Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlaw “galplyklary” baradaky zorlukly protestleriň arasynda, Lukaşenka uly ýeňiş yglan etdi


Minskde polisiýa bilen demonstrantçylaryň arasynda bolan çaknyşyklardan soň adamlar ýaralylara kömek edýär. 10-njy awgust, 2020 ý.
Minskde polisiýa bilen demonstrantçylaryň arasynda bolan çaknyşyklardan soň adamlar ýaralylara kömek edýär. 10-njy awgust, 2020 ý.

Belarusyň Merkezi Saýlaw komissiýasy ýurtda 9-njy awgustda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň deslapky resmi netijelerine görä, prezident Alýaksandr Lukaşenkanyň sesleriň 80 prosentden gowragyny alyp, uly ýeňiş bilen bu wezipä gaýtadan saýlanandygyny aýtdy.

Bu bildiriş saýlaw komissiýasynyň resmi netijelerinde we sesleriň sanalmagynda galplyga ýol berlendigini aýdýan protestçiler bilen polisiýanyň arasynda öten agşam bolan zorlukly çaknyşyklaryň ertesi güni, 10-njy awgustda berildi.

Öten agşam bolan çaknyşyklarda azyndan bir demonstrantçynyň öldürilendigi habar berilýär. Polisiýa Merkezi saýlaw komissiýasynyň sanlaryna garşy çykýan demonstrantçylary dargatmak üçin ses çykaryjy granatlaryny, rezin oklaryny we göz ýaşardyjy gaz ulandy.

“Wýasna” adam hukuklary merkezi Minskde polisiýa ulagy tarapyndan kakylan ýaş erkek protestçiniň kellesine ýeten agyr şikesden soň aradan çykandygyny we medisina işgärleriniň ony halas edip bilmändigini aýtdy. Merkez başga-da onlarça protestçiniň ýaralanandygyny aýtdy.

Wýasnanyň aktiwisti Walýantsin Stefanowiç bu ölüm boýunça Belarusyň Içeri işler ministrligini we Howpsuzlyk geňeşini günäkärledi.

Wýasnanyň habary boýunça AÝ/AR-yň soran kommentariýasyna Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Wolha Çamadanawa “Bizde hiç hili adam ýitgisi ýok” diýip, jogap berdi.

10-njy awgustda irden BelTA döwlet habar agentligi polisiýanyň “rugsatsyz köpçülik çärelerinde” ýagdaýa gözegçiligi öz eline alandygyny aýtdy.

Bu aralykda, Belarusyň Derňew komitetiniň başlygy Iwan Naskewiç 10-njy awgustda “köpçülikleýin bidüzgünçülikler” we “kanun goraýjylara edilen hüjümler” boýunça jenaýat işiniň gozgalandygyny aýtdy.

Wýasnanyň aýtmagyna görä, polisiýa we howpsuzlyk güýçleri 9-njy awgustda Minskde azyndan 130 garaşsyz saýlaw gözegçisini, žurnalisti we protestçini saklady, Merkezi saýlaw komissiýasynyň sanlaryna garşy beýleki şäherlerde geçirilen protestlerde 100-den gowrak adam saklandy.

Mähelläni dargadandan soň, polisiýa Minskiň merkezide birnäçe sagatlap, protestçi ownuk toparlary kowalady diýip, AP habar berýär.

“Nowaýa gazetanyň” habar bermegine görä, Brest şäherinde geçirilen 5,000 töweregi adamlyk demonstrasiýa kanun goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan ses çykaryjy granatlary we gaz ýaşardyjy gaz bilen dargadylandan soň, ol ýerde protestçileriň sany ýuwaş-ýuwaşdan 300-400 adama düşdi.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Lidziýa Ýarmoşyna 10-njy awgustda deslapky saýlaw netijelerine görä, Lukaşenkanyň sesleriň 80 prosentden gowragyny gazanandygyny aýtdy.

Ýarmoşyna Lukaşenkanyň baş garşydaşy Swýatlana Tsihanouskaýanyň sesleriň 9,9 prosentini alandygyny, beýleki üç oppozisiýa kandidatynyň bolsa her haýsynyň 2 prosentden az ses alandygyny aýtdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň edarasy Putiniň 10-njy awgustda Lukaşenka telegramma ugradyp, ony gaýtadan saýlanmagy mynasybetli gutlandygyny aýtdy.

“Siziň döwlet işleriňiz ähli ugurlarda özara bähbitli rus-belarus gatnaşyklaryny mundan-da beýläk ösdürmäge, Ýewraziýa ykdysady birleşigi we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşaygy arkaly integrasiýa prosesini gurmaga, Birleşik döwletiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, şol sanda Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynda harby we syýasy gatnaşyklara goşant goşar diýip, umyt edýärin” diýip, Putiň edarasy gutlag hatyny sitirledi.

Gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň edarasy onuň hem 10-njy awgustda Lukaşanka gutlag hatyny iberendigini aýtdy.

“Çylşyrymly syýasy şertlerde geçirilen saýlaw netijeleri siziň Belarusyň garaşsyzlygy we has güýçli özygtyýarlylygy ugrunda alyp barýan strategiýlaryňyzy köpçüligiň goldaýandygyny görkezýär” diýip, Tokaýewiň weýsaty gutlag hatyny sitirledi.

Tsihanouskaýanyň metbugat sekretary Hanna Krasulina kampniýa döwründe geçiren ýörişlerine onlarça müň adam çeken Tsihanouskaýanyň Merkezi Saýlaw komitetiniň 10-njy awgustda yglan eden deslapky netijelerini ykrar etmekden ýüz öwürýändigini aýtdy.

Tsihanouskaýanyň egindeşi Maryýa Kalesnikawa Tsihanouwskaýanyň ýüzlenmesini “Häzirki zaman” kanalynda telefon arkaly göni ýaýlymda okady. Onda Tsihanouskaýa howpsuzlyk güýçlerini we belarus raýatlaryny zorlukdan saklanmaga çagyrdy.

“Men häzir karar kabul edýän adamlara, hususan-da ýörite güýçleriň komandirlerine ýüzlenýärin: Asuda ilata garşy güýç ulanmaň!” diýip, ol aýtdy. “Häzirki zaman” AÝ/AR we “Amerikanyň sesi” bilen hyzmatdaşlykda ýöredilýän rus dilli kanaldyr.

"Men polisiýany we goşuny halka goşulmaga çagyrýaryn. Ýene bir gezek men saýlawçylara ýüzlenýärin: prowokosiýa ýok, özüňize garşy zorluk ulanylmagyna sebäp bolmak gerek däl! Haýyş edýärin, zorlugy bes ediň! Birinjilik bilen siz ofiserler, men bilýärin siz muny edip bilersiňiz!"

"Bolan zatlar elhenç" diýip, Tsihanouskaýa öz ştab-kwartirasynda geçiren metbugat ýygnagynda aýtdy. "Men öz gözlerime ynanýaryn we men aglaba köplügiň biziň bilendigini görýärin"

Saýlaw güni tutuş gün polisiýa we harbylar tolgunyşyga garaşyp, Minskde strategiki binalarda pozisiýa aldy we şäheri baglady.

Häkimiýetler tarapyndan protestleriň öňüne geçmek synanyşyklarynyň çäginde Minskde köpçülik transporty hem çäklendirildi hem-de günüň dowamynda ir ertirden başlap, sosial media saýtlary tas tutuşlygyna diýen ýaly elýeterli bolmady.

Internet azatlyklaryna syn edýän NetBlocks 9-njy awgustda irdenden bäri tutuş ýurtda internet aragatnaşygynyň bökdelendigini habar berdi.

Döredilýän bu päsgelçilik žurnalistleriň we gözegçileriň öz işlerini ýerine ýetirmeklerini kynlaşdyrdy. Şeýle-de bu, belarus halkynyň ýurduň içinde Internet ulgamlaryndan ýa-da sosial media saýtlaryndan habar almagyny kynlaşdyrdy.

Saýlawlaryň öňýany geçirilen kampaniýalar 1,000-den gowrak oppozisiýa goldawçysynyň tussag edilmegi, birnäçe potensial garşydaşyň saýlawlardan çetleşdirilmegi, Belarusy durnuksyzlaşdyrmagy maksat edinendigi aýdylan rus dildüwşüginiň öňe sürülmegi, hem-de öň tanalmadyk 37 ýaşly Tsihanouskaýanyň beýgelmegi bilen ýatda galdy.

9-njy awgustda Minskde ses berenden soň, Lukaşenka Belarusyň "başly-baratlyga" we "raýat urşuna" ýazmagyna ne özüniň ne-de hökümetiň rugsat berjekdigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG