Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merhumlaryň sanawy: Ýurtlar COVID-19-dan ölenleri nähili sanaýar?


Gorag eşigindäki gabyr gazyjy. Moskwanyň etegi, 15-nji maý, 2020.
Gorag eşigindäki gabyr gazyjy. Moskwanyň etegi, 15-nji maý, 2020.

Hünärmenler koronawirus ölüminiň statistikasynyň näme üçin üýtgeýändigini dürli-dürli düşündirýärler, käbirleri bu ýagdaýy uzak wagtlap dowam edip gelýän guramaçylyk tejribeleri we däp-dessurlar bilen baglanyşdyrsa, käbirleri bu ýerde syýasatyňsebäp bolýandygyny öňe sürýär.

Dünýäde tassyklanan koronawirus näsaglarynyň iň köp görkezijileri Birleşen Ştatlara we Russiýa degişli.

20-nji maýda Birleşen Ştatlarda bu dertden ölenleriň sany iň ýokary resmi görkeziji boldy.

Emma muňa garamazdan, koronawirusda ölenleriň sany boýunça 19-njy ýerde durýan Russiýa, Moskwanyň usulyýetinde nähildir bir näsazlyklaryň bardygyny çak edýän hünärmenleriň şübhelenmegi sebäpli, gözegçiligiň güýçlendirmegine sebäp bolýar.

Eýsem Birleşen Ştatlar koronawirusdan ölýänleriň sanyny köp sanap, Russiýa az sanap bilermi?

Dünýädäki ýurtlaryň köpüsi Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) koronawirus ölümini klassifikasiýa etmek üçin kesgitlän görkezmelerini ýerine ýetirmäge synanyşýar: "COVID-19 sebäpli ölüm başga bir kesele (meselem, rak) dahylly hasaplanyp bilmez we COVID-19-yň agyr ugruna sebäp bolmakda güman edilýän şertler esasynda, garaşsyz ýagdaýda sanalmalydyr."

Başgaça aýdylanda, adamyň ýürek keseli bar bolsa, soň koronawirusa ýolugsa, soň ölse, ony koronawirus ölümi diýip hasaplamaly. Süýji keseli ýa-da pnewmoniýa ýaly dem alyş keselleri babatynda hem edil şonuň ýaly.

"Pandemiýa öwrenilende, mümkin boldugyça berk sanamaly, soňundan başga ýagdaýlara bölüp bilersiňiz" diýip, Belgiýanyň esasy saglygy goraýyş edarasy Sciensanonyň wirus lukmany Stiwen Wan Guç (Gucht) aýdýar.

Hünärmenler koronawirus ölüminiň statistikasynyň näme üçin üýtgeýändigini dürli-dürli düşündirýärler, käbirleri bu ýagdaýy uzak wagtlap dowam edip gelýän guramaçylyk tejribeleri we däp-dessurlar bilen baglanyşdyrsa, käbirleri bu ýerde syýasatyň funksiýalarynyň üýtgemeginiň sebäp bolýandygyny öňe sürýär.

ABŞ-nyň Jon Hopkins uniwersitetiniň, ýokanç keseller baradaky maglumatlar bazasy iň abraýly hasaplanýan guramanyň pikiriçe, ölüm mukdaryndaky tapawutlara ilat arasynda geçirilen synaglaryň sany ýaly zatlar sebäp bolup biler: Synag näçe köp bolsa, şonça-da köp adamda ýumşagrak näsaglyk ýagdaýlary kesgitlenýär we bu ýagdaý ölüm hadysalaryna bolan gatnaşygy peseldýär.

Mundan başga-da, ilat näçe uly ýa-da hassa bolsa, ölüm derejesi şonça ýokary boljaga meňzeýär. Her ýurduň saglygy goraýyş ulgamy hem goşmaça bir faktor bolup durýar. Mysal üçin, hassahanalaryň we lukmanlaryň sany we hili kesel ýokaşan näsaglaryň bejergisine we sagalmagyna täsir edýär.

Birleşen Ştatlarda Saglygy goraýyş we kesellere garşy göreşmek boýunça esasy döwlet edarasy bolan Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleri öz statistikasynyň ABŞ-nyň ähli 50 ştatyndan Milli möhüm statistika ulgamyna girizilen sanlara esaslanýandygyny aýdýar.

Statistikanyň kemçilikleriniň arasynda wagt gijikmesi hem bar: COVID-19 ölüminiň görkezjileriniň gaýtadan işlenmegi, kodlaşdyrylmagy we tertibe salynmagy birnäçe hepde wagt alyp biler we olar diňe şondan soňra milli sanlarda görkeziler.

Muny COVID-19 atlandyr

Russiýada koronawirusa ýokaşan köp adamyň ölüminiň beýleki keseller ýa-da şertler bilen baglanyşyklydygy baradaky subutnamalaryň köpelmegi netijesinde has düýpli bir mesele bar.

Saglygy goraýyş ministrliginiň ýokanç keseller bölüminiň başlygy Ýelena Malinnikowa 4-nji maýda ölüm derejesiniň pesliginiň synag we näsaglaryň çalt ýüze çykarylmagy bilen bagly bolandygyny öňe sürdi.

Emma astrahanly şepagat uýasy Anna Lopatina öýken keselinden ölen hökmünde hasaba alnan-da bolsa, koronawirusdan ölen merhum ýaly jaýlandy.

Russiýa 7,5 milliondan gowrak synag geçirdi we giň milli synag maksatnamasy üçin öwgüli sözlere mynasyp boldy.

Emma şu aýyň başynda "The Moscow Times", "The New York Times" we "Finansal Taýms" ýaly habar beriş serişdeleriniň aprel aýynda Moskwada ölüm derejesiniň deslapky derejesini gözden geçirip, olaryň ortaça derejeden görnetin ýokarydygyny anyklamagy bilen, Russiýanyň resmi sanlaryna, eýýäm derňew astynda bolan görkezijilerine has köp ünsi çekdi.

Bu Daşary işler ministrliginiň gaharly ýazgarylmagyna sebäp boldy.

Russiýanyň BSG-yndaky wekili hem ýurduň sanlaryna bildirilýän şübhäni kiçeltmäge synandy.

Moskwa Döwlet uniwersitetiniň we Moskwanyň Ýokary ykdysadyýet mekdebiniň dosenti Mihail Tamm Azatlyk radiosynyň Rus gullugyna Russiýanyň käbir sebitlerinde ýerli edaralaryň berýän hasabaty we statistika hasabaty bilen baglylykda şeýle ölümlerde iki dürli gapma-garşylygyň bardygyny aýtdy.

Tamm Moskwada şäher saglygy goraýyş ministrliginiň koronawirus ýokaşan näsaglaryň 60 göteriminden gowragyny ölüm statistikasyna goşmaýandygyny aýtdy. Koronawirus diňe beýleki keselleriň ösmegi üçin "katalizator" hasaplandy diýip, ol belledi.

Bu bilgeşleýin alnan syýasy kararmy ýa-da Russiýanyň deň derejede ejir çekmeýändigi baradaky düşünjäni azaltmak üçin edilýän zat, bu açyk sorag.

"Biz Orsýetde ölüm görkezijileriniň adatdan daşary pes bolmagynyň birnäçe faktorynyň bardygyny aýdyp bileris, bular hakynda Moskwa häkimiýetleri açyk ýazlar we ol bize kem baha bermegiň nähili uludygyny aýtmaga esas berýär" diýip, Tamm aýtdy.

Umumy koronawirus sany sorag astyna alnan beýleki ýurtlaryň arasynda aprel aýynyň başynda tassyklanan ýagdaýlar boýunça öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolan Eýran hem bar. Geçen aýda häkimiýetler sekiz sebitde "ýokarlanýan tendensiýany ýa-da iň ýokary derejäniň başlangyjyny" bellän hem bolsalar, welaýat sanlaryny çap etmegi bes etdi.

Jon Hopkins uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, 20-nji maýda ýurtda 7119 adamyň ölendigi habar berildi, bu sanlar ýurtlaryň hökümetleriniň hasabatlaryna esaslanýar.

Bir tarapdan 9108 adam bilen ölenleriň sanawynda bary-ýogy ýedinji orunda durýan Belgiýa dünýäde ölüm derejesi iň ýokary bolup, her 100,000 adama 79,50 merhum düşýän ýurt hem bar.

Deňeşdirilende, ABŞ-nyň görkezijileri üçden bire deň: 27.61. Russiýada 100,000 adama 1,88 merhum düşýär.

Belgiýa hökümetiniň metbugat sekretary Iw Wan Laethem şu aýyň başynda ýurduň bu kesel sebäpli adatdan daşary weýran bolandygy baradaky düşünjeleri ýok etmäge synanyşdy. Munuň sebäbi häkimiýetleriň koronawirusyň ýurtda bolan wagtynda "artykmaç ölümleriň" yzyny çalmagy bilen bagly.

Bu görkeziji, geçen statistikalara esaslanyp, şol döwürde garaşylyp biljeginden has köp adamyň ölmegi bilen bagly, ýagny Moskwada žurnalitleriň aprel aýynda tapan görkezijilerine meňzeş.

"Biziň zatlary sanamak usulymyz ylmy taýdan iň dogry we dogruçyl usul" diýip, Wan Laethem 15-nji maýda aýtdy.

COVID-19-a sebäp bolýan koronawirusyň örän täzelikde ýüze çykmagy bilen baglylykda, köp ýurt oňa nädip garşy durmalydygyny we ölümi nädip klassifikasiýa etmelidigini bilmeýärdi diýip, belgiýaly wirus lukmany Wan Guç aýtdy. Bu ýagdaý has kän maglumat we görkeziji toplanandan soň üýtgedi.

"Ýurtlaryň wirus sebäpli öz abraýyndan alada galmagy birneme samsyklyk. Bu hiç kimiň ýalňyşlygy däl. Bu tebigatyň güýji. Siz bu meseläni çözmäge synanyşýarsyňyz" diýip, Wan Guç Azatlyk radiosyna beren interwýusynda aýtdy. "Bu ýurtlaryň arasyndaky abraý babatynda aşa kän basdaşlygyň ýüze çykmagyna alyp geldi" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Bu birneme syýasy mesele, sebäbi biz, jemgyýetçilik saglygyny goraýan alymlar hökmünde, bir ýurduň beýleki ýurtlardan has gowy ýa-da erbet görünýändigi bilen gyzyklanamzok" diýip, ol aýtdy. "Biz mümkin boldugyça gysga wagtda mümkin boldugyça kän maglumat isleýäris."

Wirus syýasaty?

Mundan başga, statistikasy düýpden göz öňüne getirip bolmajak ýurtlar hem bar: Türkmenistan şu güne çenli wirus hassalary ýüze çykarylýan ýurtlar tarapyndan gurşalanlygyna garamazdan, koronawirus keseli bilen kesellän bir adam hakynda hem maglumat bermedi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň özi ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň administrasiýasy we beýleki hökümetler tarapyndan berk tankyt edildi. Tankytlaryň köpüsi guramanyň bu keseliň noýabr we dekabr aýlarynda ilkinji gezek ýüze çykan ýurdy bolan Hytaý bilen gatnaşygy we onuň awtoritar hökümetler üçin syýasy örtük döredendigi barada aýdylýanlara gönükdirildi.

Bu guramanyň ýerli wekilleri hem tankyt edilýär. Mysal üçin, Täjigistanda häkimiýetler birnäçe hepdeläp hiç hili wirus ýokaşmasynyň ýokdugyny aýdyp aýak depdiler, BSG-nyň bu ýurtdaky wekiliniň, şeýle-de guramanyň prezidentiniň tassyklanan pozisiýany, halkara hünärmenleriniň sosial aralyk çäklendirmelerini girizmek baradaky duýduryşlaryny, keseliň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen beýleki çäreleri äsgermezlik etdi.

Emma muňa garamazdan, Täjigistanyň häkimiýetleri 30-njy aprelde ýurduň ilkinji wirus näsagyny yglan etdiler; 19-njy maýda 2000-e golaý tassyklanan wirus näsagy, bu derrtden ölen 41 adam hasaba alyndy.

BSG-nyň Ženewadaky baş edarasynyň metbugat sekretary Jeýms Aldwort Azatlyk radiosyna beren interwýusynda maglumatlaryň üýtgemeginiň hasabat beriş usullarynyň we synag strategiýalarynyň bir ýurtdan beýlekisine garanda tapawutly bolmagy bilen düşündirilýändigini aýtdy.

"Şonuň üçin agyrlyk baradaky maglumatlaryň bir sebitden başga sebite üýtgäp durmagy adaty bir zat däl, sebäbi keseliň ýaýramagynda we ýaýbaňlygynda ýerli kontekst rol oýnaýar" diýip, ol AÝ/AR-a hat üsti bilen beren jogabynda aýtdy.

"Köp ýurt aslynda COVID-19 sebäpli ýüze çykýan ölümleri anyklamak üçin göreşýär" diýip, ol aýtdy.

Aldwort BSG-nyň käbir halatlarda koronawirus barada düzüwli maglumat bermedik awtoritar hökümetlere syýasy penakärlik edendigi baradaky soraglara jogap bermedi.

XS
SM
MD
LG