halkara uçar gatnawlarynyň ählisiniň ýatyrylmagynyň ýene bir aý uzaldylmagynyň sebäbi COVID-19 koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşdyrylýar.
Bildirişde aýdylmagyna görä, ozal satyn alnan biletler 2021-nji ýylyň aýagyna çenli öz güýjünde galar we gatnawlary ýatyrylan ýolagçylar, uçar gatnawlary dikeldilenden soň, öz biletlerini görkezilen senä çenli aralykda islendik wagta çalşyryp bilerler.
Mundan öň Türkmenistan ýurt içindäki otly gatnawlarynyň hem togtadylan möhletini ýene bir aý, ýagny 1-nji oktýabra çenli uzaltdy we bu baradaky bildiriş “Türkmendemirýollarynyň” websaýtynda çap edildi.
Otly gatnawlarynyň togtadylmagy hem koronawirus pandemiýasynyň ýaýramagynyň öňüni almak çäreleri bilen düşündirilýär. Başda 16-njy iýulda ýatyrylan otly gatnawlarynyň 23-nji iýulda dikeldilmegine garaşyldy. Emma soň ol ili 1-nji awgusta, 15-nji awgusta we 1-nji sentýabra çenli uzaldyldy. Indi bolsa otly gatnawlarynyň 1-nji oktýabrdan soň dikeldiljekdigi aýdylýar.
Şu aralykda, okuw ýylynyň başlanmagy bilen bagly, regionlardaky studentleriň Aşgabada gelmegi üçin ýörite otly gatnawlary guraldy.
Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, Türkmenabatdan Aşgabadyň ýokary okuw jaýlaryna gitmeli studentlerde ilki COVID-19 barlagy geçirildi we soň olar olar şäheriň 23-nji mekdebinde iki günlük karantine ýerleşdirildi.
Regionlardan gelen studentler Aşgabatda hem polisiýa we saglyk işgärleri tarapyndan garşylandy.
Emma muňa garamazdan, Türkmenistana ýurtda hiç bir koronawirus näsagynyň ýüze çykarylmandygyny we halkara jemgyýetçiligi bilen keselden goranmak tejribelerini paýalaşmaga taýýardygyny aýdýar.
Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, soňky aýlarda ýurtda ýogalýan we ýerli gonamçylyklarda gyssanmaç jaýlanýan adamlaryň möçberi aşa köpeldi. Emma häkimiýetler bu habarlara hiç bir düşündiriş bermeýär.