Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Beýle ýagdaýy görerin diýip pikir etmändim". Gazagystanyň infeksiýa wraçynyň ýatlamasy


Akbota Abişbaýewa Gazagystanyň paýtagtyndaky inçekesel dispanserinde açylan infeksiýa stasionarynyň wraçy.
Akbota Abişbaýewa Gazagystanyň paýtagtyndaky inçekesel dispanserinde açylan infeksiýa stasionarynyň wraçy.

Wraç Akbota Abişbaýewa Nur-Sultan şäherindäki inçekesel dispanserinde epidemiýa garşy döredilen infeksiýa stasionarynda köp hepdeläp dyngysyz işläp gelýän wraçlardan biri. Onuň aýtmagyna görä, üç aýdan bäri çagalaryny görmändir, onuň çagalary 10, 6 hem 2 ýaşynda, olar häzir mamasynyň garamagynda bolýarlar. Ilki Gyzylordyda, häzir bolsa Baýkoňurda ýaşaýarlar. Wraçyň ejesi – agtyklaryna seredýän garry häzirki ýagdaýy uruş döwri bilen deňeşdirýär. Azatlyk Radiosy koronawirus bilen baglanyşykly göreşiň fonunda wraçyň hem iki aýalyň ýatlamasyny taýýarlady.

«BIZE – WRAÇLARA ÖRÄN AGYR»

Akbota Abişbaýewa – infeksiýa wraçy:

– Wirusyň aýan edilendigi ilkinji gezek mälim bolansoň, men gyssagly ýagdaýda çagalarymy taksi bilen gaýynymyň öýüne – Gyzylordy oblastynyň Karamakşi raýonyna aşyrdym. 20-nji martda paýtagt karantin üçin ýaşyldy. Çagalarymy goýup gelenimde, meni sakladylar, ýöne wraç bolup işleýändigini aýdanymdan soň goýberdiler. Häzir gaýynym hem meniň ejem – ol Baýkoňurda ýaşaýar, gezekleşip çagalaryma seredýärler.

Wirus ýaýranyndan soň, biziň başga bir çärämiz ýokdy. Senden çagaň bar ýa-da ýoguny, maşgala ýagdaýyňy soramaýarlar. Ine, eýýäm üç aýdan geçdi – men çagalarymy göremok. Wagtym bolan pursatda WhatsApparkaly olar bilen gürleşýän. Indi çagalarym meniň bilen gürleşmegem islänoklar, öýkeleýärler. Men olara basym geljegime söz beripdim. Olar koronawirus barada bilýärler, şonuň üçinem bu wirus çaltrak gutaryp, paýtagta dolanmagy arzuw edýärler.

Akbota Abişbaýewa öz kärdeşleri bilen.
Akbota Abişbaýewa öz kärdeşleri bilen.

– Biz owal başda öňki Ramada oteliniň jaýynda ýerleşen merkezde işleýärdik, indi bizi keselhana geçirdiler – diýip, Akbota gürrüňini dowam etdirýär. – Keselli örän köp, inçekesel keselhanasynyň jaýynda näsaglara ýer ýetenok. Biz ähli gelýänleri kabul edip ýetişemzok. Iýun aýynyň başyndan, wirus bilen agyr kesellänleriň sany birden artdy. Keselhanada ýogalýan adamlar bar. Infeksiýa kesellileri bilen on ýyl bäri işleşip gelsem-de, beýle ýagdaýy görerin diýip, hiç wagt pikir etmändim. Kesel ýaşlary-da, garrylary-da, çagalary-da aýap goýanok. Adamlaryň muny bilmegini isleýän.

Başda düşündiriş işleri az boldy. Adamlaryň karantin düzgünlerini, özara ýakynlygy saklamagyň şertlerini berjaý etmeklerini isleýäris. Men öň iýul aýynda zähmet rugsadyna çykaryn diýip umyt edipdim, ýöne häzir wraçlar ýetenok. Uzakly gün gorag kostýumynda, aýagymyz rezin ädikli işlemeli bolýas, bu wraçlara örän agyr düşýär. Gorag maskasyny dakynmakdan, gözümiziň alny äýnekli gezmekden halys ýadadyk. Howply wirus bilen işleşýändigimizi ýadymyzdan çykaramyzok. Psihologlar näsaglara hem bize onlaýn-konsultasiýalary berýärler.

Meniň adamym harby gullukçy, ol şu ýerde – paýtagtda gulluk edýär. Biz harbylaryň umumy ýaşaýyş jaýyndaky otagda ýaşaýarys. Häzir epidemiýa basymrak gutarsady diýip pikir edýän. Ejem bilen gaýyn eneme örän minnetdar, olar maňa şeýle agyr pursatda çagalaryma garaşyk etmäge ýardam berdiler, çagalary zada zar etmän saklaýarlar – diýip, Akbota aýdýar.

«EJE, MEN KASAM KABUL ETDIM»

Turgangül Begaýdarkyzy, wraç Akbota Abişbaýewanyň ejesi:

– Çagalar häzir meniň ýanymda – Baýkoňurda – diýip, wraçyň ejesi gürrüň berýär. – Bulara öň eneleri seredipdi, iki ýarym aý seredenden soň, ol dem-dynjyny alsyn diýip, agtyklarymy men ýanyma aldym. Soňky üç aýyň dowamynda çagalaryň häsiýeti üýtgäpdir, olar indi tutuk hem öýkelek bolupdyrlar, sowalyňa jogap bermeýärler. Alty ýaşly agtygym aglap başlasa, ony wagty bilen diňdirip bolmaýar. Gapyda maşyn saklansa, hossarlary gelendir öýdüp ylgap çykýarlar. Olar hiç wagt hossarlaryndan beýle uzak aýrylyşyp görmändiler. Käte olara görkezmän aglamaly bolýan, agtyklaryma nebsim agyrýar. Akbota bolsa wraçlaryň ýetmeýändigini aýdýar...

Akbota Abişbaýewanyň çagalary telewizora tomaşa edýärler. Maşgala arhiwiniň suraty.
Akbota Abişbaýewanyň çagalary telewizora tomaşa edýärler. Maşgala arhiwiniň suraty.

Karantiniň ikinji gezek giriziläýmeginden alada edýän, şeýle bolsa çagalar bilen nätjegimi bilemok.

Adamlar bolsa aýdylýan “syýasaty” diňlemegi goýdular, oňa az adam gulak asýar. Şonuň üçinem toýlar geçirilýär, gizlin gudaçylyga baryp gaýdýarlar. Ýöne bir adamyň näçe adama kesel ýokuşdyrjagyny pikir edenoklar. Men bolsa muňa ynanýan, sebäbi gyzym şol epidemiýa bilen göreşýär.

Paýtagtda bir adamyň aýlygyna ýaşap bolmaýandygy üçin, gyzym iki ýaşly çagasyny bakja tabşyryp işe çykmaly bolupdy. Bir gezek men oňa, işiňi goýup, çagalaryň ýanynda otur diýdim. “Eje, men kasam kabul etdim ahyryn. Ýurtda şeýle agyr ýagdaý ýüze çykanda, men nädip ýaş çagaly bahanasyna duwlanyp öýde oturaýyn?” diýdi. Men: “Alla saňa ýardam bersin!” diýdim. Başga näme aýdaýyn – diýip, ene dymýar.

«EJE, KAKA, BIZ SIZI KÜÝSEÝÄS»

Altyngül Syzdykowa, wraç Akbota Abişbaýewanyň gaýyny:

– Iýunyň ortalaryna çenli agtyklarym bizde boldy. Biz olara seretdik. Men häzir 65 ýaşymda. Men ýarawsyz bolanymda, Akbotanyň ejesi, meniň gudam çagalary Baýkoňura alyp gitdi. Häzir agtyklarym o ýerde. Olaryň basymrak öýlerine barmagyny Alladan dileýän – diýip, ene aýdýar.

Akbota Abişbaýewanyň oglunyň çeken suraty.
Akbota Abişbaýewanyň oglunyň çeken suraty.

Üç aýlap çagalara seretmegiň asla ýeňil iş däldigini, özüniň gaty horlanandygyny aýdýar. Gelni çagalaryny getireninde, bir aýdan soň olary yzyna aljakdygyny aýdypdyr.

– Çagalar ata-enesini gaty küýseýärler – diýip, ene gürrüňini dowam etdirýär. – Olar telefonda gürleşmek isleýärler, ýöne gözýaşyny saklap bilmän, gürrüňini kesýärler. Biz olara hiç bir basyş etmedik. Uly agtygym hat ýazyp, surat çekmegi başarýar. Ol öz maşgalasynyň suratyny çekip: “Eje, kaka, biz sizi küýseýäs” diýip ýazdy.

Olaryň garynlary dok, egin-eşikleri bitin. Biz bagymyzda ýetişen iň gowy zatlary: miweleri, iýr-iýmişleri, gurdy agtyklarymyza berýäs. Ýöne olar aşa yzyny küýseýärler. Epidemiýanyň beýle uzaga çekjegini kim bilipdir. Çagalaryň öz hossarlaryna gowşup, bilelikde ýaşamaklaryny arzuw edýäris. Bu bir millet üçin agyr pursat diýip, öz-özümi köşeşdirýän. Biz Akbota artykmaç alada galmasyn, çagalaryny gaýgy etmesin diýip, agtyklarymyzyň göwnünden turmaga çalyşýarys.

GazagystandaCOVID-19

Gazagystanda mart aýynda saglygy saklaýyş ministrliginiň maglumatyna görä, 39 müňden gowak adama koronawirus infeksiýasy ýokuşypdyr. Soňra adam ýitgileri, şol sanda COVID-19 sebäpli ölen medisina işgärleri hem boldy. Resmi maglumata görä, häzir koronawirusdan 180-den gowrak adam ýogaldy.

16-njy martdan 11-nji maý aralygynda Gazagystanda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Soňra hökümetler ykdysadyýeti “janlandyrmak” üçin, adatdan daşary ýagdaýy ýatyryp, karantin çärelerini ýeňilleşdirdi.

Iýun aýynyň başyndan, ýene-de epidemiýanyň öjügendigi hasaba alyndy. Birnäçe şäherlerde, şol sanda Almatyda hem paýtagtda näsaglar artyp başlady. Ýurtda gyzgyny peseldiji dermanlar, wirusa garşy ulanylýan enjamlar ýetmezçilik etdi, reagentler ýetmezçilik edensoň, COVID-19testlerini geçirmek kynlaşdy.

Gazagystanyň hökümetleri has berk karantin çärelerini göz öňünde tutýar. Ýurduň täze Saglygy saklaýyş ministri Alekseý Soý «dört hepdelik lokdaun» – düzgün bozulmagyny berk çäklendirme girizmek usulynyň has peýdaly boljakdygyny öňe sürýär.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG