“Ozal 1 däne çilim hususy dükanlarda 2 manatdy, ýöne geçen aýyň başlaryndan bäri onuň bahasy 3 manada çykdy” diýip, habarçy Aşgabatdan habar berdi.
Onuň maglumatlaryna görä, ýurtda “ortaça aýlyk 800-1000 manat aralygynda” we şol sebäpden az girdejili adamlar çilimi gutusy bilen däl-de däneläp satyn alýar.
“Döwlet dükanlarynda çilimiň gutusy 30 manat, hususy dükanlarda, häzirki wagtda onuň bahasy 60 manat” diýip, habarçy aýtdy.
10-njy iýulda Azatlyk Radiosynyň ikinji habarçysy hem Aşgabatda soňky wagtlarda çilimiň bahasynyň iki esse gymmatlandygyny tassyklady.
“Döwlet dükanlarynda çilimiň bahasynyň arzandygyna garamazdan, olardan çilim satyn almak aňsat däl. Sebäbi çilim satýan döwlet dükanlary esasan şäheriň daşynda ýerleşýär we olarda-da elmydama elýeterli däl” diýip, habarçy aýtdy. Galyberse-de, onuň maglumatlaryna görä, döwlet dükanlary çilimi çäkli görnüşde, her adama 2-5 gutudan satýar.
“Şu wagta çilim her ele çäkli görnüşde satylmaýardy, bularyň ählisi ýaňy-ýakynda girizilen çärelerdir” diýip, habarçy aýtdy.
Onuň çilim çekýän ençeme raýatlara salgylanyp habar bermegine görä, käbir adamlar soňky çilim çäklendirmelerini ýurtda dowam edýän ykdysady krizis bilen düşündirýär, beýlekiler bolsa bu çäreleri pandemiýa sebäpli serhetleriň ýapylmagyna ýorýar.
“Ýöne meniň pikirimçe, ýurtda çilim söwdasynyň çäklendirilmeginiň sebäbi Bütindünýä Saglyk Guramasynyň hünärmenleriniň Türkmenistana edýän sapary bilen baglanyşykly diýen garaýyş has dogry” diýip, ozalky söwda resmisi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
“Çilimiň muňa näme dahyly bar diýip soraýansyňyz?!” diýip, ol soragly ýüzlendi.
Şu wagta çenli Türkmenistanda çilimkeşligiň azdygy öňe sürüldi, ýurtda çilim çekýän adamlaryň statistikasy 5-8 prosent aralygynda görkezildi. Indi häkimiýetler abraýy elden bermejek bolup, “çilim ýok, çilimkeş ýok” diýen äheňde, öz beren statistikalaryny dogry ýaly edip görkezjek bolýarlar diýip, öňki söwda resmisi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Bütindünýä Saglyk Guramasynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda her 12 adamdan 1 adam çilim çekýär, bu ilatyň 8 %-e deň gelýär. Synçylar bu sanlaryň hakykata gabat gelmeýändigini aýdýarlar.
2014-nji ýylda Bütindünýä Saglyk Guramasynyň şol wagtky baş direktory Margaret Çan prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistany temmäki önümlerinden saplamakda bitiren işleri üçin Guramanyň ýörite sertifikaty bilen sylaglady. Käbir halkara guramalary, şol sanda hukuk toparlary türkmen hökümetiniň äşgär edýän statistiki sanlarynyň ygtybarlylygyny sorag astyna alýar.
Beýleki tarapdan, ýurtda çilimiň söwdasynyň çäklendirilmegi çilimkeşleri täze bir endik bilen tanyşdyrdy. Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, onuň gymmat bahasy hem-de söwdasynyň çäklendirilmegi çilim çekýän adamlary “temmäki” dolap çekmäge mejbur edýär. Saglyk hünärmenleri munuň çilimden has zyýanlydygyny aýdýarlar.
Habarçymyz häkimiýetleriň ýurtda temmäki ösdürip ýetişdirýän adamlary agyr jogapkärçilige çekýändigini habar berýär. Ýöne şol bir wagtyň özünde ol gizlin temmäki ösdürip ýetişdirýän we onuň söwdasy bilen meşgullanýan käbir adamlara häkimiýetleriň howandarlyk edýändigini we şol sebäpden olaryň ýolunyň açykdygyny habar berdi.
Halkara saglyk hünärmenleri temmäki önümleriniň, şol sanda çilimiň adam saglygyna zyýan ýetirýändigini, olaryň ýürek-damar kesellerine we dem alyş ýollarynda dürli kesellere ýol açýandygyny tassyklaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.