Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystany pandemiýa sebäpli halkara zyýaratçylarynyň haj zyýaratyny gadagan etdi


Her ýyl takmynan 2,5 million musulman mukaddes Mekge şäherinde bäş-alty günlük haj zyýaraty ýerine ýetirýär.
Her ýyl takmynan 2,5 million musulman mukaddes Mekge şäherinde bäş-alty günlük haj zyýaraty ýerine ýetirýär.

Saud Arabystany koronawirus pandemiýasy sebäpli şu ýyl halkara zyýaratçylarynyň ýyllyk haj zyýaratyny ýerine ýetirip bilmejekdigini yglan etdi.

Patyşalygyň Haj we umra ministrliginiň 22-nji iýunda beren maglumatyna görä, şu ýyl diňe Saud Arabystanynda eýýäm ýaşaýan dürli milletlerden bolan musulmanlaryň “örän çäkli möçberi” haj zyýaratyny ýerine ýetirip biler.

Şu ýyl haj zyýaraty möwsümi iýul aýynyň ahyryna gabat gelýär.

“Bu karar, yslam dininiň taglymatlaryna laýyklykda adamlaryň janyny goramak we adamlary pandemiýa bilen baglanyşykly töwekgelçiliklerden goramak üçin ähli öňüni alyş çärelerine hem-de zerur sosial aralyk protokollaryna gözegçilik etmek bilen, ilatyň saglygy nukdaýnazaryndan howpsuz ýagdaýda ýerine ýetirilmegi üçin kabul edildi” diýip, ministrlik aýtdy.

Haj zyýaraty yslamyň bäş parzynyň biri bolup, mümkinçiligi bolan her bir musulman ömründe bir gezek bu zyýaraty ýerine ýetirmelidir.

Her ýyl 180-den gowrak ýurtdan gelen takmynan 2,5 million musulman mukaddes Mekge şäherinde birnäçe doga we dessurlary öz içine alýan bäş-alty günlük zyýaraty ýerine ýetirýär.

XS
SM
MD
LG