Gazagystanyň Türküstan sebitiniň häkimiýetleriniň maglumatyna görä, goňşy Özbegistandaky Sardoba suw howdanynyň bendiniň böwsülmegiMaktaaral etrabynyň dört obasyndan takmynan bäş ýarym müň adamyň ewakuasiýa edilmegine alyp geldi.
Häkimligiň maglumatyna laýyklykda, Özbegistanda suw howdanyndaky suwuň derejesini peseltmek üçin serhetýaka suw ýygnaýjylaryny suwdan dolduryldy.Maktaaral etraby bilen serhetde ýerleşýän suw ýygnaýjy dolup-daşdy wesuw Türküstan sebitiniň ilatly nokatlarynyň üstüne gaýtdy.
Ýerli häkimiýetler 2-nji maý gijesinde tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.
Pidalar ýa-da şikesler barada habar ýok. Sebitiň häkimi Umirzak Şukeýewiň tassyklamagyna görä, Ženis, Žana Turmys, Nurly jol, Sartobe obalarynyň ýaşaýjylary ewakuasiýa edildi.
Häkimiýetleriň habar bermegine görä, obalylaryň köpüsi özbaşdak gidipdir we 700 hukuk goraýjy işgär - polisiýa we harbylar beýlekileri ewakuasiýa etmek üçin bu ýere iberilipdir.
Sebitiň häkimi altynjy gün irden ilatyň arasynda "howsala dörändigini" aýtdy we gije adamlaryň "awtoulaglara münüp, baş-başdaklykda çykyp gidengini” sözüne goşdy.
Häkimiýetleriň habar bermegine görä, etrabyň dolandyryş merkezi Myrzakentde mekdepler ewakuasiýa nokatlaryna öwrüldi.
Sardoba suw howdanynyň bendi 1nji maýda böwsüldi.
Özbegistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň habaryna görä, Sardoba sebitiniň Kurgantepa obasyny suw basdy. Suw howdanyna ýanaşyk ýerleriň 11 müňden gowrak ýaşaýjysy ewakuasiýa edildi. 2017-nji ýylda gurlan bu suw howdany 922 million kub metr suw saklaýar.