Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Belarusy erkin saýlawlary geçirmäge çagyrýar, ÝHHG-niň synçylarynyň ýoklugyna gynanç bildirýär


Jorj Kent (George Kent)
Jorj Kent (George Kent)

30-njy iýulda Birleşen Ştatlar Belarusyň nobatdaky prezident saýlawlarynda ses berişlige gözegçilik etmek üçin günbatarly synçylaryň ýoklugy barada lapykeçligini beýan edip, Minski saýlawlary erkin we adalatly geçirmäge çagyrdy.

Belarus şu ýylyň 9-njy awgustynda 1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda oturan awtoritar lider, häzirki prezident Alýaksandr Lukaşenka üçin oran çetin ýaryş boljak prezident saýlawlaryny geçirer.

1990-njy ýyllaryň ahyryndan bäri ýurtda geçirilýän saýlawlary günbatarly synçylar tarapyndan erkin ýa-da adalatly hasaplanmaýan Belarus, ses berişlige gözegçilik etmek üçin Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyny çagyrmady.

"Biz ÝHHG-niň bu saýlawy görmek üçin özüniň synçylaryny iberip bilmejekdigine çuňňur gynanýarys" diýip, Belarus bilen bagly syýasata gözegçilik edýän sekretaryň kömekçisiniň orunbasary Jorj Kent (George Kent) 30-njy iýulda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Döwlet departamentiniň ýokary derejeli resmisi Birleşen Ştatlaryň “synçylaryň bolmagy, şeýle hem saýlawlaryň erkin we adalatly geçirilmegini isleýändigi barada mesele gozgandygyny" hem belledi.

Lukaşenka aktiwistler we bloggerler, şeýle-de käbir kandidatlar ýaly ýüzlerçe adamyň tussag edilmegi bilen kampaniýa döwründe oppozisiýany basyp ýatyrdy.

Muňa garamazdan, oppozisiýa kandidaty Swýatlana Tsihanouskaýa 30-njy iýulda Minskde geçirilen kampaniýa ýygnanyşygynda on müňlerçe tarapdary özüne çekdi. Tsihanouskaýa onuň prezidentlige dalaşgär adamsy tussag edilenden soň ýaryşa goşuldy.

Kent Birleşen Ştatlaryň žurnalistleriň tussag edilmegi we ýanalmagy barada alada bildirip, bu temany Belarusyň resmileri bilen gozgandygyny hem aýtdy.

"Biz bu meseleleri gozgaýarys, sebäbi men bulary islendik üstünlikli jemgyýetiň özeni diýip hasaplaýaryn" diýip, ol belledi.

Metbugat azatlygy diýseň möhüm. Raýatlar öz jemgyýeti barada karar bermek üçin maglumatlara mätäçdir diýip, Kent sözüniň üstüne goşdy.

Saýlawlaryň geçirilişi we netijesi Minskiň daşary ýurtlar, şol sanda ABŞ bilen gatnaşyklaryna ýiti täsir edip biler.

2000-nji ýyllarda Waşington adam hukuklarynyň bozulmagy, şol sanda syýasy garşydaşlaryň basylyp ýatyrylmagy sebäpli Belarusa garşy sanksiýalary girizipdi.

Bu sanksiýalaryň käbiri Belarus syýasy tussaglary boşadandan soň ýeňilleşdirilen bolsa-de, olaryň doly aýrylmagy "belaruslylara öz pikirlerini aýtmak mümkinçiligini bermek üçin açmak we demokratiýalaşdyrmak babatda goşmaça ädimleri" talap edýär diýip, Kent aýtdy.

Esasan NATO ýurtlary bilen Russiýanyň arasynda galýan Belarus taryhyň dowamynda gündogardaky uly goňşusy bilen ýakyn gatnaşykda boldy. Russiýa arzan nebit we gaz eksportlary bilen Belarusyň ykdysadyýetini ösdürdi.

Şol bir wagtda, Russiýa Ukrainanyň Krym ýarymadasyny zor bilen anneksiýa edeninden bäri ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar dartgynlaşýar we Belarusda özüniň özygtyýarlygy baradaky aladalary döredýär.

Şondan soň Minsk Moskwanyň ilkinji gezek 20 ýyl gowrak mundan ozal meýilleşdiren kärdeşler arkalaşygy döwletini gurmak baradaky tagallalaryny ret etdi.

Kent Birleşen Ştatlaryň Belarusyň özygtyýarly döwlet bolmagyny isleýändigini we Minskiň öz geosyýasy ýoluny saýlamaga hukugynyň bolmalydygyny aýtdy.

"ABŞ we onuň ýaranlary bilen has ýakyn gatnaşyklar Russiýa bilen dostlukly gatnaşyklaryň öňüni petiklemeli däldir" diýip, ol belledi.

“ABŞ gatnaşyklary kadalaşdyrmak isleýän bolsa-da, biz Belarusyň Gündogar bilen Günbataryň arasynda saýlamagyna garaşmaýarys ýa-da basyş etmeýäris. Bu ýalňyş saýlaw bolar" diýip, Kent aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG